Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Innowasion tehnologiýalardan peýdalanylýar

0
1542

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitledi. Konsepsiýanyň esasy maksady, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bilim ulgamy döwrüň şertlerine, innowasion tehno­logiýalaryň ýerlikli we netijeli peýdalanylmagyna görä kämilleşýär. Şunuň bilen birlikde, ol döwrebap bilim, ilkinji nobatda, mugallymyň hünär başarjaňlygyna we işjeňligine baglydyr. Häzirki wagtda döwrebap bilim tehnologiýalarynyň ösmegi bilen baglanyşykly ses we wideo ýazgylary, kompýuter programmalary bilime giňden ornaşdyrylýar. Maglumat tehnologiýasy bilimiň köp ugurlarynda, dürli okuw şertlerinde we ähli derejelerde bilimi baýlaşdyrýar. Şeýle usullaryň maksady okuw işini işjeňleşdirmek we güýçlendirmek bolup durýar. Innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp guralýan sapaklar okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Ösen kompýuterleriň, tehnologiýalaryň multimedia tagtasynyň kömegi bilen öwredilýän temanyň ýokary derejede geçilmegine mümkinçilik bolýar. Bilim ulgamynda okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrebap şertlerde durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Arbabowa Nurjemal

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar