Soňky habarlar

Arhiw

Biznesi nädip amatly we has netijeli mahabat etmeli?

0
13431

TM.INFO biznes katalogy näme?

Bu Türkmenistanda ähli hyzmat berýänleriň bir katalogyň içinde jemlenmesidir. TM.INFO biznes katalogy 5000 tiražlyk bolup,  ol jemgyýetçilik ýerlerinde, ýagny howa we demir ýol menzillerinde, ministrliklerde, dynç alyş merkezlerde we ş.m ýerlerde mugt paýlanyljakdyr.

TM.INFO biznes katalogy hyzmatlary kategoriýalara bölünip, ol okyja özüne gerek bolan maglumaty ýeňil tapmaga ýardam berer.

Katalogy çap etmek üçin ýokary hilli kagyz ulanylar.

TM.INFO biznes katalogynda ähli hyzmat berýänler barada ýeterlik maglumatlar bolar, ýagny müşderiler bu katalog arkaly telefon belgileri, salgylar we web saýtlaryň salgylary bilen tanşyp bilerler.

TM.INFO biznes katalogynda mahabat ýerleşdirmegiň  bahasy dürli-dürlidir we müşderi özüne geregini iň aňsat ýol bilen saýlap biler. Mahabatyň bahalary göniden-göni onuň göwrümine baglydyr. Bu barada aşakda giňişleýin gürrüň bereris.

TM.INFO biznes katalogyny her ýylda bir gezek çap etmek meýilleşdirilýär.

TM.INFO biznes katalogyna nädip mahabat berip bolar?

TM.INFO katalogyna öz biznesiňiz barada maglumat bermek üçin:

— Şertnama baglaşmaly;
— Mahabatyň ölçegini saýlamaly;
— Töleg geçirmeli.

Şertnama baglaşmak üçin biznese degişli ähli resminamalary ýanyňa alyp, çaphana maksatly “Altyn-Arzuw” hususy kärhanasynyň  merkezi edarasyna barmaly. Onuň salgysy: 1945-nji köçe (10-ýyl Abadançylyk),  98-nji jaý.

Mahabatyň 4 sany ölçegi bardyr.

A3 formatynyň bahasy 4000 manat;
A4 formatynyň bahasy 2000 manat;
A5 formatynyň bahasy 1000 manat;
A6 formatynyň bahasy 500 manat;

TM.INFO biznes katalogynyň 5000 tiražda bolmagy, ýönekeý matematika hasaby bilen her bir mahabatyň özüne düşýän bahasy aşakdaky ýaly boljakdyr:

A3 formatynyň bahasy 0.80 teňňe;
A4 formatynyň bahasy 0.40 teňňe;
A5 formatynyň bahasy 0.20 teňňe;
A6 formatynyň bahasy 0.10 teňňe;

Ýokary derejeli ýerine ýetirilen dizaýny, tiražy we katalogyň paýlanylýan ýerlerini göz öňüne tutsak, bu mahabat amatly bolar diýip hasaplasa bolar.

“Altyn-Arzuw” hususy kärhanasy tarapyndan çap ediljek we ýaýradyljak mahabatyň dizaýnyny ýörite hünärmenler hem, özüňiz hem ýasap bilersiňiz.

Töleg islendik görnüşde (nagt, nagt däl) kabul edilýär.

TM.INFO biznes katalogyna goşulmagyň möhletleri nähili?

Katalog üçin hasaba alyş 2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda başlady. Ol şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýerleriň aglaba bölegi eýelendi. TM.INFO biznes katalogyny çap etmek işi 27-nji sentýabrda amala aşyrylar.

Sowallar üçin: +99312 455550, +99364 058555,+99363 488555 ýa-da şu salga elektron hat ugradyp bilersiňiz: print@altyn-arzuw.com,  mekan@altyn-arzuw.com.

TM.INFO biznes katalogyň broşýurasyny şu ýerden alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar