Arhiw

“Çopan hasabymy” ýa-da biznesde hasap-hesip bolmalymy?

0
11227

Geçen asyryň 90 – njy ýyllarynda, biziň ýurdymyzda telekeçiler döräp başlady. Kim Turkiýa, kim Birleşen Arap Emirligine, kim Hytaýa gatnap söwda edip başladylar. Biz kiçidik, ene-atamyň söwdany ýola goýmak üçin daşary ýurda gatnap başlanlary ýadyma düşýär.

Maşgala biznesi ýola girdi, dolanşyk ulalýardy. Öýmizde owadan edip bejergi işlerini geçirdik. Awtoulag satyn aldyk. Umuman guruply ýaşaýardyk. Bir näçe ýyl geçen soň, meseleler çykyp başlady. Dolanşyk kiçelýärdi, öýdäkiler söwda-da kynçylyklara duçar bolup başladylar. Esasy kynçylyk bolsa, biznesi dowam etmek üçin pulyň ýetmezçiligidi. Iň soňunda bolsa söwdany goýmaly boldylar. Bir näçe ýyllardan soň okuwy gutaryp ykdysatçy diplomyny alanymdan, maňa bu ýagdaýyň näme üçin beýle bolandygyny seljermek gyzykly boldy.

Maşgala biznesiniň batmagynyň sebäbi nämededi? Hemme maglumatlary bir sany galyň bloknotda jemlenýändigini gördim, ýagny söwdegär Döwranyň bize bergisi, biziň söwdegär Merede bolan bergimiz şol bloknoda ýazylypdyr.

Maglumatlar tertipsiz, hersi her ýerde ýazylypdyr we ol ýazgylara düşünýän diňe Ejem eken. Batmaklarynyň esasy sebäpleriniň biri, hasap –hesibiň ýöredilmändigi,  söwdadan gelen ähli puly peýda diýip hasaplanandygy, çykdajylaryň asla bellenmändigi, pul serişdeleriň hasapsyz sowulandygyny netijesinde bolandygyna göz ýetirdim.

Türkmen dilinde aýdanymyzda bu görnüşdäki hasaba “çopan hasaby” diýýärler. Häzri ene-atam pensiýada öz tejribelerini ýaş telekeçiler bilen paýlaşýarlar. Elbede her bir täjir ussatçylyk bilen buhgalter hasabyny ýöredip bilmez. Emma iň bolmanda her bir täjir çykdajylary hasaplap, gazanan peýda möçberine çykyp biler. Biziň bilşimiz ýaly pul, hasaby gowy görýär. Sizizň gazanan girdejiňiz näçe, ýa-da siziň eliňizdäki sowup biljek pul möçberiniň näçedigini bilmegiňiz üçin hasap-hesibi dogry ýöretmek gerek.

Ondan bäri bir näçe ýyllar geçdi. Bu günki günde ýurdymyzda tehnologiýalaryň ösmegi, jemgyýetde zähmet bölünşiginiň has-da kämilleşmegi bilen, hasap – hesip ýöretmek aňsatlaşdy.Kompýuter programmalary size düwmejige ýeke gezek basanyňyzda islendik maglumaty berýär.  Maliýeçiler bolsa size bu ugurda kömek etmäge taýýar.     

Hasap - hesip näme we ol näme üçin gerek.

Hasap – hesip bu geçirilýän amallaryň ýagdaýynyň,  netijesiniň sandaky görnüşidir. Ol aşakdaky sebäpler üçin gerek;

  •  Haryt sanyny bilmek üçin;
  • Satyjylar, satyn alyjylar, işgärler bilen geçirilýän hasaplaşyklary bilmek üçin;
  • Nagt pullaryň hereketini yzarlamak üçin;
  • Çykdajylary jikme-jik yzarlamak üçin; 
  • Netijäni görmek üçin (Peýda).

Soňky on ýyllykda ýurdumyzda biznes bilen meşgullanýanlaryň sany on müňlerçä ýetdi. Şübhesiz her bir telekeçiniň işinden elmydama peýda almak isleýändigini bilýäris.Biz bu makalany ilkinji nobatda telekeçilik işini başlaýan ýaş telekeçiler üçin ýazdyk. Ýolyň başynda, siz üçin söwda-satykdan geljek müňläp manatlar islendik meseläni çözjek ýaly bolup görünýändir. Emma beýle däl, ilki başda hasap - hesip meselesin çözmeseňiz siz gitdigiçe has-da kyn meselelere duçar bolarsyňyz. Şeýlelikde, egerde siz biznesiňiziň ösüp pajarlamagyny isleýän bolsaňyz, hasap – hesibiň möhümdigini ýatdan çykarmaň.

Dowamyny soňky makalalarymyzda okaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar