Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ylym-bilim ulgamynda özgertmeler

0
518

Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary mekdebi özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamalydyr.

Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak babatda soňky döwürde kabul eden çözgütleri hem şu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtaýar. Şu maksat bilen, kompýuter ulgamy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylýar, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimizi has-da berkider.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Aşyrowa Gülälek

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar