Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat siti ― şäher içindäki şäher

0
149612

Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň demirgazygynda guruljak täze şäheriň taslamasy bilen tanşandygy baradaky habarymyzy eýýäm şu gün irden okan bolsaňyz gerek. Bu ýerde amala aşyryljak geljekki gurluşyklaryň çyzgylary, binagärlik toplumlarynyň bölekleýin görnüşleri hem-de ýol-ulag düzümleriniň desgalary, hakykatdan-da, aklyňy haýran edýär. Olar «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan täze ýaşaýyş toplumynyň nähili keşpde boljakdygy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Hakykatdan-da, Aşgabadyň demirgazygynda - Çoganly ýa-da birmahallar ilatyň arasynda "Daça" diýlip atlandyrylýan ýerde guruljak Aşgabat siti öz içine nähili desgalary alar. "Turkmenportal" şu makalasynda okyjylaryny bu ýerde alnyp baryljak desgalar bilen tanyşdyrmagy makul bildi. Munuň üçin biz TDH-nyň habarlaryna esaslanyp, ýörite sanaw düzdük:

  • täze ägirt uly toplum 200-den gowrak binany öz içine alar;
  • bu toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr;
  • bu ýerde 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär;
  • toplumdaky öýleriň umumy 17 müň 836 bolar;
  • tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir;
  • ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary Aşgabat şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy;
  • taslamada ýaşaýyş jaýlaryndan başga göz öňünde tutulýan desgalar:
  • etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalary;
  • 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-si;
  • körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň 4-si;
  • Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalary;
  • köpugurly hassahana;
  • saglyk öýleriniň ikisi;
  • söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi;
  • dükanlar we garbanyşhanalar;
  • stadion hem-de sport toplumy;
  • «Toý mekany» dabaralar merkezi;
  • köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi;
  • «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary;
  • ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar:
  • her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi;
  • her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si;
  • her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si;
  • 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy;
  • her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy;
  • daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy;
  • 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si;
  • her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si.

Şeýle taslamalar dürli şäherlerde we ýurtlarda amala aşyryldy. Olar esasan hem täjirçilik, işewürlik häsiýetine eýe boldy. Şoňa görä-de, olarda dürli desgalar, köplenç, dürli buýrujylaryň we dürli kompaniýalaryň buýurmasy boýunça gurlupdy. Biziň ýagdaýymyzda bolsa taslamanyň üstünde ony işläp taýýarlaýjylaryň, arhitektorlaryň, dizaýnerleriň, inžener-konstruktorlaryň we beýleki köp sanly hünärmenleriň uly bir topary işledi. Munuň özi her bir desganyň döredijilik özboluşlylygynda desgalaryň ählisiniň çeperçilik bitewüligini üpjün etdi.

Bu ýerde innowasiýalaryň ählisi adamlaryň abadançylygyna, olaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklaryna, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder.

Aşgabat siti Türkmenistanyň we onuň paýtagtynyň nobatdaky täsinligine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar