Bagtyň salgysy / Hojaberdi Apbaýew

0
5037

Bagtly bolmak islemeýän ýogam bolsa, onuň salgysyny almak aňsat däl. Çünki bagt diýlen düşünje her kimiň öz kalbynda ýaşaýar. Şahyr Döwletgeldi Annamyradowyň: «Kän-ä bagtyň çözgüdi, şol bolsa küýüň-köçäň» diýen setirlerini okanymda, onuň ýollaryny her kimiň özi tapmalydygy hakynda oýlanypdym.

Gadymy tymsallaryň birinde guýrugyny tutjak bolup, pyr-pyr aýlanyp duran pişijegiň, öz bagtyny tutmak üçin şeýdýändigi aýdylýar. Emma köpi gören garry pişik oňa bagtyň yzyndan kowalap ýetip bolmaýandygyny, onuň her kesiň öz ýanyndadygyny nesihat edýär. Soňra bolsa, «Men nirede bolsam, bagt yzymdan galman gelýär, ol mydama meniň ýanymda» — diýip, sözüni soňlaýar.

Fizik Albert Eýnşteýniň pikiriçe, bagty salgy berip boýar. Ol baryp bir asyra golaý wagt mundan ozal, ýagny 1922-nji ýylda bir hat gatnadyja bagty salgy beripdir. Nobel baýragynyň eýesi hökmünde ol Ýaponiýanyň paýtagtynda nutuklar tapgyryny okamaga barýar. Onuň myhmanhanada bolýan otagyna bir ýaş ýigit hat getirýär. Ol hat gatnadýan ýigidiň elini boş goýbermezlik üçin kisesini barlaýar. Emma şaýylyk tapmaýar. Şonuň üçin otagdaky myhmanhananyň resmi kagyzlarynyň ikisine nemes dilinde bagtyň salgysyny ýazyp berýär. Olaryň birinjisinde: «Hemişe ynjalykdan gaçyp, üstünligiň yzynda ser-sepil bolanyňdan, asuda we parahat durmuş has köp bagt eçilýär» diýilýär. Ikinji kagyzdaky ýazgy bolsa: «Eger erk bar bolsa, usul tapylar» diýlen ýazgydan ybarat.

Ýazgylary ýaş ýigidiň eline tutduran beýik alym olaryň wagty gelende ummasyz pula durjakdygyny aýdýar. Golaýda şol nesihatly kagyzlaryň birinjisini «Winners» auksion öýünde satuwa çykardylar. Oňa 2 müň dollar möçberinde başlangyç baha kesipdirler. Emma özüni tanatmak islemedik alyjy Eýnşteýniň nesihaty ýazylan kagyzy 1,56 million dollara satyn alypdyr.

Ikinji kagyzdaky ýazgynyň 240 müň dollara satylandygy habar berilýär. Şeýle-de, Eýnşteýniň başga-da hatlarynyň auksionlarda gymmat bahadan satylýandygyny ýatladýarys. Olaryň biri 33,6 müň, ýene biri 9,6 müň dollara satylypdyr.

Ýöne Albert Eýnşteýne degişli zatlaryň arasynda onuň bagtyň salgysyny berýän nesihaty hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. Üstesine onuň bahasy hem arzan däl. Has dogrusy, bagtyň salgysyny satan adam sözüň doly manysynda, millioner bolupdyr. Ýene bir adam bolsa, bir ýarym million dollar töläp, bagtyň salgysyny alypdyr.

Kim bagty nämede görýär, muny kesgitlemek okyjynyň özüne bagly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar