Ilkinji hasaba alyş resminamalary, bu wajypdyr

0
9305

Bu makala, maliýe sowatlylyk rubrikasyna degişli bolup, makalada pullaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň hereketini hasaba alýan ilkinji hasaba alyş resminamalar barada gürrüň bereris. Belki biziň ünsimizi hem çekýän däldir welin, ilkinji hasaba alyş resminamalary biziň gündelik durmuşymyzda köp duşýär. Olar nirde, haçan we nähili dörap biler? Bize aýlyk hasaplananda, bankomatdan pul çekenimizde, howludaky marketden haryt alanymyzda, bankda, hassahanada ýa-da petege töleg etmek  üçin gapjygymyzdan pul çykaryp tölegi eden badymyza ilkinji hasaba alyş resminamalary döreýär. Soňra bu resminamalar (çekler, kwitansiýalar, kepilnamalar) stolyň başynda otyran, gözleri äýnekli daýylaryň we daýzalaryň eline baryp düşýär biz olara buhgalterler diýýäris, olar bolsa öz gezeginde maglumatlary hasaba alyş kitaplaryna belleýärler.Netijede  Ilkinji hasaba alyş resminamalar esasynda  girdejiler we çykdajylar ýa-da gaýry görkezijiler emele gelýär.

Ilkinji hasaba alyş resminama näme – bu hakyky geçirilen ykdysady amalynyň faktynyň,kagyz göterijidäki,  ýa-da elektron göterijidäki resmileşdirilen şaýatnamasy.    

Ilkiji hasaba alyş resminamanyň wajyplygy

Ilkiji hasaba alyş resminama, iň wajyp ýuridiki resminamalaryň biridir. Käbir adamlar bu resminama ähmiýet bermeýärler we ýitirýärler ýa-da zyňýarlar. Meselem käbir harytlar we hyzmatlar üçin töleg edilende, berilen töleg kwitansiýasyny okap görseňiz, saklanyş möhleti bellenilýär. Bu, töleg kwitansyýasynyň möhümdigini aňladýar.  Şübheli, jedelli soraglar ýüze çykan ýagdaýynda, ilkinji hasaba alyş resmamasy uly orun eýeleýär. Ilkinji resminamalary öziňizde saklan ýagdaýyňyzda, hiç kim siziň haryt we hyzmat üçin tölegiňizi hyýanatly ulanyp bilmez, saklamadyk ýagdaýyňyzda bolsa, hiç kime subut edip bilmersiňiz. Töleg edeniňizden soňra, arkaýyn bolmagyňyz üçin çegiň ýa-da kwitansiýanyň nusgasyny, bolmasa töleg edeniňizi subut edýän gaýry resminamany talap ediň.        

Hasaba alyş resminama nähili bolmaly

Ilkinji hasaba alyş resminamalary kagyz göterijisinde, şonuň ýaly-da elektron göterijisinde düzülip bilner. Ol şu aşakdaky hökmany ýazgylary özine jemlemelidir.

1) resminamanyň ady;

2) resminamanyň düzülen senesi;

3) ykdysady subýektiň ady ýa-da resminamany düzen hususy telekeçiniň familiýasy we inisiallary;

4) salgyt töleýjiniň salgyt belgisi;

5) Geçirilen amalyň mazmuny;

6) ölçeg birliklerini görkezmek bilen, ykdysady işiň faktynyň natural we (ýa-da) pul ölçeginiň möçberi;

7) ykdysady işiň faktynyň amala aşyrylmagy we resminamanyň düzülmegi üçin jogapkär şahslaryň wezipeleriniň ady, familiýalary, inisiallary we gollary.

 

Hasaba alyş resminamanyň düzedilmegi

Kadalaşdyryjy namalar, kassa hem-de bank resminamalaryna düzediş girizmegi gadagan edýär. Beýleki resminamalara bolsa, diňe taraplaryň razylygy bilen düzediş girizilip biliner. Düzedişler, hukugy bar bolan şahslaryň goly we möhri bilen, düzedilen senäni görkezip tassyklanmalydyr.

Eger adam ilkinji hasaba alyş resminamalara çynlakaý seredýän bolsa, onda bu onuň maliýe sowatlydygyny görkezýär. Şunuň bilen, ol öz satyn almakda ýa-da satmakda geçiren amalyny ätiýaçlandyrýar. Hüşgär boluň, ilkinji hasaba alyş resminamalary wajypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar