Ösümlik ýaglary — bu sagdyn iýmitlenmegiň möhüm düzüm bölegi. Olaryň düzüminde doýgun däl ýag kislotalarynyň, witaminleriň we antioksidantlaryň bolmagy saglygy we gözelligi saklamaga kömek edýär. Ösümlik ýaglary möhüm Omega-3 we Omega-6-nyň çeşmesidir. Bu polidoýgun ýag kislotalary adam bedeni tarapyndan öndürilmeýär, şonuň üçinem bu elementlere baý iýmitleri iýmit tertibiňe goşmaly.
Omega-3 kislotalary ýürek we gan damarlarynyň işlemegine, immunitete we deriniň ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Omega-6 kislotalary neýralgiýa, sowuklama, gan basyşynyň ýokarlanmagy we bogun keselleri üçin peýdalydyr.
Şeýle-de bolsa, ösümlik ýaglary artykmaç derejede sarp edilen ýagdaýynda ýa-da nädogry saklanylsa zyýanly bolup biler.
Ösümlik ýaglary barada nämeleri bilmeli?
Rafinirlenen we rafinirlenmedik ösümlik ýaglarynyň arasyndaky tapawut.
Rafinirlenen ýag arassalaýşyň birnäçe tapgyryndan geçýär, netijede bolsa öz ýumşak ysyny, tagamyny, reňkini we käbir iýmitlik maddalaryny ýitirýär. Emma şol bir wagtyň özünde, onuň saklanyş möhleti uzak bolýar. Öňünden işlenilmegi netijesinde, bu ýagda gyzdyrylanda zyýanly trans ýaglar emele gelmeýär, şonuň üçin ol gowurmak üçin amatlydyr. Ýagy bir zady gowurmak üçin gaýtadan ulanmaly däldigini ýatdan çykarmaly däldir.
Rafinirlenmedik ýag ýa-da sowuk basma ýagy diňe basylandan soň galan bölejikleri aýyrmak üçin süzülýär. Ýag pes temperaturada taýýarlanylýar, şonuň üçin özünde köp witaminleri saklaýar we ýumşak ysy hem-de tagamy bolýar. Rafinirlenmedik ýag işdäaçar taýýarlamak üçin laýykdyr.
Saglyk üçin iň peýdaly ýag
Dietologlar şulary maslahat berýärler: ösümlik ýaglaryndan köp derejede peýdaly maddalary almak üçin olary kombinirläp we gezekleşdirip peýdalanmak has gowusydyr, sebäbi ýokumly maddalaryň mukdary we gatnaşygy ýagyň görnüşine baglydyr.
Ýag kislotasynyň düzümi, tagamy we ysy bilen tapawutlanýan ösümlik ýaglarynyň köp görnüşi bar. Iň giň ýaýran görnüşlerine seredip geçeliň:
Günebakar ýagy
Peýdasy: aşgazan-içege we endokrin ulgamynyň işlemegini kadalaşdyrýar; çişmegi aýyrmaga we bagry arassalamaga kömek edýär; gan damarlarynyň diwarlaryny we ýürek myşsasyny güýçlendirýär. Kadaly kabul edilen günebakar ýagy ganyň holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär.
Zyýany: günebakar ýagyny ajöze iýmeseňiz we gowuranyňyzda gaýnar ýaly derejede gowurmasaňyz zyýany ýokdur. Ikinji ýagdaýda adam bedenine zyýanly kanserogenler emele gelýär. Günebakar ýagy kaloriýalylygy sebäpli öt daş keseli we aşa agramly adamlar üçin maslahat berilmeýär.
Zeýtun ýagy
Peýdasy: gan damarlaryny daraldýar, artikulýar kekirdek öýjükleriniň dikelmegine kömek edýär, gan basyşyny peseldýär, öt haltasynyň çykmagyny azaldýar. Mundan başga-da, zeýtun ýagyndaky linoleý kislotasy ýaralaryň we kesikleriň bejergisini çaltlaşdyrýar, şeýle hem hereketleriň utgaşdyrylmagyny we görüş ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.
Zyýany: Zeýtun ýagyny aşa köp iýmek agramyň ýokarlanmagy, gan basyşynyň peselmegi we ganyň şekeriniň peselmegi ýaly zyýanly täsirlere sebäp bolup biler.
Raps ýagy
Peýdasy: ýagda Omega-3-6-9 ýag kislotalary bar. Mundan başga-da, Omega-3-iň Omega-6 bilen gatnaşygy 1-den 2-ä çenli — ýagny, bu adam saglygy üçin iň amatly ýagdaýdyr. Raps ýagy gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär we çeýeligini ýokarlandyrýar, aterosklerozyň ösmeginiň öňüni alýar. Raps ýagy süýt demirleriniň zyýanly prosesleriniň ösmegine garşy durmaga we erkin radikallaryň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga kömek edýän maddalary öz içine alýar.
Zyýany: Raps ýagynda saglyga zyýanly eruk kislotasy bolup biler. Bu kislotanyň köp bolmagy ýürek, böwrek we bagyr keselleriniň döremegine sebäp bolup biler. 2000-nji ýylda geçirilen barlagda ýagyň ýeke-täk çeşmesi hökmünde raps ýagynyň haýwanlarda insulty döredip biljekdigi anyklandy.
Eruk kislotasynyň howpsuz mukdary — 0,3-0,6%-dir. Häzirki wagtda bazarda eruk kislotasyny öz içine almaýan raps ýagyny tapyp bilersiňiz. Muňa anyk göz ýetirmek üçin bolsa önümiň gözükdirmesini üns bilen okaň.
Mundan başga-da, öt daş keseli we dowamly gepatitiň güýçlenmegi bilen raps ýagyny iýmek gadagandyr.
Pagta ýagy
Peýdasy: gan basyşyny peseldýär, immuniteti güýçlendirýär, holesterin nyşanlaryny eredýär, Alsgeýmer keseliniň we rak keseliniň mümkinçiligini peseldýär.
Zyýany: aşa köp sarp edilse, önüm allergiýa sebäp bolup biler. Iýmit üçin diňe arassalanan pagta ýagy ulanylýar. Çig hem-de arassalanmadyk ýag zäherlidir.
Jöwen ýagy
Peýdasy: Ýag Omega-6 ýag kislotalaryna baýdyr, ýöne kadaly iýmit hökmünde iýilende Omega-3 ýag kislotalarynyň azdygyny göz öňünde tutmalydyr. Şeýle hem, jöwen ýagynyň rasionda bolmagy gandaky holesteriniň derejesini azaltmaga kömek edýär.
Zyýany: kaloriýasy köp, şonuň üçin ony ortaça sarp etmeli.
Künji ýagy
Peýdasy: ýokumly maddalara baýlygy üçin künji ýagyny «ýag tohumlarynyň şasy» diýip hem atlandyrýarlar; düzüminde aminokislotalar, witaminler, poli doýgun kislotalar, makro hem mikroelementler bar. Künji ýagy köp peýdaly häsiýetlere eýedir. Ýürek-damar, nerw we endokrin ulgamlarynyň işleýşini gowulandyrýar, metabolizmi kadalaşdyrýar hem-de adaty şekeriň we holesteriniň derejesini saklaýar. Şeýle hem immunitet ulgamyny güýçlendirýär, ýaralaryň bejergisini çaltlaşdyrýar we çişi aýyrýar.
Zyýany: künji ýagy güýçli allergen, şonuň üçin allergiki reaksiýalara ýykgyn edýän adamlar künji ýagyny iýmezden ozal lukmana ýüz tutmalydyrlar. Mundan başga-da, dietologlar önümi warikoz damarlaryndan, gan damarlarynyň köpelmeginden we gan damarlaryna ýykgyn edýän adamlara maslahat bermeýärler.
Zygyr ýag
Peýdasy: gandaky holesteriniň derejesini peseldýär, gan damarlarynyň çeýeligini ýokarlandyrýar, bagryň işleýşini gowulandyrýar we iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär. Zygyr ýagynda Omega-3 balyk ýagyndaka garanyňda iki esse köpdür.
Zyýany: öt haltasynyň we aşgazanasty mäziniň keselleri bolanlara maslahat berilmeýär. Seýrek ýagdaýlarda zygyr tohumy ýagyna şahsy çydamsyzlyk ýüze çykýar.
Zygyr ýagynyň çalt okislenýändigini we zaýalanýandygyny ýatdan çykarmaly däldir, şonuň üçin ony salkyn hem garaňky ýerde 60 günden köp saklamaly däl. Eger ýag bulanan bolsa, ysyny ýa-da reňkini üýtgeden bolsa, ýagy iýmeli däl.
Üns beriň! Makala diňe maglumat bermek maksady bilen ýazylan. Hatda iň peýdaly önümleri hem başga maksat bilen peýdalanmaly däldir we ony doly derejeli bejergi hökmünde ulanmaly däldir.
Peýdalanylan çeşmeler: www.kp.ru; food.ru; www.trioreha.ru
Şeýle-de okaň: