Soňky habarlar

Arhiw

“Aliexpress” internet dükanynda ýylyň dowamynda bolan esasy arzanladyşlar

0
12887

Soňky döwür “Aliexpress” internet dükanynyň geçirýän arzanladyşlary diýseň meşhur boldy. Muňa mysal edip, soňky gezekdäki “11:11” arzanladyşyny bermek bolar.

2017-nji ýylyň ahyrynda “Aliexpress” internet dükanynyň ýylyň dowamynda geçiren ähli arzanladyşlary barada giňişleýin gürrüň bermegi makul bildik. Bu arzanladyşlar diňe bu ýyl däl, eýsem adatça her ýyl geçirilýär.

 

Gyşky arzanladyş

Киберпонедельник

Arzanladyş ýylyň duşenbe günleriniň birnäçesinde bolýar. Esasy kiberduşenbe bolsa – ýylyň ilkinji duşenbesi. Marketingde kiberduşenbe diýmegiň özi – “Black Friday” anna gününden soň gelmegini aňladyp, satyş döwrüniň başlanmagy manysyny berýär. Bu söz ilkinji bolup ABŞ-da ulanylyp başlanýar. Müşderiler “Black Friday” anna gününde harytlara bolýan arzanlaşyklardan soň hem söwdany dowam etmekleri üçin, duşenbe güni işlerine başlap, oturan ýerlerinden onlaýn (hakyky wagt tertibinde) söwda edip bilmekleri üçin arzanladyş aksiýasynyň bir görnüşi hökmünde oýlanyp tapylýar.

 

Ýazky arzanladyş

8-nji mart

Halkara zenanlar güni mynasybetli, bu günde zenanlar üçin uly arzanladyşlar geçirilýär. Erkekler zenanlar üçin sowgatlary, zenanlar bolsa özlerine we ýakynlaryna harytlary arzan bahadan satyn alyp bilerler. Iň uly arzanladyşlar zenanlaryň egin-eşiklerine we bezeglerine bolýar. Arzanladyşlar mart aýynyň başynda başlaýar, 8-nji martda bolsa iň uly arzanladyşlar bolýar.

 

“Aliexpress”-iň doglan güni | День рождения «Aliexpress»

 “Aliexpress”-iň doglan güni – ýylyň dowamynda bolýan arzanladyşlaryň iň ulusy. Şu ýyl saýtyň esaslandyrylanyna 7 ýyl boldy. Bu arzanladyş her ýyl geçirilýär, şu mynasybetli satyjylaryň aglaba bölegi harytlarynyň bahalaryny arzan derejä ýetirýärler. Mundan başga-da, doglan gününiň şanyna “Aliexpress” gyzykly, sowgatly we utuşly oýunlary, bäsleşikleri geçirýär. Mysal üçin, bir harydy “satyn almak isleýärin” bölümine goşanyň üçin pul möçberinde kuponyň berilmegi. Her bir ýerine ýetirilen ýumuşyň netijesinde 1 şem ýanýar. Jemi 7 sany ýumuş ýerine ýetirilse, “Aliexpress” size sowgat berýär. Bu aksiýanyň dowamynda meşhur smartfonlary iki esse arzan bahadan alyp bolýandygy nygtalýar. Aksiýa 28-31-nji mart aralygy geçirilýär.

 

Tomusky arzanladyş

Ýaşlaryň tomusy

Iýun aýynyň başlarynda herkimde egin-eşikleri täzelemek mümkinçiligi döreýär. Egin-eşiklerden başga-da, köwüşler, sagatlar we elektronikada arzanladyş bolýar. Beýleki harytlarda 30%-e çenli arzanladyş bolsa, tomusky harytlar üçin arzanladyşlar 70%-e ýetýär. Satyn alyjylar bu arzanladyş döwründe has hem köpelýär.

“Brend” harytlaryň hepdeligi

23-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli “Aliexpress” “brend” (örän meşhur) harytlaryň hepdeligini geçirýär. 23-27-nji awgust aralygy uly arzanladyş aksiýasyna taýýarlyk hökmünde her dürli çäreler geçirilýär, şol sanda iň meşhur “brend”-leriň kuponlary paýlanylýar. 28-nji awgust – 1-nji sentýabr aralygy bolsa esasy arzanlaşygyň özi başlanýar. Esasy arzanlaşyk günleriň öň ýany käbir satyjylar öz harytlaryny gymmatladýarlar, şol sebäpden esasy arzanladyş günlerine çenli garaşylmagy maslahat berilýär.

 

Güýzki arzanladyş

11.11 arzanladyş

11.11, ýagny 11-nji noýabr günündäki arzanladyşlar – ýylyň iň uly ikinji arzanlaşygy. Bu günde ähli harytlar örän arzan bahadan berilýär. Aksiýanyň dowamlylygy 11-nji noýabr, sagat 11:00-dan 12-nji noýabr, sagat 10:59-a çenli. Bu günde harytlary tiz saýlap satyn almaklyk maslahat berilýär, sebäbi dünýä ýüzündäki müşderiler harytlary sekundlaryň dowamynda satyn alýandyklary bellenilýär.

11.11 arzanladyş güni diňe “Aliexpress”-de däl, eýsem Hytaýda hem meşhurdygyny belläp geçmek bolar. Meselem, Hytaýyň ähli dükanlarynda şol güni uly arzanladyşlar bolýar. Dünýäniň köp künjeginden adamlar Hytaýa ýörite şol güni söwda etmäge barýarlar.

Bellik: Internet maglumatlaryna görä, Hytaýda 11.11 güni öýlenmedikleriň güni hökmünde hasaplanylýar.

Gyzykly maglumat: 2016-njy ýylyň şu aksiýa gününde ähli harytlara bolan arzanladyşlar esasynda 1 milliard dollardan gowurak girdeji edildi diýip resmi saýtynda aýdylýar.

 

Черная пятница | “Black Friday

Minnetdarlyk gününden soň ilkinji anna gününe “Black Friday” güni diýilýär. Bu, ýylyň dowamynda geçirilýän soňky arzanladyş güni. Aksiýanyň dowamlylygy - 4 gün.

Bellik: Her ýyl ABŞ-da noýabryň 4-nji penşenbesinde Minnetdarlyk güni bellenilýär. Şondan soňky güne, ýagny anna gününe “Black Friday” güni diýilýär. Taryhda bu güne “Black Friday” diýilmegi – her kim başagaý bolup, dükanlardaky arzanlaşyklara ýetişjek bolup öýlerinden çykýan ekenler we kä halatlarda ýolda awtoulag heläkçiligi ýaly hadysalar bolýandygy sebäpli oňa “Black Friday” güni adynyň berlendigi aýdylýar.

Ýokarda agzalanlardan başga hem, “Aliexpress” käte goşmaça arzanlaşyk günlerini hem yglan edýär. Kämahal aksiýa günlerine garaşmak üçin köp wagt gerek bolýar, “Aliexpress”-de hemişelik bolýan arzanladyşlaryň birnäçesi barada aýdyp geçeliň:

Hemişelik arzanladyşlar: saýtda arzanladyşlar diýip bölüm bar, bu bölümde şol wagtda bolýan arzanladylan harytlar bilen tanyşyp bilersiňiz.

“Gyzgyn” harytlar: täze goýulýan harytlarda gabat gelinýär. Harydy ilkinjileriň hatarynda satyn alan müşderileriň birnäçesine haryt arzan bahadan satylýar.

Dynç günlerindäki arzanladyş: adyndan belli bolşy ýaly, dynç günlerinde hem käbir harytlara arzanlaşyk bolýar, olar saýtyň baş sahypasynda çykýar we 80%-e çenli bahasy aşaklanýar.

Iň gowy satylan harytlar: bu ýazgy müşderiler tarapyndan iň köp islenen we iň köp satyn alynan harytlarda çykýar. Kämahal bu bölümde “häzir amatly” diýen ýazgy çykýar we şol pursatda harydy arzan bahadan satyn alyp bolýar.

Bellik: 2017-nji ýylda “Aliexpress” internet dükanynyň rus dilindäki görnüşinde “TMALL” diýen bölümi çykdy. “TMALL” – öz başyna bölüm hökmünde dükan bolup, “Alexpress”-däki ähli harytlary öz içine alýar, esasy tapawudy bolsa harytlaryň Moskwa şäherinden getirip berilmegi we bahalarynyň gymmadrak bolmagy. Şol sebäpden, söwdany “Aliexpress”-iň özünden etmeklik maslahat berilýär.

 

“Aliexpress” internet dükanynyň 2018-nji ýyl üçin resmi arzanladyşlary barada bolsa gelejekki makalalarymyzyň birinde gürrüň bereris.

Makala “Aliexpress” resmi saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

 

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar