Soňky habarlar

Arhiw

Birek-birege hat ýazyşylanda gaharyňy getirýän 12 ýagdaý

0
5063

 

1. Sowatsyzlyk meselesi

Haçan-da kimdir biri hat ugradanda  käbir dyngy belgilerini ýalňyş goýup biler, ýöne asla hiç hili dyngy belgisiz, sözlemiň gurluşy hem tagaşyksyz ýazylan hatlar bolýar. Bu hakykatdanam gaharyňy getirýär.

 

2. Gödeklik

Ýakynda maňa bir gyzdan hat geldi. Onda: “Onda näme, iýulda biziň bilen gidýäňmi?” diýip ýazylan. Kim ol,  biz bilen bolanda kimleri göz öňünde tutýar, nirä gidýäs? – bu meniň üçin tapmaça bolup galdy. Siz bilenem şeýle ýagdaýlar gabat gelendir.  Şonuň üçin hem birine hat ýazanyňyzda, hökman niýetiňizi açyk aýdyň!

 

3. Diňe “Salam!” diýip ýazmak

Dogry! Hat ýazyşanyňda  salamlaşmaly. Ýöne iş boýunça hat ýazyşylanda, göni sorajak zatlaryny soraýman,  “Salam! Gowumy ýagdaýlaryň? Işdemi ýa-da öýdemi?” ýaly boş soraglar bilen ýüregiňe düşýärler. Bu haçan-da,  bir iş bilen gümrä wagtyňa gabat geläýse-hä, hasam gaharyňy getirýär. Şonuň üçin hem eger-de iş boýunça bir zady maslahatlaşmaly bolanda,  boş gürrüňlere wagt sarp etmäň-de, göni meselä geçiň!

 

4. Birbada birnäçe sms ugradylanda

Hiç kim telefonynyň sms-den ýaňa yzygiderli şol jyňňyrdap durmagyny halanok. Siz hem duşansyňyz, bir sms-de ýazyp bolýan ýönekeýje sözlemi birnäçe sms-e bölüp ugradýanlar bar. Bu hem gaharyňy getirýän zatlaryň biri.

 

5. Biwagt gelen audioýazgylar

Örän gowy zat, ýöne hemme zadyň öz ýeri we wagty bar. Käwagt ýygnakda ýa-da maslahatda audioýazgylary diňläp bolanok. Şeýle halatlarda ýazyşýan adamyňyza hat üsti bilen sms ugradyň!

 

6. Sen bir hata jogap berýänçäň, ýene 10 hat gelende

Oňaýsyz ýagdaý, şeýle gerek? Söhbetdeşiňiziň jogabyna garaşyň, şondan soň indiki sowalyňyzy beriň!

 

7. Okap,  jogap ýazmasalar

Käwagt biz jogap berilmegi hökman bolan, örän möhüm  zat hakynda ýazýas ýa-da sowal bilen ýüzlenýäs.  Ugradan adam jogaba garaşyp oturmaz ýaly, şeýle hatlary jogapsyz galdyrmaň!

 

8. Uzak wagtlap ýazyp, bary-ýogy 3 söz ugratsalar

Söhbetdeşiňizi birnäçe minutlap garaşdyryp, soňam bir ýa-da iki söz ýazmaň! Şol wagt yzyny ýazyp bilmejek bolsaňyz, bu hakynda gürrüňdeşiňizi duýduryň!

 

9. Haçanda uly hata ýönekeýje “OK” diýip jogap berseler

Eger-de size uly  hat gelse, oňa anyk jogap bermäge ýaltanmaň!  Belki,  söhbetdeşiňiz haty ýazanda oňa öz  duýgularyny siňdirendir.

 

10. Haçanda düşnüksiz ssylka ugradylanda

Ssylka ugradylanda söhbetdeşiň  näme hakda gürrüň edilýänine düşüner  ýaly, oňa hökman öňünden ýa-da soňundan düşündiriş beriň!

 

11. Haçanda tanamaýan adamyň “Sen” diýip ýüzlenende

Haçanda hiç hili tanamaýan adamyňyz, ýüz ýyl bäri tanaýan ýaly özüni alyp barsa  we “Sen” siýip ýüzlense gaharyňy getirýär. Şonuň üçin hem söhbetdeşiňiziň özi “Sen” diýip ýüzlenmegiňizi haýyş edýänçä, bu endikden saklanyň!

 

12. Haçanda ikiçäk söhbetdeşligiňizi köpçülige ýaýratsalar

Ikiçäk söhbetdeşligi ýa-da biriniň şahsy durmuşy barada ýazan hatlaryny köpçülik bilen paýlaşmak örän erbet ýagdaý. Hiç wagt beýle etmäň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar