Soňky habarlar

Arhiw

Öz işiňi ýola goýmagyň syrly basgançaklary

0
20791

1. Ilkinji nobatda näme bilen meşgullanjakdygyňyzy anyk kesgitläň. Goýan maksatlaryňyzyň içinden iň peýdalylaryny saýlaň. Etmeseňem boljak zatlary bir gyra goýuň. Hemişe peýda getirjek zatlar bilen meşgullansaşyz, siz hökman üstünlik gazanarsyňyz.

2. Siziň üçin häzirlikçe hökman däl zatlar üçin “3 çüý” usulyny ulanmak dogry maslahatdyr. Size tabşyrylyp, soňam netijesi soralmadyk ýumuşlary bir gyra goýuň, geregi çykar. Birinji sapar solaralan zady birinji, ikinji sapar soralan zady ikinji, üçünji ýola soralan zady hem üçünji çüýden “asyň”. Diýmek, ähli zat düşnükli. Siz şundan soň, üçünji çüýden asylan işler bilen köpräk meşgullanmaly.

3. Gerekmejek zatlar barada hem maglumat almak. Ýöne diňe maglumat almak ýeterlikdir. Siziň diňe wagtyňyzy alyp biljek käbir güýmenjelerden wagtynda ýüz öwürmäge synanşyň.

4. Iň esasy ýollaryň ýene biri hem zyýanly endiklerden daşda durmakdyr. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, zyýanly endigiň size berip biljek ýeketäk zady zyýandyr. Üstünlige barýan ýolda zyýan bilen gabatlaşmak hiç kim üçin hem ýakymly däl bolsa gerek. Onsoňam, näçe medeniýetli boldugyňça, seniň bilen işleşmäge höwesliler hem şonça kän bolar.

5. Elbetde, girdeji gazanmak – siziň baş maksatlaryňyzyň biri. Ýöne diňe özüňizi bilmäň. Gaýtam bu gylyk siz üçin ýok ýerden mesele döreder. Ýogsa-da bir mesele barmy? Derhal çözmäge girişiň. Böwetleri näçe ir arçasaňyz, şonça peýdalydyr. Juda bir maýdaçyl hem bolmaň. Has ownukçyllyk ýersiz dartgynlylyk döreder.  Dartgynly ýagdaýda sagdyn pikirlenip bolmaýandygyny düşündirip oturmagyň hajaty hem ýok bolsa gerek. Öz işini gurýan adam üçin bolsa köpräk sagdyn pikir bilen wagt gerek.

6. Her gün täze zatlary öwrenmek we şahsy kämilligiňizi ösdürmek üçin wagt aýryň. Işleýän ýa işlejek bolýan ugruňyz hakynda köpüräk okaň. Bu pudaklardaky tejribeli adamlaryň ýazan makalalaryny yzarlaň. Hemmetaraplaýyn kämilleşjek boluň. Şol sanda sportda hem. Çünki saglyk  gojalanyňyzda çeken zähmetiňiziň miwesini görmek üçin gerek bolar. Syýahat ediň, aýlanyň. “Ýatlardan tanyş, tanyşdan dost tapyň”.

7. Telekeçilikde gerek bolaýjak käbir aýratynlyklary öwreniň. Meselem, köpçüligiň öňünde nähili täsirli çykyş etmelidigini bilmek siziň üçin iňňän peýdaly bolar. Mümkinçilik boldugyndan tesirli çykyş edip bilşiňi tejribede synap görüň. Uly ýygnaklarda diýemzok, bäş-alty adamyň ýygnanan ýerinde hem tejribe geçirip görüp bilersiňzi.  Bu babatda jeddelşmek size peýda berip biler. Garşyňyza birini alyň-da, bir mesele hakynda jedelleşiň. Heriňiz bir pikiriň tarapyny tutuň. Mümkin boldugyndan, başga bir ýoldaşyňyzdan hem şu pursaty wideo ýazgy etmegini haýyş ediň. Şeýlelikde ýüz we el hereketleriňize hem gözegçilik etmäge mümkinçilik alarsyňyz.

8. Ruhy taýdan güýçli bolmagy öwreniň. Köpçüligiň psihologiýasy hakdaky kitaplary okaň. Çünki köçülik bilen işleşmek uly sungatdyr. Bu size ýolbaşçylyk etmekde hem kömek eder.

9. Puly maksat hökmünde däl-de, serişde hökmünde görüň. Pul puly çeker. Pul gazanmak esasy maksat bolmaly däl-de, öz işiňi ýola goýmak üçin sebäp bolmaly. 

10. Hemişe maksatly işle, täzelikleri oýlap tapyjylyk ukybyňyz bolsun. Ýa-da şeýle ukyply adamlar bilen işleşiň. Öwrenen her bir zadyňyzy bellik ediniň, ýazyň. Belki ähli zady akylda saklap bilmek hem bir ukypdyr. Ýöne ýazgy arkaly bellik etmek has peýdaly. Her bir belligiň bir gün peýdasynyň degjekdigini ýatdan çykarmaň. Maksatlaryňyzy etaplara bölüň. Şonda has hakykatçyl bolarsyňyz.

Onda näme?! Bada-bat herekete geçiň! Üstünlik eýýäm siziň gapyňyzda. Hany, duruň-la!Biri gapyny kakýan ýaly-la! Bu üstünlik öýdýän!..

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar