Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

USSADYŇ ÝOLY / Myrat HUDAÝGULYÝEW (Artist Juma Ýazmyradow 80 ýaşady)

0
9238

Bir gezek dostlarynyň biri Juma Ýazmyradowy toýa alyp barýar. Ony gören mähelläniň şowhuny artýar. Garaz, toý saçagynyň başyna geçip-geçmänkä, hormatlap, oňa söz berýärler. Ol eline mikrofony alyp:

— Gelen gelniň aýagy düşsün, şu ojaga bagt getirsin... — diýip, süýji-süýji arzuwlar aýdyp ugraýar. Toýçy mähelle çapak çalyp, hezil edip gülmäge başlaýar. Okaýan goşgy setirleri myhmanlaryň göwnünden turandyr öýdüp, ol barha möwç alýar. Şol wagt gapdalynda duranlaryň biri onuň böwrüne dürtüp, gulagyna pyşyrdaýar:

— Bu gelin toýy däl-ow, sünnet toýy.

Ownuk-uşak zatlar üçin Juma Ýazmyrat aljyrajakmy?! Ol derrew ýagdaýy düzetmek bilen bolýar:

— Hormatly toýa gelen myhmanlar, şu günki sünnet toýuny toýlaýan oglanjygyň ene-atasy durmuş toýlaryny toýlanda, men bir sebäp bilen gelip bilmändim. Ýaňky aýdanlarym olaryň durmuş toýlaryndaky aýtmaly sözlerimdi. Indi bolsa, gadyrdan myhmanlar, sünnet toýuna geçýäs. Toýuň gutly bolsun, köşejik...

 

Ine, ýokardaky gülküli waka biziň gürrüňimiziň gahrymany, tutuş ömrüni ynsanlara gülki-şatlyk paýlamaga bagyş eden ussat halypa, Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowyň ömür ýolunyň bir pursady. Şol ýoluň ugrunda ynsanlaryň durmuşynyň görkanalygyny artdyran, köňüllerde ala-ýazlyk döreden şeýle pursatlaryň sanyny sanasaň, ynsanlara gülki-şatlyk paýlamagyň iň uly sogaplaryň biridigini-de hasaba alsaň, onda halypanyň ömür ýolunyň gymmatyny kesgitläp biljek ölçeg terezisiniň-de tapylaryndan tapylmazynyň ýakyndygyny boýun alaýmak galýar.

Şu ýazgyny taýýarlap ýörkäk, onuň gahrymany bilen baglanyşykly dürli kärdäki halypalaryň aýdan sözleriniň birnäçesini çöpleme çöplän ýaly jemläp çykdyk. Şonda olaryň aglabasynda Juma aganyň örän seýrek gabat gelýän bagta — durmuşda öz ýoluny, öz kärini tapmak bagtyna eýedigi barada aýdylýar. Ýene-de bir aýdylýan zat — onuň adynyň ömür manysyna öwrülen käri bilen manydaş eşidilýändigi. Şol aýdylanlar bolsa Juma Ýazmyradyň ady tutulanda, biygtyýar ýylgyranyňy duýman galýandygyň bilen baglanyşyklydyr. Biz şu gürrüňimizde ussat halypanyň dürli döwürlerde işleşen, iş salşan kärdeşleri bilen baglanyşykly ýatlamalary-da getirmäge çalyşdyk. Düşnükli zat, olaryň aglabasy-da gülküli pursatlara, degişme-gülkä utgaşyp gidýär. Hatda onuň sahnadaky ilkinji çykyşlary baradaky gürrüňlerini-de ýylgyrman diňlemek mümkin däl.

Ol ýüreginde edebiýata, sungata, sahna söýginiň döremegini mekdep mugallymy, meşhur Halmy seýsiň ogly Baýmyrat Halmyýew bilen baglanyşdyrýar. «Şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki-drama teatrynyň gapysyndan barmagyma-da hut Baýmyrat mugallym sebäp bolupdy» diýip, ol ýatlamalar ýumagyny çözläp başlaýar:

«Teatrda ilkibada sahna gurnaýjysy bolup işe başladym. Soň režissýoryň kömekçisi etdiler. Käbir oýunlarda meni köpçülikleýin sahnalara gatnaşdyrardylar. Ilkinji gezek Garaja Burunow bilen Bazar Amanowyň «Keýmir kör» dramasy esasynda goýlan oýunda, köpçülik sahnasynda tomaşaçylaryň öňüne çykdym. «Oýunda oýnaýan» diýip, obadaşlarymy teatra çagyrdym. Garaz, başym telpekli, elim ýaragly çykdym sahna köpçüligiň arasynda. Iki gözüm bolsa tomaşaçylarda. Köp wagtam däl sahnada bolýan wagtymyz. Uly goh edip, tüpeňi adama bir gezek tarkyldadyp, derrewem sahnadan gitmeli. Menem obadaşlaryma görünjek bolup, tüpeňimi ýene bir gezek atjak bolup, sahnadan gitmän durun. Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdy donumyň synyndan çekip, zordan sahnadan alyp gitdi. Ol döwürleriň tüpeňleriniň ýekeje gezek atýandygyny näbileýin men».

Ýollar uzak. Menziller aşylyp, ol türkmen radiosynda ençeme ussatlar bilen bile işleşýär. Juma Ýazmyrat üçin bolsa işlemegem, ýaşamagam diňe gülküli pursatlar bilen ugurdaş dowam edýär.

Ine, şolar ýaly adaty iş günleriniň birinde ol şol wagtky Radio öýüniň işiginde şahyr, ussat diktor Geldi Bäşi bilen pete-pet gelip, oňa salam berýär.

— Waleýkimessalam, gurgunçylykmy? Keýpler nähili? — diýip, Geldi aga Juma Ýazmyratdan soraýar. Geldi Bäşiniň edil şol wagt radioýaýlymda howa maglumatyny okap çykandygyndan habarly Juma Ýazmyrat çyna berimsiz edip:

— Hiç neneň däl, Geldi kaka, ir bilen dumanly, günortanlar ýuwaşdan arama çenli şemally, az-kem ygally. Öýleden soň tozan gatyşykly ýel. Ine, keýpler-ä şeýleräk — diýip jogap berýär welin, Geldi Bäşi başyny ýaýkap ýylgyraýýar.

Ussat halypa bilen bir döwürlerde işleşmek, onuň mugallymçylyk öwüt-ündewlerini diňlemek, şol gymmatly sapaklary kalbymyza ýazmak bize-de nesip etdi. Elbetde, öz ugruňdan ussatlyga ýeten halypalaryň mekdebiniň bir gyrasyny görüp galmagam ilkinji ädimleri ädýän islendik hünärmen üçin uly bagt. Ussat halypa bilen bir döwürde «Watan» radioýaýlymynda bile işleşmek miýesser edipdi. Bir gün radioýaýlymyň «Ylham» bölümine, Magtymguly Myşşyýewiň ýanyna bardym. Barsam, ol ýerde şahyr Muhammetmyrat Kömekowdyr Juma Ýazmyradowam oturan eken. Salamlaşyp, Magtymguly agadan almaly golýazmamy alyp, çykyp gaýtjak boldum welin, Juma aga meni saklady-da: «Seňkimi şo radiooýun?» diýip sorady. Ilkinji ýazan radiooýnum bolansoň, ol barada sorap duranam Juma Ýazmyrat bolansoň, çekine-çekine «Howwa» diýip jogap berdim. Şondan soň ol ilk-ä ýazan zadymyň şowly ýerleri barada biraz gürrüň edip, göwnümi göterdi-göterdi-de, yz ýanyndanam kemter gaýdan ýerlerini aýdyşdyrdy. Otyryn menem tutuş göwräm bilen gulaga öwrülip, halypanyň belliklerini diňläp. Bir Muhammetmyrat aganyňmy ýa Magtymguly Myşşynyňmy, ikisinden biriniň: «Aýdýan zatlaryny bir kagyza belleşdirseň gowy bor» diýenlerinden soň, elime kagyz-galam alanymy bilýän.

Hawa, göräýmäge ýönekeýje bir durmuş pursady. Ýöne halypanyň özüm ýaly ýaňy «dähedem-dessem» edip ýören ýaş işgäriň eserini, özi-de gönüläp: «Şuny okap beräýiň» diýilmese-de (diýjek welin, çekinjeňlik diýlen bir zadam bar-da), içgin okap, garaçyny bilen bellikler etmegi onuň ussatlar mekdebini geçip, ussatlyk derejesini abraý bilen göterip gelendiginden habar berýär. Juma Ýazmyradowyň ýaş hünärmenleriň göwün guşuna ganat bagladyp goýberýän pursatlary bilen baglanyşykly şular ýaly wakalary başga-da kän-kän işdeşlerimizden eşidipdik.

Hawa, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatral institutynda Nurmuhammet Keşşikow, Oguldurdy Mämmetdurdyýewa, Hommat Müllük, Hommat Kakajan, Aman Baýramberdiýew, Annamyrat Berdiýew, Ata Alowow ýaly geljekki ussatlar bilen okap, ony 1963-nji ýylda tamamlan Juma Ýazmyradow türkmen radiosyna režissýor bolup işe gelýär. Ol ýerde ussat halypalar Arap Gurbanow, Kerim Gurbannepesow, Durdy Saparow, Beki Seýtäkow, Mämmet Seýidow bilen işleşýär. Halypalaryň poemalarydyr goşgularyny radioda okaýar. «Olaryň eserlerini radiooýun edip, diňleýjilere ýetirmegiň nesibämde bolandygyna begenýärin. Ol ussatlaryň hersi özbaşyna bir uniwersitetdi» diýip, ol ýatlaýar. Umuman-a, halypalar bilen baglanyşykly gürrüň açylanda, ol hemişe: «Meniň halypam — halk» diýýär. Şeýle-de bolsa, ol esasy halypalarynyň biri hökmünde ýazyjy Arap Gurbanowy ýatlap: «Ol maňa işlemegi, redaktirlemegi öwretdi» diýýär.

Juma Ýazmyradowyň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan, türkmen radiosynyň Altyn gaznasynda saklanylýan radiooýunlar barada «sany sanardan kän» diýen jümläni ulansagam, hiç kim geňirgenmese gerek. Häli-häzirlerem diňleýjilere yzygiderli ýetirilip gelinýän şol radiooýunlaryň hersi bilen baglanyşykly ýakymly ýatlamalary kalbynda göterip ýörendigini ussat halypa süýjümtik gussa bilen aýdýar...

Bir gezek Arap Gurbanow oňa ýüzlenip: «Radioda oýnamadyk keşbiň ýok. Munça bolanyna görä, Göroglynyň keşbinem bir janlandyryp gör. Sen oýnasaň, şonuň şowly çykjagyna men-ä ynanýan» diýýär. Şeýdip, Arap Gurbanowyň itergi bermegi netijesinde, türkmen diňleýjisiniň ýüreginden hemişelik orun alan «Gyratyň ogurlanyşy» atly radiooýun goýulýar. «Görogly» eposynyň «Kempir» şahasy esasynda goýlan «Gyratyň ogurlanyşy» atly radiooýnuň şowly çykmagynda Arap Gurbanowyň ýüregimde döreden ynamynyň orny gaty uludyr» diýip, Juma aga hemişe ýatlaýar.

Radionyň täsin dünýäsi bar. Onda göze görünmeýän gahrymanlar bilen ynsanlaryň ýüreklerine täsir edýän, ýyllar içre ömür sürýän keşpleri döredip bolýar. Ýöne şol keşpleriň, şolar ýaly «uzak ýaşaýan» radiooýunlaryň döremegi üçin ussatlaryň yhlaslarynyň birikmegi esasy zerurlyk bolup durýar. Juma Ýazmyradowyň döreden şeýle radiooýunlaryny agzanyňda-da, ussat ýazyjylaryň, artistleriň ençemesi bilen baglanyşykly ýatlamalaryň hatary düzülýär gidiberýär.

...Bir ýola-da Juma Ýazmyradow Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romany esasynda radiooýun goýýar. Eseriň gahrymanlarynyň biri birinji bölümde ýogalýar. Onsoň, romanyň üçünji bölümine ýetýärler welin, ol ýene-de atyşyp, söweşip ýör diýýär. Juma Ýazmyradowam Beki aga jaň edip, ýagdaýy aýdýar. Ussatlar ähli zatda-da ussat bolýar. Beki aga gülüp:

«Häk, sypandyr ol deýýus. Şolar ýala duşanyňda arkaýyn böwrüni garaldaýgyn, Ýazmyrat jan» diýýär. Olam: «Beki aga, Ýazmyrat meniň ejemiň adamsynyň ady, öz adym — Juma» diýip, ýazyjynyň ýene bir ýalňyşyny düzedip goýberýär. Beki aga muňa ýene-de heziller edinip gülýär. Ýöne şondan soňam Beki aga oňa hemişe «Ýazmyrat jan» diýip ýüzlener ekeni...

Hawa, segsen ýaşy arka atan ussat halypanyň kalby hyjuwdan, maksatdan doly. Onuň esasy maksatlarynyň biri-de bile işleşen halypalary bilen baglanyşykly täze-täze radiooýunlary goýmak.

— Hudaýa şükür, hormatly Prezidentimiz döretmäge, işlemäge ähli mümkinçilikleri açdy. Ajaýyp zamanamyzda ylhamyň joşup, ruhuň galkynýar. Şonuň üçin hem meniň Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň keşplerini döredesim gelýär — diýip, ussat halypa geljege ynamly bakýar.

Halypa režissýor bilen baglanyşykly tutuşlygyna ýatlamalara ýugrulan gürrüňimiziň ahyrynda onuň 50 ýaş toýunda şahyr Kerim Gurbannepesowyň aýdan gutlag sözünden setirleri hem okyjylara ýetirmegi makul bildik:

«Tebigat diýen zat örän adalatly. Dünýäniň ýüzünde näçe adam bar bolsa, şonça-da zehin bar. Mugallymçylyk, lukmançylyk, çopançylyk, diplomatlyk, serkerdelik, şahyrlyk, artistlik... Garaz, her kimde haýsam bolsa bir zehin hökman bolaýmaly. Käbir adamda diňe bir zehin däl-de, ikisem, üçüsem bolup bilýär. Emma ilkinji nobatda, özüňde nähili zehiniň bardygyny duýmakda gep bar, irginsiz zähmetde gep bar. Juma Ýazmyradow bolsa öz zehininiň üstünden düşen adam, öz zehinini tapan adam, öz zandyna guýlan zehini saýlap bilen adam. Çeper söze bolan höwes, yhlas, diňe bir höwes-yhlasam däl-de, yşk Jumanyň gursagyna guýlan. Şol yşk bolsa ony ýene bir yşka — okan, söýen, bilen zadyny daşyna çykarmak, olary diňe öz baýlygyň däl-de, tutuş halkyň baýlygyna öwürmek yşkyna getirip bilipdir. Bu bolsa örän ullakan zat. Öz zehiniňi il-günüňe ýetirmek yşky, il-günüňi guwandyrmak yşky — Jumanyň zehinini kämilleşdiren güýçleriň iň gudratlysam şol bolsa gerek. Juma Ýazmyradowyň zehininiň şahandazlyk, dilewarlyk, şadyýanlyk bilen utgaşyp gitmegi onuň sungatyna üýtgeşik, tapylgysyz bezeg, özboluşly öwüşgin berýär. Juma Ýazmyradowyň iki 25-i gerşine atan gününde, eýýäm şonça ýaşandygyny heniz ullakan bir duýmaýan gününde, il-günüňem ol hakda bolup bilse, ýaňy 40 ýaşyň jeýhunydyr öýdýän döwründe iki ýigrimi bäşiň örän çyndygyny oňa habar berip, ony çuňňur ýüregimden gutlasym gelýär. Ýöne oňa ýene-de bir zady habar beresim gelýär. Kämillik araçägi hiç haçan gutarmaýar. Ol tükeniksiz, aňyrsy görünmeýän ýol».

Hawa, bu gutlag sözüniň aýdylaly bäri-de otuz ýyl geçipdir. Biz hem ýyllaryň ussat halypa diňe güýç-kuwwat, ylham-joşgun bagyş etmegini, täze-täze radiooýunlar bilen diňleýjileri begendirip durmagyny arzuw edýäris.

Makalanyň çeşmesi: «Edebiýat we sungat gazeti»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar