Soňky habarlar

Arhiw

Hazaryň türkmen kenaryndaky serginiň "ilkinjileri"

0
1680

Birinji Hazar ykdysady forumynyň birinji gününe aýratyn öwüşgin beren Hazar innowasiýa tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy ― 2019» atly halkara awtosergi aýratynlyklara baý boldy. Olar baradaky gürrüňi näçe uzaltsaň, uzaldybermeli. Ýöne biz şu çaklaňja makalada Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen bu goşa serginiň käbir «ilkinjileri» barada gürrüň etmegi makul bildik. Olar aýratyn ünsi çekeniňe degýär.

― Bu sergileriň ikisiniň hem Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändigi olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

― Sergide başlangyjy hormatly Prezidentimize degişli «Aşgabat-siti» taslamasy halk köpçüligine ilkinji gezek görkezildi.

― Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ilkinji gezek görkezilen robot tehnologiýasynyň küştdepdisi we robot balyklary «Türkmen sährasy ― 2019-a» aýratyn öwüşgin çaýdy.

― «Bouygus Turkmen» kompaniýasynyň gurluşyk tertiplerini sanly görnüşe geçirmek taslamasy şu sergide ilkinji gezek tanyşdyryldy.

― Döwlet migrasiýa gullugynyň pawilýonynda sergä gatnaşyjylar biometrik pasport üçin onlaýn ýüztutmanyň işleýşi hem-de mobil biometrik enjamy bilen ilkinji gezek tanyş boldular.

― Döwlet gümrük gullugynyň bölüminde bolsa «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ilkinji gezek halk köpçüligine görkezildi. Ulgam gümrük işini elektron görnüşinde dolandyrmaga, gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň gözegçiligini hem-de monitoringini awtomatlaşdyrmaga hem-de köp sanly beýleki döwrebap mümkinçiliklere şert döredýär.

― Ýurdumyzyň maliýe we bank toplumynyň bölüminde OR kod bilen töleg, onlaýn usulda demir ýol peteklerini satyn almak we ýörite programmanyň kömegi bilen hyzmatlaryň birnäçesi boýunça onlaýn tölegi geçirmek ýaly täzelikler ilkinji gezek halkara sergide görkezildi.

― Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bölüminde ilkinji gezek köpçülige görkezilen sanly bilim portaly hem aýratyn üns çekmäge mynasypdyr. Türkmen talyplary tarapyndan döredilýän we ýakyn geljekde Internet ulgamyna birikdirilmegine garaşylýan portal ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky uly öwrülşik bolar.

Bu sananlarymyz Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän serginiň diňe käbir «ilkinjileri». Olar bolsa barmak büküp sanardan, asyl-ha bir makalada sanap soňuna çykardan has kän. Birinji Hazar ykdysady forumyna, hut, şeýle sergi hem ýaraşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar