Mifler we hakykat: aromaterapiýa barada nämeleri bilmeli

0
21666

Aslynda, efir ýaglary adamlara gadymy döwürlerden bäri tanyş bolsa-da, häzirki zaman subut edilen takyklyklara esaslanýan lukmançylygyň gorunda olaryň orny ýokdur. Olaryň ulanylyşy, esasan öý şertlerinde, gözellik salonlarynda we massaž hyzmatlarynda ulanylýandygy bilen çäklenýär. Muňa garamazdan, alymlaryň geçiren gözlegleri dogry ulanylan ýagdaýynda efir ýaglarynyň peýdaly taraplarynyň hem az däldigini görkezýär.

Tebigy, ýöne zyýanly taraplary bar. Köp adamlar efir ýaglarynyň tebigy bolmagy düýbünden howpsuz diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ýalňyş pikirdir. Efir ýaglary, hatda düýbünden tebigy düzümli hem bolsa, olaryň birnäçe zyýanly täsirlere getirip bilýän häsiýetleri bardyr: allergiki täsirler, indiwidual durnuksyzlyk, psihoz, bronhial demgysma, beýni şikesleri, onkologik keseller. Mundan başga-da, hamyla zenanlar efir ýaglaryny birinji üç aýda kabul etmeli däldir, ikinji we üçünji döwürde bolsa diňe lukmanyň rugsady bilen kabul edip bilerler.

Efir ýaglaryny derä zeper ýeten ýagdaýynda (ýaralar, sypçyryklar we ş.m) ýa-da damarlaryň warikoz bolan ýagdaýynda kabul etmeli däldir.

Gipertoniýa, böwrek keselli we garrylykda ýüze çykýan keselleri bolan adamlar (mysal üçin, Parkinson keseli ýaly) efir ýaglaryny kadaly ulanmalydyrlar. Çagalar üçin aromaterapiýa diňe lukman bilen maslahatlaşylandan soň rugsat edilýär.

Ulanylyş möhleti we saklanyş düzgünleri. Hemmeleriň düşünjesine ornan pikiriň tersine, efir ýaglary hemişelik durýan zat däldir. Olaryň saklanyş möhleti çäkli bolup, adatça, öndürilen senesinden 3 ýyla çenli dowam edýär. Açylan ýagy 12 aýdan köp ulanmazlyk maslahat berilýär.

Efir ýaglary durnuksyz himiki birleşmelerdir. Kislorod bilen täsirleşme olarda okislenmä getirýär. Netijede, zäherlenýär we ýagyň häsiýetleri üýtgeýär. Sitrus ýaglary beýlekilerden has çalt zaýalanýar.

Ýag çüýşesi berk ýapyk we Gün şöhlesiniň göni täsirinden çetde bolmalydyr.

Tebigy we sintetiki efir ýaglarynyň arasyndaky tapawutlar. Bahalary — tebigy ýaglary sintetiki ýaglardan tapawutlandyrýan ýeke-täk faktor däldir.

Tebigy efir ýaglary GOST bilen kadalaşdyrylýar, ýöne «tebigylyk» spekulýatiw bolup biler. Her öndüriji diýen ýaly öz hil standartlaryny kesgitleýär we çüýşäniň mazmunynyň bellikdäki maglumatlara laýyk gelmegine kompaniýalar özbaşdak jogapkärçilik çekýärler.

Tebigy efir ýaglary — bu diňe bir fiziki usullar bilen alnan köp komponentli önümlerdir: distillasiýa (bug, suw bilen) ýa-da basyş (sitrus görnüşlerin üçin). Şeýle ýaglary öndürmek köp zähmet talap edýär: mysal üçin, bir litr narpyz ýagy üçin 265 kg ýaprak, bir litr roza ýagy üçin bir tonna gül ýapragy gerek bolýar. Şonuň üçin tebigy ýaglaryň arzan bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Sintetiki efir ýaglary tejribehanalarda ýönekeý tehnologiýalardan peýdalanylyp öndürilýär. Munda esasy iki usul ulanylýar:

- himiki komponentlerden maddanyň doly alynmagy;
- Tebigy ýagy arzan bahaly ýag bilen taýýarlamak.

Sintetiki ýaglar has elýeterli bolsa-da, ýöne hemişe tebigy ýaglar bilen deňeşdirilende hili babatda olar bilen deň gelmeýär.

Panaseýamy ýa-da marketing tilsimi? Aromaterapiýanyň giňden ýaýrandygyna garamazdan, bejerginiň usuly hökmünde netijeliligi ýeterlik ylmy subutnamalara eýe däldir. Hilegär öndürijiler efir ýaglaryny ähli keseller üçin panaseýa hökmünde häsiýetlendirip ýerläp bilýärler.

Rus dilinde efir ýaglaryny ulanmak boýunça geçirilen barlaglardyr gözlegler ýok diýen ýalydyr. Iňlis dilindäki çeşmeleriň seljermesi bolsa aromaterapiýanyň töweregindäki işleriň örän meseleli ýagdaýlarda jemlenýändigini görkezýär. 

Diňe käbir efir ýaglarynyň ortaça sedatiw, peşew ýoluny bejeriji, spazmotologik hem-de bakterisid täsirleri subut edildi. Adamyň bioritmlerine, psihikasyna we özüni alyp barşyna täsiri bolsa ylmy taýdan tassyklanmady.

Peýdasy ýa zyýany? Efir ýaglaryny nädogry ulanmak zäherlenmä, deriniň gyjyndyrylmagyna we beýleki saglyk müşgilliklerine sebäp bolup biler.

Efir ýaglary suwda eremeýän ýokary konsentrirlenen maddalar bolup, olary arassa görnüşinde hammam ýa-da massaž üçin ulanmak bolmaýar. Kadalaşdyrylmadyk ýaglar sary gaýnama, gyzarma, gyjyndyrma we beýleki ýakymsyz alamatlara sebäp bolup biler. Şeýle hem, konsentrirlenen efirler bilen göni täsir allergiki täsire, dökülmä we çişmä sebäp bolup biler. Gormonal deňagramlylyk üçin konsentrirlenen ýaglaryň howpy bar.

Haýwanlarda geçirilen soňky gözlegler efir ýaglaryny aşa köp ulanmagyň zyýanly netijelere sebäp bolup biljekdigini görkezdi:

- täze döremeleriň ösüşi. Käbir hadysalarda efir ýaglarynyň aşa köp mukdarda ulanylmagy çişleriň ösmegine itergi berip bilýär;
- patologiki ýagdaýlar. Efir ýaglaryny aşa köp ulanmak dürli patologiýalara sebäp bolup, dürli beden ulgamlarynyň işleýşine täsir edip biler.

Efir ýaglary panaseýa däldir, ol lukmançylyk kömeginiň ýerini hem tutmaýar.

Hünärmenler efir ýaglarynyň «iýmit goşundysy» hökmünde peýdalanylmagy babatda ygtybarly maglumatlaryň ýokdugyny belleýärler. Şunuň bilen birlikde, efir ýaglary bilen zäherlenmeler, esasanam, bedenleri has ejiz çagalarda köp ýüze çykýar.

Aromaterapiýa nerw ulgamyny «kadalaşdyrmaga» kömek edip bilermi? Efir ýaglary newroz, ukusyzlyk ýa-da depressiýa üçin ýöriteleşdirilen serişdeleriň ornuny tutup bilmez. Ýöne ýakymly ysly aroma çyra rahatlanmaga we psiho-emosional dartgynlylygy aýyrmaga täsir edip biler.

Şol bir ysyň bir adamy köşeşdirip biljekdigini, ýöne negatiw ýatlamalar bilen baglanyşykly bolsa başga birini hem gaharlandyryp biljekdigini göz öňünde tutmak möhümdir.

Peýdalanylan çeşmeler: www.katrenstyle.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar