Soňky habarlar

Arhiw

Tomusky dynç alyşdan soň mekdebe nähili taýýarlyk görmeli?

0
9836

Bilşimiz ýaly, sanlyja günlerden mekdebiň gapylary açylyp, kimi üçin ilkinji ädim, kimi üçin bolsa soňky okuw ýyly bolar. Okuwçylar we ene-atalar mekdebe nähili taýýarlyk görmeli? Bu barada gysgaça gürrüň bereris.

Ir ýatyp, ir turmak tertibine öwrenişmek

Tomusky dynç alyşda çagalar giç ýatyp, giç turmagy endik edinen bolsalar, mekdep döwründe bu tertip düýbünden üýtgeýär. Şol sebäpden, çagalary irräkden ýatmaga endik etdirmeli. Ir ýatana ir turmak aňsat düşer.

Egin-eşik satyn almak

Elbetde, mekdebiň düzgün-nyzamy diýlende, ilkinji ýada düşýän zat –egin-eşik. Adatça, egin-eşik tertibi ähli mekdeplerde meňzeş bolýar: oglanlar üçin ak köýnek, gara balak, gara galstuk, gara penjek, gyzlar üçin bolsa ýaşyl köýnek, ak fartuk (mekdeplere görä üýtgäp biler) we ikisi üçin tahýa, gara köwüş we baýdajyk nyşany. Egin-eşik tertibini mekdepden sorap bilmek bolar, olar adatça mekdebiň maglumat tagtalarynda hem ýerleşdirilen bolýar. Egin-eşikleri çalşarlyk üçin 2 adatda satyn almaklyk maslahat berilýär. Islege görä, oglanlar üçin penjek gijräk hem alynsa bolar, sebäbi güýzüň ilkinji aýlarynda howa ýyly bolýar we oglanlar mekdebe köýnekçil gatnaýarlar. Şeýle hem, bedenterbiýe sapagy üçin sport egin-eşiklerini we aýakgabyny almagy hem ýatdan çykarmaň.

Torba (портфель) satyn almak

Okuwçy üçin möhüm zatlaryň ýene-de biri – onuň torbasy. Torbany okuwçynyň ýaşyna we okaýan synpyna görä satyn almaly. Eger okuwçy baş synplarda okaýan bolsa, uly torba satyn alynmaly däl, özüne laýygy alynmaly. Torba arka dakylýan, balak we penjek bilen reňkdeş satyn alynsa maksada laýyk bolar.

Okuw esbaplaryny (kanselýar harytlary) satyn almak

Depderiň her görnüşinden azyndan on-ondan, 1 sany gündelik, 3-4 sany ruçka we galam, reňkli kagyzlar, 2 sany pozguç, 2 sany galam artylýan, dürli jetweller, kitap we depderler üçin daşlar we beýleki esbaplar satyn alynmaly. Bulary birnäçe mukdarda satyn almak maslahat berilýändiginiň sebäbi – okuw esbaplary ýitende, ätiýaçlygyny ulanmak üçin.

Çagany başlangyç bilime taýýarlamak

Eger çaga ilkinji synpa barýan bolsa, ene-atalara çagany başlangyç bilime taýýarlamak maslahat berilýär. Meselem, harplary, sanlary öwretmek, kiçiräk matematiki hasaplamalary öwretmek, surat çyzmagy, reňkli kagyzlardan şekiljikleri ýasamagy, kiçiräk tekstleri okamagy öwretmek we ş.m. Şeýle ýagdaýda, çaga mekdebe baranda sapaklara aňsatlyk bilen düşüner we kynçylyk çekmez.

Öý işleri etmäge öýde ýörite burçy taýýarlamak

Çagalara kiçi ýaşda näme öwredilse, ulalanda hem şoňa endik ediner. Mekdep okuwçylaryna başdan öý işleri etmegi endik etdirmek, öý iş üçin aýratyn burç taýýarlamak wajyp bolup durýar. Mümkinçilige görä öý işleri etmäge stol, stul, stol yşygy satyn alynsa maksada laýyk bolar.

Her ýylda bolşy ýaly, ýaňy ýakynda ýurdumyzda mekdep bazarlarynyň açylandygyny hem ýatladýarys. Bu barada şu ýerde ýazypdyk.

Ene-atalar üçin bellik: bulardan başga-da, çagalaryňyza goldaw berip, olar üçin umyt bolmaly we esasy zat – olaryň başarjaň boljakdygyna ynanmaly.

Mekdep – okuwçynyň durmuşynyň bir bölegi. Mekdepden daşary hem onuň durmuşy ýagty we gyzykly bolmaly, ene-atalar hem öz gezeginde olaryň boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik döretmeli.

 

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar