Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Optimizm zyýanly täsir edende

0
30067

Häzirki wagtda oňyn pikirlenmegi hem-de durmuşa optimistik garaýyş bilen seretmegi ündeýän çagyryşlary örän köp eşidýäris. Sosial media ulgamynyň sahypalary meseleleri çözmek we üstünlik gazanmak üçin pozitiw bolmagyň ähmiýeti baradaky maslahatlardan doly. Käbir adamlar şowsuzlyklaryňyz barada gürrüň bermegiň negatiwligi döredýändigini, munuň bolsa öňüni almalydygyny aýdýarlar.

Pozitiwlige bolan bu tendensiýanyň ylmy kökleri bar. «Pozitiw psihologiýa» — bu keýpiçaglylygyň peýdaly taraplaryny öwrenýän gözlegiň ugry. Bu babatda geçirilen barlaglar optimistik adamlaryň stres bilen has oňat göreşip bilýändigini, olarda depressiýanyň pesdigini, şeýle-de, umuman, aň taýdan sagdyn bolýandygyny görkezýär.

Şeýle-de bolsa, Awstraliýadaky Kwinslend uniwersitetiniň işewürlik mekdebiniň gözlegçisi we mugallymy Lukas Diksonyň belleýşi ýaly, köp bilermenler netijelerini aşa umumylaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek üçin oňyn psihologiýany tankytlaýarlar.

Çendenaşa pozitiw bolmagyň ýaramaz täsiri

Pozitiw psihologiýa akyl saglygy durnukly bolan adamlar üçin peýdaly bolup biler, onuň netijeliligi çynlakaý psihologiki kynçylyklara ýa-da durmuşyň kyn ýagdaýlaryna duçar bolýanlar üçin çäklidir. Şeýle ýagdaýlarda, psihoterapiýanyň däp bolan usullary, mysal üçin kognitiw-özüňi alyp baryş terapiýasy has täsirli bolup biler.

Mundan başga-da, akyl taýdan näsazlygy bolan adamlar üçin «pozitiw pikirlenmek» baradaky maslahat diňe bir peýdasyz bolman, eýsem zyýanly hem bolup biler.

Sosial media we internet-inflýuenserler köplenç hemişelik pozitiwligiň ideallaşdyrylan keşbini kada hökmünde öňe sürýärler. Bu adamlaryň durmuşdaky kynçylyklara (ýakyn adamyňy ýitirmek, işiňi ýitirmek ýa-da gatnaşyk müşgillikleri) bolan tebigy jogaplaryna nädogry ýa-da ýaramaz garamagyna sebäp bolup biler. Netijede, duýgularyňyzy basyp ýatyrmak ýa-da inkär etmek endigini döredip bilersiňiz, bu bolsa meseläňizi hasam kynlaşdyrýar.

Gözlegler hiç zat barada pikirlenmezlige synanyşmagyň köplenç ters netije berýändigini görkezýär. Mysal üçin, 2001-nji ýylda geçirilen bir synag adamlardan gyrmyzy pil hakda pikir etmezligi haýyş etmegiň olaryň bu barada has köp pikirlenmegine sebäp bolandygyny görkezdi. Bu Karl Ýunguň «garşy çykýan zadyňyz aňda saklanýar» diýen sözlerine gabat gelýär.

Geçirilen ygtybarly gözlegler pozitiw pikirlenmek arkaly kynçylyklardan gaça durmaga synanyşýan adamlaryň uzak wagtlyk has köp aladalary we depressiýa ýagdaýyny başdan geçirip biljekdigini görkezýär.

Ähli durmuş ýagdaýlarynyň diňe pozitiw çemeleşmäni talap etmeýändigine düşünmek möhümdir. Käwagt meselä hakykata laýyk seretmek has täsirli bolup biler. Ýaramaz duýgular hünärmen kömegine ýüz tutmak ýa-da gatnaşyklara täzeden garamak üçin esas bolup biler.

Netijede, emosional aňlatmagyň möhümdigini ýatdan çykarmaly däldir. Käwagt adamlara negatiw tejribelerini gaýtadan işlemek we güýçli duýgularyny ýeňip geçmek üçin gürleşmek zerur bolýar.

Pozitiw bilen realizmiň arasyndaky deňagramlylyk

Inflýuenserleriň arasyndaky meşhur bolan pozitiw tassyklamalar we wizuallaşdyryş usullary seresaplylyk bilen çemeleşmegi talap edýär.

Öz gymmatlygyňa we özüne çekijiligiňe ynanmak özüňi duýşuňy gowulaşdyryp biler, ýöne olaryň netijeliligi adamyň özüni bahalandyrmagyň esasy derejesine baglydyr. Eýýäm pozitiw ýaşaýan adamlar üçin beýle amallar peýdaly bolup biler. Şeýle-de bolsa, özüne pes baha berýän adamlar üçin netije ters bolup biler.

Haçanda adam öz sözleriniň dogry däldigini bilip hem özüne göwnüýetijilik bilen garaýandygyna ynandyrjak bolsa, bu ýaramaz netijelere getirip biler. Beýle ýagdaýda ol ýetmezçiliklerine has oňat düşünmek bilen çäklenmän, hakykaty aýtmaýanlygy üçin özüni günäkär duýýar.

Edil şonuň ýaly-da, has gowy geljegi göz öňüne getirjek bolsaň, hakykaty göz öňünde tutmalydyr. Ösüş we ösüş ugruny dogry kesgitlemek üçin häzirki ýagdaýyňyza anyk düşünmek möhümdir.

Bu usullary ulanmakda üstünlik gazanmagyň açary pozitiw pikirlenmek bilen ýagdaýa realizm nukdaýnazaryndan baha bermegiň arasynda deňagramlylygy tapmakdyr. Bu hakykat bilen gatnaşygy ýitirmän we içerki gapma-garşylyga sebäp bolmazdan, pozitiw pikirlenmegiň güýjüni ulanmaga mümkinçilik berýär.

Akyl ýetirmek we netije çykarmak: hemişelik pozitiwligiň alternatiwasy

Häzirki zaman psihologiýasy deňagramly çemeleşmegiň peýdasyna hemişelik pozitiwlik pikirinden gitdigiçe daşlaşýar. Köp hünärmenler häzirki ýagdaýyňa düşünip, ony kabul etmek ukybyňy kämilleşdirmegi maslahat berýärler.

Kabul etmek we ygrarlylyk terapiýasy hem-de dialektiki özüňi alyp baryş terapiýasy ýaly bejeriş usullary içki dünýäňe has çuňňur we duýgur gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Bu çemeleşmeler «negatiw» diýilýän pikirlerden we duýgulardan gaça durmagy däl-de, eýsem adam tejribesiniň bir bölegi hökmünde kabul etmegi öwredýär.

Alym Lukas Diksonyň belleýşi ýaly, anonim alkogol serhoşlarynyň meşhur pikirlerindäki ýörelge şu günki güne çenli möhümligini saklaýar: «Eý Hudaý, maňa üýtgedip bilmejek zatlarymy kabul etmek üçin akyl we ruhy rahatlyk ber, üýtgedip biljek zatlarymy üýtgetmäge batyrlyk, şeýle hem olary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin bolsa paýhas ber».

Peýdalanylan çeşmeler: vfokuse.mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar