Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2019: Çärýek finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1436

“Altyn Asyr” – “Nebitçi” – 1:0

Gol: 27 Murat Ýakşiýew (“Altyn Asyr”)

“Energetik” – “Aşgabat” – 0:2

Gollar: 7 Gahrymanberdi Çoňkaýew, 61 Atageldi Geldiýew (“Aşgabat”)

“Şagadam” – “Köpetdag” – 0:0

“Ahal” – “Merw” – 2:0

Gollar: 2 Didar Durdyýew, 14 Abdy Bäşimow (“Ahal”)

10 futbolçy tapawutlandy: Şu duşuşyklardan soňra, şu ýylky ýaryşda tapawutlanan futbolçylaryň sany 10-a deňlendi.

Ýeke-täk: «Şagadam» ― «Köpetdag» duşuşygy Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da hasap açylmadyk ilkinji duşuşykdyr.

Dört möwsümiň bombardiri: Biziň Türkmenistanyň kubogy bilen bagly 2016-njy ýyldan bäri ýöredip gelýän sanawymyzda iň netijeli futbolçylaryň başyna Myrat Ýagşyýew geçdi. «Nebitçi» bilen geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk goluň awtory, gürrüňi edilýän möwsümden bäri Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda 7-nji goluny geçirdi.

Üçünjilige şärik: 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň kubogyndaky 5-nji goluny geçiren Didar Durdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda Öwezbaý Muhammetmyradow hem-de Süleýman Muhadow bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýar. Ýeri gelende aýtsak, sanawyň ikinji ornunda 6 gol bilen häzir «Dordoýda» çykyş edýän Wahyt Orazsähedow bar.

Dört möwsümde 75 golçy: Şu duşuşyklardan soň Türkmenistanyň kubogynyň soňky dört möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 75-e çykdy. Olaryň 27-si bu ýaryşda azyndan iki gezek tapawutlanan futbolçylardyr.

Gollar birinji sepgitden geçdi: Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da geçirilen gollar birinji 10-lukdan geçdi we diňe şu ýyl geçirilen gollaryň sany 11-e deňleşdi.

Häzir hem «Merw»: Çärýek finala şowsuz başlan hem bolsa, «Merw» häzir hem Türkmenistanyň kubogy ― 2019-da garşydaş derwezelere iň köp pökgi geçiren topardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar