Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1308

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

 

76 golçy: «Aşgabatdan» Wekil Kadyrowyň, «Ahaldan» Gurban Annaýewiň, «Energetikden» Döwlet Mirsoltanowyň, «Ahaldan» Ata Geldiýewiň, «Altyn asyrdan» Merdan Muhadowyň goşulmagy bilen, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 76-a çykdy.

Iň golly tapgyr: Tapgyrda derwezelere 14 pökgi girizildi. Bu netije bolsa 20-nji tapgyryň şu möwsümdäki iň köp gol geçirilen tapgyr bolmagyny üpjün etdi.

195 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 195-e çykdy.

 

“Nebitçi” – “Aşgabat” – 1:2

Gollar:  Aşyrgeldi Ylýasow 54 (11 m.j.u.) ―  Boris Iwanow 8, Wekil Kadyrow 65.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 1:2

Möwsüm boýunça: 3:4.

 

«Nebitçi» 10-njy gezek ýeňildi: Öz meýdanynda «Aşgabatdan» asgyn gelen «Nebitçi» möwsümde 10-njy gezek ýeňildi. Ol 20 duşuşykda 10 ýa-da ondan hem köp ýeňlen üçünji topar boldy. Häzir «Merwde» 14, «Aşgabatda» 12 utulyş bar. Ýeri gelende aýtsak, yzda galan 20 tapgyrda iň az ýeňlen topar ýaryşyň lideri «Altyn asyrdyr». «Aragatnaşykçylar» möwsümde diňe ýekeje gezek ýeňildiler.

 

Utugyny deňledi: Myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykan «Aşgabat» utugyny 20-ä tegeläp, tapgyrdaky garşydaşy bilen utuk babatynda deňleşdi. Häzir bu toparlar ýaryşyň 6-njy we 7-nji orunlaryny paýlaşýarlar.

 

 “Ahal” – “Merw” – 1:0

Gol:  Gurban Annaýew 23.

Birinji aýlawda: 3:0

Ikinji aýlawda: 1:0

Möwsüm boýunça: 5:0

 

«Ahal» 10-njy ýeňşini gazandy: Bu ýeňiş «Ahalyň» Ýokary liganyň şu möwsümindäki 10-njy ýeňşidir. Amangylyç Koçumowyň şägirtleri möwsümde 10 ýeňişlik sepgide ýeten üçünji topar boldy.

 

 “Energetik” – “Şagadam” – 1:3

Gollar:  Döwletgeldi Mirsultanow 49 ―  Baýramgeldi Nurlyýew 1(11 m.j.u.), Ata Geldiýew 26, Kerim Hojaberdiýew 47.

Birinji aýlawda: 2:2

Ikinji aýlawda: 1:4

Möwsüm boýunça: 4:9

 

«Şagadam» 30 goldan geçdi: Duşuşygyň 1-nji minudynda Baýramgeldi Nurlyýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly «Şagadamyň» şu möwsümdäki 30-njy goludyr. Mundan ozal 30 golluk sepgide diňe «Altyn asyr» ýetip bilipdi. Soňky tapgyrlarda garşydaşlaryny uly hasaplar bilen ýeňýän «aragatnaşykçylar» möwsümde 47 gol geçirdiler.

Mirsoltanow «Energetigiň» 40-njy golçusy: Döwletgeldi Mirsoltanow Ýokary ligada 2015-nji ýyldan bäri çykyş edýän «Energetigiň» düzüminde tapawutlanan 40-njy futbolçy boldy.

«Şagadam» 1000-nji utugyny gazandy: Bu ýeňişden soňra «Şagadam» Ýokary ligada jemi gazanan utugyny 1000-e deňledi.

 

 “Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 5:1

Gollar:  Mihail Titow 6, 50, 78, Resul Hojaýew 54, Merdan Muhadow 87 (11 m.j.u.) ―  Baýramgeldi Gulmaýew 25.

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 1:0

Möwsüm boýunça: 8:1

 

Titow 3 tapgyrda 5 gol geçirdi: Ýakynda şikesden açylan Mihail Titow möwsümdäki soňky 3 tapgyrda 5 gol geçirdi

Titow Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi: Şeýlelikde, Mihail Titowyň Ýokary ligada geçiren gollarynyň sany 30-a tegelendi.

Iň köp golly duşuşyklaryň biri: 6 gol bilen tamamlananan bu duşuşyk şu möwsümdäki iň köp golly duşuşyklaryň biridir. Mundan ozal diňe bir duşuşyk 7, bir duşuşyk hem 6 gol bilen tapawutlanypdy. Täsin tarapy, şol duşuşyklardaky ýeňijileriň üçüsi hem «Altyn asyrdyr».

Titow «Altyn asyryň» 10-lugynda: «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligadaky 16-njy goluny geçiren Mihail Titow topar bilen 2013-nji ýyldan bäri iň köp tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi. Ol 9-njy orundaky Berdi Şamyradowdan 1, 8-nji orundaky Arslanmyrat Amanowdan 3 gol yzda.

Titow ikinji het-trikçi: Mundan ozal diňe 15-nji tapgyrda Pirmyrat Sultanow het-trik edip bilipdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar