Soňky habarlar

Arhiw

Windows Virtual Desktop

0
26580

“Microsoft” kompaniýasy birnäçe wagtdan bäri adaty kompýuterleriň (PC) oruntutaryny taýýarlap gelýär. Ýaňy ýakynda ulanyjylar täze “Windows Virtual Desktop” önümi bilen tanyşdyryldy.

“Windows Virtual Desktop” – “Microsoft” kompaniýasy tarapyndan çykarylmagy meýilleşdirilýän täze önüm bolup, adaty kompýuterlerde ýerine ýetirilýän ähli işleri kompaniýanyň ýörite wirtual (hyýaly) bulutlarynda (“cloud” – belli torlaryň toplumy manysynda ulanylýan adalga)  ýerleşýän, işleňligi güýçli bolan kompýuterlerde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

“Windows Virtual Desktop”-yň çykmagy bilen, kompýuterleriň prosessor güýji, operatiw we hemişelik ýady ýaly işjeň häsiýetnamalaryň zerurlygy aradan aýrylar. “Windows Virtual Desktop”-yň maksady – ulanyjylara internetiň üsti bilen ýörite güýçli häsiýetnamaly wirtual (hyýaly) kompýuterde işlemäge mümkinçilik döretmek. Bu diýmek, gelejekde adaty kompýuterler satyn alnanda olaryň işjeň häsiýetnamalaryna üns berilmezden, ýönekeý kompýuterleri hem satyn almak bolar. Ýagny, ulanyjylar islendik programmada işlände kompýuteriň öz işjeň güýjüni ulanman, “Microsoft” kompaniýasynyň buludynda ýerleşýän wirtual kompýuterden peýdalanarlar. “Windows Virtual Desktop” - “Windows wirtual iş stoly”, ýagny ähli kompýuterlerde bar bolan iş stoluň wirtuallaşmagydiýip terjime edilýär. Şuňa meňzeş wirtual önümler diňe “Microsoft” kompaniýasynda däl, eýsem “Google” (“Chrome OS” önümi), “Oracle” (“Oracle Secure Global Desktop” önümi) we ş.m. kompaniýalarda bardygyny hem belläp geçsek maksada laýyk bolar.

“Windows Virtual Desktop” 2020-nji ýyla çenli doly işlenip taýýarlanylar we satuwa çykarylar diýlip internet maglumatlarynda aýdylýar. Şu ýerde önüm hakda belläp geçilmeli iň amatly taraplarynyň biri – hyzmatdan diňe ygtyýarlandyrylan görnüşde peýdalanyp boljakdygy we ulgamyň maglumat bazalarynyň yzygiderli täzelenip durjakdygy, hyzmatyň ygtyýarlanmadyk (kräk) görnüşlerini  bolsa taýýarlap bolmazlyk mümkinçilikleriniň bolmagy.

Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, gelejekde kompýuter ulanyjylaryň aglaba bölegi kompýuteriň ulgam blogunyň ýerine, monitoryň gapdalynda goýulýan terminal enjamyny (týunerlere meňzeş) ulanarlar we işlenilende wirtual operasion ulgamyndan (bulutdan) peýdalanarlar.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar