Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Modern suratkeşi Amanmyrat Modyýewiň döredijiligi

0
3482

Modern sungatynyň çeperçilik akymlary bilen içgin gyzyklanýan zehinli suratkeş Amanmyrat Modyýewiň döredijiligi häzirki zaman nakgaşlarynyň we sungat muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy.

Amanmyrat Modyýew 1983-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, 2000-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölümine okuwa girýär we bu ýerde nakgaş Guwançmyrat Hojaniýazowyň halypaçylygynda okaýar. Bu mekdebi üstünlikli tamamlap, bilimini kämilleşdirmek maksady bilen 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna monumental nakgaşçylyk hünäri boýunça Öwezmuhammet Lallykowyň ýolbaşçylygynda  bilim alýar we özüniň döredijilik ýoluny tapmaga irginsiz gözlegleri alyp barýar.

Suratkeş hyjuwly zähmetiň netijesinde  2013-nji ýylda “Türkmen alymlary” atly diplom işini ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda bu uly göwrümli eser Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kitaphanasynda mynasyp ornuny eýeleýär. A.Modyýew çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlan ýylynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna saýlanýar.

Amanmyrat Modyýew 2014-nji ýylda halypa suratkeş Aşyrmuhammet Kulyýew, ýaş suratkeşler Baýram Bazarow, Myratmergen Kulyýew bilen birlikde “Türkmen alymlary” atly uly göwrümli monumental nakgaş eserini döretdi. Bu eserde orta asyrlarda ylym-bilimiň ösmegine öz ylmy eserleri, çäksiz akyl-paýhasy bilen goşant goşan akyldarlaryň keşbi beýan edilýär. Häzirki wagtda bu monumental eser Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýerleşýär.

Amanmyrat Modyýewiň döredijiligine özboluşly sungat dünýäsi hökmünde garamak bolýar. Onda ähli zat aýratyn gözellige, haşamlylyga eýedir. Suratkeş durmuşdaky her bir hadysa üýtgeşik suratkeşlik nukdaýnazary bilen garaýar. Onuň döredijiligine mahsus haşamlylygy, kubizm, abstraksionizm we impressionizm ýaly döwrebap çeperçilik  äheňleri özünde jemleýän natýurmortlary tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalýar. Suratkeş bu žanra aýratyn ähmiýet berýär.

Nakgaşyň döredijiliginde gözel tebigatymyzy şahyrana wasp edýän peýzažlar, tematiki sahnalar hem öz mynasyp ornuny tapýar.

“Nygmatlar”, “Durmuş”, “Miras”, “Sazlaşyk” ýaly eserleriň baş gahrymanlary hökmünde kubizmiň we beýleki çeperçilik akymlaryň aýratynlyklary ir-iýmişleriň, tebigatyň çeper keşbiniň we güller dünýäsiniň täsinligi suratkeşiň köptaraplaýyn garaýyşyny beýan edýär.

Ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini ýöredýän Amanmyrat Modyýew ýaş nesle nakgaşlyk sungatynyň ussatlyk syrlaryny öwredýär. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň çäginde we döwlet derejesinde geçirilýän sergiler, bäsleşikler bilen birlikde daşary ýurtlarda, halkara sergilerde hem öz döredijilik üstünliklerini aýdyň ýüze çykarýar. A.Modyýew 2022-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Orta Aziýa we Gazagystan Respublikasynyň suratkeşleriniň arasynda gurnalan bäsleşik sergisine gatnaşyp, ýeňiji bolýar.

2022-nji ýylda nakgaşyň yzygiderli, önjeýli döredijiligiň netijesinde “Geçmişden geljege”, “Güneşli ülkäm” atly mozaika taslamalar we “Üzärlik”, “Keýik okara”, “Atlar”, “Gülli küýze”, “Jaň”, “Günebakarlar” we beýleki eserler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy munuň şeýledigini doly subut edýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Amanmyrat Modyýewiň açylan şahsy sergisi suratkeşiň modern sungatynyň tarapdary hökmünde zehinini açýan nakgaşlyk eserleriniň ýygyndysy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.  Gelejekde-de Amanmyrat Modyýewe türkmen şekillendiriş sungatyna goşýan saldamly goşandy üçin uly döredijilik üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Tawus ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar