Muny bilmek peýdaly: «Windows 10»-da gijeki iş tertibi

0
29965

Agşamlaryna, garaňkyda kompýuter başynda işläp gören bolsaňyz gerek. Yşygy örän ýagty bolan ekranda hat ýazmak ýa-da dürli işler bilen meşgullanmak gözüňiziň ýadamagyna eltýär. Şular ýaly ýagdaýlarda ekranyň yşygynyň örän ýagty bolan ýerlerini ýapyga, gözüňiziň öwrenşäýjek reňkine öwrüp bolarmy? Bu soraga makalamyzda jogap taýýarladyk.

“Windows 10” operasion ulgamynda gijeki iş tertibini işletmek

  1. Syçanjygyň çep düwmesi bilen “Центр уведомлений” şekiljigiň üstüne basyň. Bu şekiljik ýumuşlar panelinde, sagadyň sag tarapynda ýerleşdirilen.
  2. Gijeki iş tertibini işjeň ýagdaýa getirmek üçin açylan menýudan “Ночной свет” ýazgyly dörtburçyň üstüne basyň. Ýazga ikinji gezek basylanda gijeki iş tertibi işjeň däl ýagdaýa gelýär.
  3. Açylan menýuda “Ночной свет” ýazgysyny tapmasaňyz, “Развернуть” diýleni saýlamaly we menýudaky ähli ýazgylar görüner.

“Windows 10” operasion ulgamynda gijeki iş tertibiniň sazlanylşy

  1. Ýumuşlar panelinden “Центр уведомлений” penjiresini açyň.
  2. “Ночной свет” ýazgyly dörtburçyň üstüne syçanjygyň sag düwmesi bilen basyň we “Перейти к параметрам” ýazgysyny saýlaň.
  3. Açylan penjirede “Параметры ночного света” saýlaň.
  4. Netijede gijeki reňk sazlamalaryny (Цветовая температура ночью) ýerine ýetirip bilersiňiz. Reňkler hakyky wagt tertibinde sazlanylýar.

“Windows 10” operasion ulgamynda gijeki iş tertibini awtomatlaşdyrmak

“Windows 10”-da gijeki iş tertibiniň awtomatiki usulda işjeňligini sazlamak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

  1. Ýumuşlar panelinden “Центр уведомлений” penjiresini açyň.
  2. “Ночной свет” ýazgyly dörtburçyň üstüne syçanjygyň sag düwmesi bilen basyň we “Перейти к параметрам” diýen ýazgyny saýlaň. Açylan penjirede “Параметры ночного света” ýazgynyň üstüne basyň.
  3. “Запланировать” diýlen ýerde düwmäni saga süýşürip, “Вкл.”, ýagny işjeň ýagdaýa geçiriň. Soňra bolsa gijeki iş tertibiniň işjeň wagtlaryny girizip sazlap bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar