Söwdanyň hem hyzmatyň hereketlendiriji güýji – reklama / Söhbetdeş bolan Enwer Nyzamow

0
4566

Biz teleradioýaýlymlarymyzdaky mahabatlar we olary buýrujylaryň islegi, şeýle-de reklamalaryň netijeliligi bilen gyzyklanyp Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň başlygy Röwşen Welmiýew bilen söhbetdeş bolduk.

–Röwşen, harydyň, hyzmatyň reklama edilmeginiň maksady belli. Siziň maksadyňyz näme?

–Biziň maksadymyz ýurdumyzda telewideniýäniň we radionyň ösmegine ýardam etmek. Telekeçilerimizi goldamak. Olaryň öndürýän ýokary hilli harytlaryny halkymyza tanatmakdan, ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz etmekden ybarat.

– Bu işiňiziň görünýän tarapy. Görünmeýän ýüzünde maddy gazanç-da bar. Diýjek bolýanym reklama bahalaryňyz nähili?

– Ol mahabadyň dowamlylygyna bagly. Meselem, telewideniýede 07:30-dan 18:00-a çenli her minut üçin 130 manat, 18:00-dan 20:00-a çenli 150 manat, 20:00-dan 23:00-a çenli 190 manat, «Watan» habarlar gepleşiginiň öňýany 250 manat. Radioda hem şonuň ýaly. Jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylaryň has köp gatnaýan sagatlarynda bahalar adaty wagtdakylardan tapawutlanýar.

– Gyzyklanýan taraplar üçin hem gowy maglumat bolar diýip pikir edýäris. Reklamalar diňe radio-telewideniýede däl, gündelik-hepdelik metbugatda-da yzygiderli berilýär. Siziň pikiriňizçe bu üçüsiniň arasyndaky tapawut näme?

– Gazet-žurnallardaky mahabatlarda okyja mahabat edilýän zadyň suraty görkezilýär. Haryt okyjynyň ýadynda göz arkaly galýar. Radioda diňleýji reklama edilýän önüm barada başgalaryň pikirini eşidýär. Netijede, mahabat edilýän önüm diňleýjiniň ýadynda ses arkaly galýar. Telewideniýede beýle däl. Siz bary-ýogy birnäçe sekuntyň ýa minutyň dowamynda tomaşaçynyň göz hem gulak arkaly ýadyna täsir edip, olaryň aňyna siňmegi başarmaly. Şonuň üçin hem telewideniýe iň kyny. Umuman, teleradioýaýlymlardaky reklamalarda wagt bilen ýaryşmaly bolýar.

– Reklamalaryňyzy internetde hem ýerleşdirýäňizmi?

– Mahabatlary www.turkmenistan.gov.tm; www.orient.tm; www.tdh.gov.tm; www.turkmentv.online sahypalarymyzdan görüp bilerler.

– Näçe işgäriňiz bar?

– On sekiz.

– Iş bölünişigiňiz nähili?

– Mahabat bölümimizde üç sany: reklama agentlikleri bilen işleşýän, önümçilik hem ýaýlyma beriji topar bar.

– Şertnama baglaşýan wagtyňyzda müşderileriň islegini bitirip bilmedik wagtyňyz boldumy?

– Ýok. Enteg-ä müşderilerimiziň lapyny keç edemzok. Aýdaly, bir aýlap reklama berýänlerem bar. Harydynyň mahabatyny bir ýa iki gün ýaýlymda görkezmek isläp gelýän täze müşderilerimiz-de bar. Hiç birini boş gaýtaramzok. Maksadymyz – talapnamalaryň sanyny artdyrmak we müşderilerimiziň hoşallygyny gazanyp bilmek.

Reklama agentlikleriniň teklibi esasynda taýýarlanylan mahabatdan gazanylan girdejiniň belli bir bölegini agentliklere zähmet haky hökmünde töleýäris. Diňe bir agentlikleriň işgärleri däl, eýsem bu işe höwesi bolan islendik adam hem gatnaşyp biler. Meselem, siz bize reklama teklibi tapyp gelseňiz, getiren reklamaňyzyň girdejisinden 5 göterimini özüňize el haky hökmünde berip bilýäris.

– Mahabatyň netijesini buýrujy öz girdejisiniň artyşy bilen ölçeýändir. Özüňiz mahabat etmegiň täzeçe usullaryny gözleýäňizmi?

– Elbetde. Reklama diňe täze sýužetleriň, usullaryň, tilsimleriň, jümleleriň hasabyna ösýär ahyry. Has hem soňky 3-4 aýyň dowamynda täze gözleglerimiz, irginsiz çekilýän zähmet öz miwesini berýär. Hyzmatdaşlyk etmek isleýänleriň sany yzygiderli artýar. Maliýe serişdeleri babatynda şu ýylyň ýanwar aýyndaky girdejimiz geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde 5 essä golaý artdy. Bu bolsa wagt geçdigiçe arzyly sepgitlere ýetjekdigimize we ýurdumyzda reklama pudagynyň has kämilleşjekdigine güwä geçýär.

– Röwşen, öň gepleşikleriň, filmleriň, seriallaryň arasyna reklamalar goýulýan bolsa, indi olaryň dowam edýän wagtynda ýerleşdirilýär.

– Dünýä tejribesinde synagdan geçirilen usullar arkaly mahabat etmek has oňaýly hem netijeli bolýar. Daşary ýurt teleýaýlymlaryna ünsli tomaşa etseňiz, haýsydyr bir dowam edýän filmiň, gepleşigiň dowamynda dürli reklamalary görýänsiňiz. Meselem, egin-eşik, aýakgap kärhanalary meşhur estrada ýa-da sport ýyldyzlarynyň üsti bilen, tomaşaçysy ýetik filmleriň dowam edýän wagtynda öz harytlaryny mahabat etmek üçin çykdajydan çekinenok. Sebäbi şowly reklama bilen millionlarça tomaşaçy olaryň müşderisine öwrülip biler. Bu ugurda bizem netijeli işleri ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Meselem, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda «Zehin synagy» gepleşiginde ildeşlerimizi «Halkbankyň» täze hyzmatlary bilen tanyşdyrýarys. Teleýaýlymlarda «subtitle» mahabatlary-da ýerleşdirýäris. Gözleglerimiz dowam edýär.

Geljekde multfilmleriň gahrymanlary arkaly reklama rolikleri taýýarlamak maksadymyz bar. Esasy zat edýän işimizi söýýäris. Işleýän wagtymyz edýän işimizden lezzet hem dynç alýarys diýsegem bolýar. Söýgi bilen, yhlas bilen edilen işde ýetilmejek menzil, gazanylmajak üstünlik ýokdur diýilýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýerli önümçiligiň ösmegi üçin uly şertleri döretdi. Täze harytlary has täsirli, ýatda galyjy, gowy mahabat etmek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar