Türkmenistanyň ähli banklarynda “Maşgala” atly täze bank kart hyzmaty hödürlenýär. “Maşgala” atly bank karty näme we beýleki kartlardan tapawutlyklary barada gürrüň bereris.
“Maşgala” bank karty näme?
“Maşgala” bank karty - Maşgala agzalary üçin niýetlenen "Altyn Asyr" kart ulgamyna degişli täze kart görnüşidir. Ýagny, raýatyň girdeji alýan kartyna (aýlyk kartyna) goşmaça açylýan bank karty.
“Maşgala” bank kartynyň esasy aýratynlygy –“Maşgala” bank kartynyň hasapdaky puly ähli maşgala bolup ulanmak. “Maşgala” bank kartynyň maşgala agzalaryna bermek bilen, olara nagt pul bermek ýada ugratmak meselesine çözgüt tapýar. Müşderiniň Maşgalasy islese bankomatdan nagt pul alýar. Islese-de nagt däl görnüşde söwda/hyzmat hasaplaşygy üçin ulanýar. Ýagny maşgalaňyzyň her bir agzasynda “Maşgala bank karty” bolup bilýär.
“Maşgala bank kartyny” nirede açyp bolýar?
“Maşgala” bank kartyny açmak üçin Türkmenistanyň çäginde islendik bankynda bank kartlary bölüminde we bank gulluklarynda arza ýazyp alyp bolýar.
“Maşgala” bank karty üçin arza ýazylanda şulary kesgitlemeli bolýar:
- “Maşgala” bank kartynyň haýsy maşgala agzalary üçin açyljakdygy,
- “Maşgala” bank karty bilen hepdelik/günlik sarp ediljek pul mukdary.
Aşakdaky suratda “Maşgala” bank karty bilen “Aýlyk kartynyň” aratapawutyny görüp bilersiňiz.