Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bilim ulgamy kämilleşýär

0
3511

Berkarar döwletiň taze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty günsaýyn badalga almak bilen, halkara gatnaşyklary ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary alyp barýar. Biziň ýurdumyz giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek we parahatçylyk söýüjilik hem-de naýbaşy ynsanperwerlik gymmatlyklaryň ileri tutulmagy ýaly belent maksatlara eýerýär. Döwletimizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin uly tagallalar edilýär. 

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.  Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumzyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde öz ene dilimizden başga-da birnäçe daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegi, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň barha artýandygyny görkezýär. Bu gatnaşyklar bilim ulgamynda hem uly ösüşlere getirýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň we öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Körpe nesillerimize mekdebe çenli çagalar bagyndan başlap, daşary ýurt dilleri hökmünde iňlis, rus dilleri öwredilýär.  Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda “ Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şeýle ajaýyp döwürde biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly Serdarymyza uly alkyşlar aýdýarys. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Garlyýewa Çynar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar