Soňky habarlar

Arhiw

“Wi-Fi”-den soňky 10 ýylyň dowamynda iň uly täzelik

0
3470

Häzirki wagtda döwrebap enjamlaryň köpüsi “Wi-Fi” funksiýasy bilen üpjün edilen. “Wi-Fi” tehnologiýasy giňden ýaýran we ählimize tanyş diýsek ýalňyşmarys. “Wi-Fi” tehnologiýasyny kompýuterler, mobil telefonlar, routerler we ş.m. enjamlarda görmek bolar.

“Wi-Fi” enjamlary 10 ýyldan gowrak gorag (howpsuzlyk) protokoly hökmünde “WPA-2”-ni ulanyp gelýärler diýlip “theverge” saýtynda habar berilýär. Gorag protokoly ulanyjynyň “Wi-Fi” toruna baglanmak üçin ýazýan açarsözüni we şol tordaky işlenilýän maglumatlary goraýar, ýagny “WPA-2” protokoly belli algoritmlere laýyklykda açarsöz we maglumatlary şifrleýär we olaryň goragyny üpjün edýär. “WPA-2” protokoly “Wi-Fi” enjamlarynda 2004-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýär!

“Wi-Fi Alliance” kompaniýasy täzelikde “WPA-3” gorag protokolly enjamlary sertifisirläp başlady diýlip ýokarda agzalan saýtda nygtalýar. Täze “WPA-3” protokoly goşmaça goragy üpjün etmek bilen, hakerleriň açarsözleri döwmegine garşy güýçli protokol hökmünde hyzmat etjekdigi we maglumatlaryň berk goragyny üpjün etjekdigi aýdylýar.

Mysal üçin, käte “Wi-Fi” torunyň açarsözüni bildim, açarsözüni tiz tapdym ýaly sözleri eşitýän bolmagyňyz ahmal. Aslynda, “Wi-Fi” tehnologiýasynyň häzirki “WPA-2” gorag protokolyny hem döwmek aňsat iş däl. Açarsözi bilmek üçin “bir-birden simwollary barlama” usuly bilen, belki onlarça günüň dowamynda, açarsöz örän ýönekeý bolan ýagdaýynda bilinmegi ähtimal. Täze “WPA-3” protokoly bolsa häzirkiden goragy örän güýçli boljakdygy bellenilýär.

Birnäçe ýylyň dowamynda bazarlarda täze protokol bilen işleşip biljek täze routerler we beýleki enjamlar satylyp başlanar, köne protokolly enjamlaryň bolsa programma üpjünçiliginiň maglumatlar binýady täzelenmeli bolar diýilýär. Täze protokol 2019-njy ýylyň soňunda ulanylyp başlanar diýip “Wi-Fi Alliance” kompaniýasy tarapyndan habar berilýär.

Aýratyn bellenilmeli maglumat – “WPA-2” gorag protokolly enjamlar “WPA-3” gorag protokolly enjamlar bilen işleşip bilmek mümkinçiliginiň boljagy.

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar