Soňky habarlar

Arhiw

Öýüň interýerinde ak reňkli mebel: stilli, oňaýly, ýerlikli

0
36824

Adamlaryň aglaba bölegi ak reňkli interýerleri halaýarlar, ýöne edil şonuň ýaly-da, bu reňki ulanmak üçin amatsyz hasap edýärler. Şeýle-de bolsa, ak mebelleri hapalanýan ýa-da has näzik reňk diýip bilýänlerem onuň interýerde arassalyk, täzelik, rahatlyk duýgusyny döredýändigi we giňişligiň göze gelüwliligini giňeltmäge ýardam edýändigi bilen ylalaşýarlar.

Ak mebelleriň amatsyzdygy baradaky düşünjä garamazdan, gara mebellerde tozan we el yzlary has gözeilginç bolýar. Öýde kiçijik çagalar ýa-da öý haýwanlary ýok bolsa, ak mebel dizaýn çözgüdi hökmünde ajaýyp saýlaw bolup biler.

Surat:  ru.freepik.com

Aslynda, ak reňk adamy köşeşdirýär we ruhy taýdan arkaýynlaşdyrýar. Ak ýa-da açyk reňkli ýumşak pastel reňkdäki mebelleriň diwarlar bilen sazlaşygyndaky ýatylýan otag (süýt reňk, açyk sary, narpyzreňk, açyk gök we ş.m.) örän rahat we ajaýyp görünýär. Ak reňki beýleki açyk reňkler bilen utgaşdyrmak diwarlaryň we mebelleriň hemmesiniň ak bolmagy sebäpli duýlup bilinjek hassahanada bolmak duýgusyny aradan aýrar. Ak mebeli saýlanyňyzda birneme sarymtyl öwüşginli, ýyly reňk öwüsýänini saýlamak ýerlikli bolar, sebäbi sowuk gök öwüsýän adaty ak mebel gözüňize oňaýsyz görner.

Myhman otagy üçin ak reňkiň dürli reňkler bilen sazlaşan öwüşginli mebeller dabaraly äheň we giňlik berer. Şeýle mebel içerde minimalizm, skandinaw ýa-da prowans, şeýle hem ampir ýa-da nusgawy stilde gowy görünýär. Açyk reňkli aýdyň mebeliň oňyn artykmaçlyklaryny görmek üçin ak reňkden beýleki reňkler — gara pollar, diwarlardaky reňk öwüşginleri, reňk perdeleri we ş.m. goşup bilersiňiz.

Myhman jaýynyň penjireleri Gün düşmeýän tarapa bakyp duran bolsa, ak mebel bu ýagdaýda örän gowy çözgüt bolar — otaga ýagtylyk we howa goşar.

Skandinaw stilindäki aşhana — ak mebel üçin ajaýyp görnüşdir. Myhman otagynda bolşy ýaly, bu ýerde hem ak stollaryň, oturgyçlaryň we şkaflaryň garaňky öwüşginli (goňur, çal, goýy ýaşyl) ýer we perdeler bilen sazlaşygyny döredip bolar. Ak mebel bilen enjamlaşdyrylan aşhanany hasam «janlandyrmak» üçin dürli kontrastly aksessuarlary goşup bilersiňiz: reňkli süpürgiçler we gaplar, gül gaplary we küýzeler, stoluň üstündäki salfetkalar ýa-da oturgyçlar üçin ýassyklar. Esasy zat — reňk taýdan kontrast zatlara aşa üns bermeli däldir, ýogsam içerde ak reňkiň fonunda olar umumylykda gelşiksiz bolup görner. Ak mebelli aşhana dizaýn edilende ak bilen ýyly süýt reňki ileri tutmak laýyk bolar.

Surat:  ru.freepik.com

Çagalar otagynda ýerleşdirilen ýagdaýynda ak mebel örän tertipli görner. Dogry, eger kiçi çaga eline galam alyp öýde hemme zady — diwarlary, pollary, mebelleri reňklemek islese, ak mebel tiz köneler. Çagalar otagy üçin ak mebeli saýlamagy laýyk görseňiz, bu ýerde dizaýna başga reňkleri hem goşmak bolar. Mysal üçin, haly, perdeler, düşek. Çagalar otagynda ak mebeller beýleki reňkdar zatlaryň ýany bilen has göwnejaý bezeg berer.

Ýumşak ak mebellere ideg etmek aňsat bolar ýaly, aýrylyp-dakylýan daşlary almak maslahat berilýär. Şeýle örtükleriň ak matasy hapa bolsa-da, olary elmydama aýryp, ýuwup ýa-da gury arassalap bolýar. Olar dürli ýagdaýlary nazarda tutmak bilen, has berkligi üçin sintetikany goşmak arkaly dykyz tebigy matalardan ýasalýar.

Göwrümli mebeli saýlamakda hapalanan ýagdaýynda arassalap boljak dykyz ýalpyldawuk görnüşli MDF ýaly materiallara ähmiýet berseňiz gowy bolar.

Ak mebelleri ileri tutmak kararyna gelseňiz, ýöne mebel dükanlarynyň görnüşleri dürli-dürli däl bolsa, adaty ýasalan mebel hemişe kömege gelýär.

Eger ak reňkdäki mebellere ähmiýet berýärin diýseňiz, şeýle-de mebel dükanlarynyň haryt görnüşleri köpdürli däl bolsa, onda mebeli sargyt esasynda  özbaşdak stilde ýasatmak ýerliklidir.

«Alpha Home» dizaýn studiýasynyň ussalary uly tejribä eýe bolup, islendik görnüşdäki we maksatly mebelleri ýasap berýärler: diwanlar we oturgyçlar, şkaflar, naharhana we aşhanalar üçin enjamlar, çagalar otaglary, ofisler, koridor ýa-da lojiýa. «Alpha Home» kärhanasynda ulanylýan materiallar, enjamlar we düzüm bölekleri Türkiýäniň we Ýewropanyň iň gowy zawodlarynda öndürilýär.

Tikmek üçin niýetlenen matalaryň we mebel daşlary üçin materiallaryň baý köpdürli görnüşleriniň bolmagy netijesinde «Alpha Home» kärhanasyna islendik reňk görnüşinde, şol sanda ak reňkli mebeli sargyt edip bolýar. Zerur bolan ýagdaýynda studiýa deslapky 3D wizuallaşdyrma taslamasyny düzmek arkaly mebel dizaýneriniň maslahatyny ýetirmäge, maslahatlaşmaga taýýardyr, munda önümleriň özüne alty aýa çenli kepillik berilýär.

«Alpha Home» dizaýn studiýasynyň önümleriniň nusgalary bilen onuň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan ýa-da şu salgyda ýerleşýän ofise baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý, «Bereket» binasy (girelge howludan).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 we (+993 12) 12 12 91.

Peýdalanylan çeşmeler: homester.info; romatti.ru; rerooms.ru  

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar