Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zerur maglumatlaryňyzy ýitirdiňizmi? Bekap ediň!

0
8018

Zerur bolan elektron maglumatlaryňyzy (faýllaryňyzy) ýitirip gördüňizmi? Kompýuteriň işjeň däl ýagdaýa gelmegi ýa-da operasion ulgamynyň täzelenmegi bilen maşgala suratlaryňyz, wideo şekilleriňiz, şahsy resminamalaryňyzyň pozulmagyna ýa-da gaty diskiň hatardan çykmagy bilen olaryň ýitmegine gabat geldiňizmi?

Şol wagt gaty diskiň özi däl, eýsem içindäki maglumatlar zerur diýip aýdan bolsaňyz gerek. Gaty diskdäki maglumatlary dikeltmek üçin gaty diskiň bahasyndan ep-esli çykdajy etmäge-de razy bolan bolsaňyz gerek.

Iş ýerlerimizde bolsa zerur resminamalarymyzy bilmezlikden ýitirýäris ýa-da olaryň pozulmagynyň sebäpkäri bolýarys.

Munuň öňüni nädip alyp bolar?

 

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny alyň (bekap ediň)!

Bekap (iňlis dilinde backup) – maglumatyň ätiýaçlyk nusgasyny almak prosesi.

Ilki bilen, iş ýerlerde şahsy resminamalar umumy tor disklerine goýulmaly däl, sebäbi umumy tor diskleri merkezi kompýuterde (serwerde), ýagny başga kompýuterde ýerleşýär. Eger merkezi kompýuter (serwer) hatardan çyksa, ýa-da öçük wagtyna gabat gelseňiz, onda siziň maglumatlaryňyz elýeter däl bolar. Şeýle hem, ulgam administratory muny göz öňünde tutmadyk bolsa, umumy tor disklerindäki maglumatlar başga biri tarapyndan pozulup biliner. Munuň sebäbi, adyndan belli bolşy ýaly, “umumy tor diski” – diňe siziň däl, eýsem birnäçe adamyň girmäge mümkinçiligi bolmagydyr. Şol sebäpden, iş ýerleriňizde şahsy resminamalaryňyzy umumy tor disklerinde saklaman, diňe öz kompýuteriňizde saklamagy maslahat berýäris. Eger saklan ýagdaýyňyzda hem, öz kompýuteriňize umumy tor disklerindäki maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgasyny alyp goýmagy endik edinmegiňizi talaba laýyk hasaplaýarys.

Gündelik durmuşymyzda maglumatlaryň ýitmeginiň ýene-de birnäçe ýagdaýlaryna gabat gelmek bolýar. Meselem, uly göwrümli gaty diskimizi başga bir kompýutere salmak bilen, şol kompýuterden wirusyň geçmegi we içindäki ähli maglumatlaryň pozulmagy. Ýene bir mysal, gaty diskimizi elimizden gaçyrmak we onuň döwülmegi, netijede, içindäki maglumatlarymyzyň ýitmegi.

Ýokarda agzalan howplaryň öňüni almak maksady bilen, zerur bolan maglumatlaryňyzyň elmydama ätiýaçlyk nusgasyny alyp durmagyňyzy maslahat berýäris.

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasy näme?

Kompýuter we tehnologiýalar dünýasinde elektron maglumatlaryň artmagy bilen olary dolulygyna, bitin we ygtybarly ýerde saklamak zerurlygy ýüze çykýar. Elektron görnüşde saklanylýan maglumatlaryň bir ýerden başga ýa-da birnäçe ýerlerde nusgalarynyň saklanylmagyna – maglumatyň ätiýaçlyk nusgasy diýilýär.

 

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasy näme üçin gerek?

Hakyky maglumata zeper ýeten ýagdaýynda ätiýaçdaky nusgasyny dikeltmek (ulanmak) üçin.

Her bir maglumatyň ätiýaçlyk nusgasyny saklamak zerurmy?

Ýok. Diňe zerur maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalarynyň saklanylmagy maksada laýyk bolar. Muňa mysal edip, şahsy resminamalar, maşgala suratlary, iş ýerlerinde zerur iş resminamalaryny bermek bolar.

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasyny näçe wagtdan alyp durmaly?

Munuň belli bir kadasy ýok, öz islegiňize görä. Emma maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgalaryny azyndan aýda bir gezek almagyňyzy maslahat berýäris.

*Dünýä ýüzünde iş göwrümi uly bolan edara-kärhanalarda maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasynyň günde, sagatlaýyn, hat-da hakyky wagt tertibinde alynyp durmagyna hem gabat gelmek bolar.

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalary nirede saklanylsa gowy?

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgalary gaty disklerde ýa-da USB göterijilerinde saklanylsa gowy. Olar ykjam görnüşde CD/DVD disklerinde hem saklanylsa bolýar, emma CD/DVD diskleri wagtyň geçmegi bilen tiz zaýalanýar.

*Häzirki wagtda maglumatlary saklamakda bulut saklaýjysyndan peýdalanmak döwrebap hasaplanylýar, ýagny maglumatlary internetde saklamak. Bu barada indiki makalamyzda has giňişleýin ýazarys.

Maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasy nähili saklanylmaly?

 Olar maglumatlaryň hakyky saklanylýan ýerinden başga ýerde (uzagrak ýerde) saklanylsa gowy. Meselem, bir daşky USB gaty diskindäki maglumatlaryň ätiýaçlyk nusgasy başga USB gaty diskinde başga ýerde (başga otag, başga jaý, we ş.m.) saklanylsa gowy. Munuň sebäbi bolsa, hakyky gaty diske zeper ýeten ýagdaýynda ätiýaçlykdaky nusgasyna zeper ýetmez ýaly.

*Dünýä ýüzündäki uly iş göwrümli edaralar öz maglumatlarynyň ätiýaçlyk nusgalaryny aýratyn serwer otaglarynda, hat-da ýurduň başga şäherlerinde hem saklaýarlar.

 

Maglumatyň ätiýaçlyk nusgasynyň alynyşynyň ýönekeý mysaly

Öýde:

  • Öýdäki kompýuteriňizde zerur bolan resminamalaryňyz bar.
  • Şol zerur resminamalaryňyzy gaty diske, USB göterijä ýa-da iň bolmanda CD/DVD diskine olaryň nusgasyny göçüriň.

Işde:

  • Ulgam administratoryna maglumatlaryňyzyň ätiýaçlyk nusgalaryny almak boýunça kompýuteriňizi sazlap bermegini haýyş ediň.
  • Eger ulgam administratory ýok bolsa, maglumatlary işiň gaty diskine, USB göterijisine ýa-da CD/DVD diskine olaryň nusgasyny göçüriň.

Goşmaça

 

Kompýuterdäki maglumatlardan başga, durmuşymyzda wajyp orny eýeleýän mobil telefonlarymyzdaky maglumatlaryň hem ätiýaçlyk nusgasyny saklamak maksada laýyk bolar.

Häzirki wagtda “akylly” mobil telefonlar kompýuterleriň ýerine ýetirýän köp funksiýalaryny özünde jemleýär. Şuňa laýyklykda, mobil telefonlarymyzda hem durmuşymyza degişli maglumatlary saklaýarys (suratlar, wideo şekiller, resminamalar, elektron kitaplar we ş.m.). Şol sebäpden, telefondaky maglumatlaryň hem ätiýaçlyk nusgasyny alyp durmak maslahat berilýär.

 

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar