Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň eksportynyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri

0
9111

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan Beýik Britaniýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilen treninga telekeçileriň we ýerli işçi guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

  • Türkmenistanyň eksportçylary üçin trening ÝTÖB tarapyndan Beýik Britaniýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda geçirildi
  • Telekeçiler daşary söwdanyň iň soňky tejribeleri we eksportyň osüş strategiýasy bilen tanyşdylar
  • Trening daşary ýurtlaryň söwda wekillikleriniň we ýerli işçi guramalarynyň gatnaşmagynda geçirildi

Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçileri, 2019-njy ýylyň 20-22 fewraly aralygynda  Aşgabat şäherinde geçirilen üç günlik ýöriteleşdirilen treninginiň netijesinde, täze eksport mümkinçilikleri özleşdirmek hem strategik ösüşini has-da gowy meýilleşdirmek üçin has taýýarlykly bolarlar.

«Ekportyň we söwdanyň maliýeleşdirilmeginiň öňde barýan tejribeleri» atly trening ÝTÖB tarapyndan Beýik Britaniýanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanyldy. Bu treninga Türkmenistanyň öňde barýan 25 hususy eýeçilikdäki kärhanalarynyň wekilleri ýygnandylar. Treninga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Sowda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Goňşy ýurtlaryň Söwda Wekillikleriniň wekilleri şol ýurtlara eksport mümkinçilikleri barada telekeçilere habar berdiler. Bu trening ýerli öndürijileriň eksport kuwwatlykllaryny ýokarlandyrmaga we olaryň daşary söwda amallaryny ösdürmegine gönükdirilendir.  

ÝTÖB, Beýik Britaniýanyň hökümeti ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň halkara bazarlaryna mundan beýläk hem goşulmagyny goldaýar. Bu ugrdaky tagallalar ÝTÖB-nyň we Ýewropa Birleşiginiň tarapyndan maliýeleşdirmek we ekspert maslahat bermek görnüşinde ýerine ýetirilip, ýurdyň eksportyny ösdürmek boýunça hökümetiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir.

Telekeçiler has gowy netijeler almak üçin, eksport bilen bagly soraglar boýunça aýratyn halypanyň ýeke-ýeke maslahat sessiýasyna gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Bu sessiýalar ÝTÖB-nyň we Ýewropa Birleşiginiň tarapyndan gurnalyp maliýeleşdiriler.

Türkmenistanda öz işine başlandan bäri ÝTÖB ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky 70 taslamalary ýerine ýetirmek üçin 272 million ýewro möçberde maýa goýdy, 200-den hem köp hususy kärhanalara biznes-maslahatdan peýdalanmak mümkinçiligini döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar