Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýurdumyzyň ulag ulgamy

0
432

Ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasyna, onda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki ýagdaýlardan ugur alnyp, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýörite ugruň işlenilip düzülendigini aýtmak hem artykmaçlyk etmese gerek. Üstaşyr ulag geçelgeleri sebit, şeýle hem dünýä üçin iňňän ähmiýetlidir. Halkara hyzmatdaşlygy alyp barmakda türkmen paýhasynyň tejribesi baýlaşýar. Zemin umumy öýümiz bolsa, türkmen onuň rahatlygynda, eşretinde öz asudalygynyň, eşretiniň üpjün boljakdygyny görýär. Arkadagly Serdarymyzyň hut şol ýörelgäni dowam etdirmegi milletimiziň dünýäni özgertmek ýaly belent sypatynyň özboluşly bir ýüze çykmasydyr. Ýurdumyz il-ýurt bähbitli desgalary bilen täze, sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminde möhüm orna eýe bolýar. Şunda öňi bilen goňşuçylyk ýörelgeleriniň has çuňlaşmagy, döwletara ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin amatly şertler üpjün edilýär.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Gummanowa Gurbansoltan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar