Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň gülgüne öwüşgini: Tekjäňe nädip gülgüne reňki gatyp bolar

0
15378

Margo Robbiniň baş gahryman boup gatnaşmagynda surata düşürilen «Barbi» filmi ozaldanam meşhurlygy ýetik bolan «Barbiecore» trendine ýene-de uly tanymallyk getirdi.

«Barbiecore» — bu bir gurjaga bagyşlanan estetika. Gülgüne reňk, glamur we öwüşgin — bu stiliň esasy özüboluşlylygy.

Şeýle-de bolsa, biziň käbirimiz gülgüne reňke skeptik garaýyş bilen seredip, ony has açyk hasaplaýarys, tekjede şu reňkde geýimleriň bolmagy babatda hem şeýle düşünjämiz bar. Golliwudyň sary saçly aktrisalary üçin bolsa gülgüne reňk sazlaşyksyz ýaly görünýär ilkibada.

Aslynda bolsa, gülgüne köp taraply reňkdir. Ol gündelik we agşam, romantiki we işewürlik ýerleri üçin laýyk bolup biler. Gülgüne beýleki reňkler bilenem örän göwnejaý sazlaşýar.

Eger garderobyňyzda gülgüne reňke orun bermegi birhili görýän bolsaňyz, ine size başlamak üçin birnäçe maslahat:

Ähmiýet. Uly bolmadyk zatlardan başlaň, mysal üçin gülgüne şarf, sumka ýa-da köwüş.

Sazlaşyk. Gülgüne köp reňkler bilen utgaşykly görünýär. Ilkibadalar gülgüne reňki neýtral hasap edilýän reňkler bilen sazlaşykly peýdalanyň. Meselem, ak gara ýa-da çal...

Tejribe. Gülgüne reňki dürli öwüşginler bilenem tejribede synap görmekden çekinmäň. Gülgüne köpgyraňly reňk bolansoň, köp ýarym tony özünde jemleýär: ol açyk bolup biler, pastel reňk, yssy, sowuk, dymyk we neon hili bolup biler. Öz gülgüne reňkiňizi tapmaga ymtylyň, eger dogry reňki tapyp bilseňiz, ol görnüşiňizi has başgaçalaşdyryp, sizi 5-10 ýaş häzirkiden kiçi görkezip biler. 

Eger siz häzirem gülgüne reňki ulanmagy göwnüňize jaý hasap etmeýän bolsaňyz, onda-da bu reňke garderobyňyzdan orun bermek hyýalyňyz bar bolsa, ine ýene-de birnäçe maslahat:

Öz stiliňize üns beriň. Klassiki görnüşi halaýan bolsaňyz, ýapyk gülgüne, şetdaly ýa-da merjen ýaly gülgüne öwüşginleri saýlaň. Tejribede barlmaga ýyлgyn edýän bolsaňyz, gülgüne reňkiň has açyk görnüşlerini saýlap bilersiňiz, meselem: fuksiýa, malina ýa-da losos öwüşginli.

Ýagdaýy göz öňünde tutuň. Eger siz işewürlik ýygnagyna barjak bolsaňyz, gülgüne reňkiniň erkin görnüşini saýlamak gowy bolar. Oturylyşyga barjak bolsaňyz hem ýagty öwüşginli reňki saýlap alyp bilersiňiz.

Aýal-gyzlar erkekleriň garderobyndan nusga hökmünde kabul edilen elementler — giň balak, konserwatiw oksford, köýnek we ş.m. bilen geýnüw stili garyşdyrmak arkaly gülgünäniň glamurlygyny ýapyp bilerler.

Surat: ru.freepik.com

Gülgüne reňk erkekleriň şkafynda 

Gyzykly tarapy, 20-nji asyryň başynda gülgüne erkekleriň reňki hasaplanypdyr we güýç-kuwwaty, gaýgytlylygy alamatlandyrypdyr. Şeýle-de bolsa, soňky onýyllygyň dowamynda gülgüne «gyzlaryň reňki» hökmünde meşhurlyk gazandy. Muňa garamazdan, erkek modasynda-da soňky ýyllarda dürli geýim görnüşleri synag edilip, täze indiwidual stilleriň döremegine çemeleşilýär.

Erkekler üçin gülgüne eşikleriň iň meşhury köýnekdir. Laýyk gelýän galstuk bilen utgaşyp, ol ajaýyp görnüşi döredýär. Şeýle-de gülgüne elegant switer hem owadan görünýär, ol, esasanam, aşagy zolakly köýnek bilen geýilende gelşiklidir.

Gülgüne reňk ak, gara, çal we pastel gök bilen gowy gelişýär. Gülgüne we hakiniň özboluşly birleşmesi size märekede tapawutlanyp durmaga ýardam eder.

Jemleme ýerine şuny bellese bolar: Gülgüne reňk — şkafyňyza gyzykly we şatlykly pursatlary gatmak üçin ajaýyp usul. Şonuň üçin gülgüne reňki arkaýyn we islendik ýagdaýda peýdalanyp bilersiňiz, şonda öz daşky keşbiňiziň nähili üýtgejekdigini görersiňiz!

Peýdalanylan çeşmeler: fcollection.by; 101oblik.ru; tyttaya.ru; catalogclub.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar