Telefonlara antiwirus gurnamak zerurmy?

0
2670

Kompýuterlere antiwirus gurnalmagynyň zerurdygyny eýýäm mekdep okuwçylaryndan başlap uly ýaşlylara çenli köp adamlar bilýär. Köpimiziň kompýuterinde antiwirus bar we olaryň maglumat binýadyny (maglumat bazasy) yzygiderli täzeläp durýarys diýsek ýalňyşmarys. Durmuşymyzda möhüm orny eýelän “akylly” telefonlaryň häzirki döwürde kompýuterlerden känbir tapawudy galmady.

Eýsem, telefonlara antiwirus gurnamak zerurmy?

Bilşimiz ýaly, iň köp ulanylýan “akylly” telefonlaryň operasion ulgamlary “Android” we “IOS”-dyr. Bular öňki “akylly” telefonlaryň operasion ulgamlary bilen deňeşdirilende örän tapawutlydyr. Öňler “Java”, “Symbian” ýaly operasion ulgamly telefonlar “akylly” hasaplanýardy.

Şu ýerde bellenilmeli möhüm tapawut:

- “Java” we “Symbian” operasion ulgamly telefonlar kompýutere birikdirilende USB disk (fleşka) ýaly görünýär. Meselem, kompýutere USB birikdirilende, eger kompýuterde wirus bar bolsa, USB-yň içine nä derejede wirus geçmeklik töwekgelçiligi bar bolsa, şol derejede şu operasion ulgamly telefonlara wirus geçmekligiň ähtimallygy bar. Meselem, içindäki faýllaryň gizlin bolmagy, bukjalaryň atlarynyň üýtgemegi we ş.m.

- “Android” telefonlary kompýutere birikdirilende bolsa, olar portatiw (ýanyň bilen göterilýän) media enjamy ýaly görünýär. Meselem, MP3 pleýer birikdirilen ýaly. Üns beren bolsaňyz, kompýuterde ilki portatiw enjamyň şekiljigi görünýär, onuň içine girilenden soň eýýäm telefondaky ýatlar (diskler) görünýär.

Munuň özi eýýäm “Android” telefonlaryň goragynyň güýçli we tapawutlydygynyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle ýagdaýlarda kompýuterden “Android” telefona wirusyň geçmekligi örän pes ähtimallykly (0%-3%).

- “IOS” telefonlary barada aýratyn nygtamagyň zerurlygy hem ýok, sebäbi olara kompýuterden islendik bir faýl geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiligi gerek (iTunes we ş.m.). Bu programma üpjünçilikler hem telefonyň goýberilişine (wersiýa) görä üýtgeýär. Bularyň goragy has hem güýçlidir.

“Akylly” telefonlara wiruslar başga nähili görnüşde geçip bilýär?

Elbetde, iň esasy çeşmesi – internet. Internet gündelik peýdalanýan çeşmämize öwrüldi. Telefonlardan internete girilende wirus geçmekligiň öňüni almak üçin şular maslahat berilýär:

  1. Internetden islendik faýl alanyňyzda ynamdar çeşmelerden alyň. Meselem, programma üpjünçiligini almakçy bolsaňyz, “PlayMarket” ýa-da “AppStore”-dan almagyňyz maslahat berilýär. Sebäbi, bu iki ýere programmalar goýulanda ýörite antiwirus barlagy edilenden soň goýulýar. Ýa bolmasa aýdym, surat, kitap almakçy bolsaňyz, meşhur, ynamdar web saýtlaryndan alyň.
  2. Düşünmeýän ýa-da bilmeýän web salgylaryňyza (link) girmäň.
  3. Elektron poçtaňyza näbelli ýerlerden, näbelli web salgylaryndan hat gelse pozuň.
  4. Telefondaky programma üpjünçilikleriňizi yzygiderli täzeläp (update) duruň we ş.m.

Eýsem, “akylly” telefonlar goragly bolsa, näme üçin olara niýetlenip antiwirus programma üpjünçilikleri taýýarlanylýar?

Internetdäki maglumatlara görä, “Android” operasion ulgamynyň 4-nji goýberilişinden (wersiýasyndan) pes operasion ulgamly telefonlara antiwirus gurnamaklyk maslahat berilýär. Emma, 4-nji goýberilişinden soňkylara gurnamak zerurlygynyň ýokdugy aýdylýar. Sebäbi, soňky “Android”-laryň özi gorag programmaly we funksiýalary bilen gelýär.

Muňa mysal edip, “Samsung” kompaniýasy tarapyndan hem taýýarlanylýan, telefonlar üçin niýetlenen ýörite zawod programmalaryny hem bermek bolar. Edil şolar ýaly, “IOS”-laryň soňkylary hem goragly gelýär.

Bu ýagdaýda esasy zat - ýokarda agzalan maslahatlardan peýdalanyp, telefonyňyzy dogry ulanyp, wiruslara garşy goragyny üpjün etmeklik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar