Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Abu Aly Ibn Sina stomatologiýa hakynda

0
4568

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe halk lukmançylygynyň tejribelerini, häzirkizaman ösen lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny, Ibn Sinanyň, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Jelalletdin Hydyryň we başgada lukmançylykda yz galdyran alymlaryň miraslaryny çuňňur öwrenmäge hem-de giňden peýdalanmaga uly itergi berilýär. Biz hem şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: “Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy Ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen köp okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir” - diýen  ajaýyp sözlerinden ugur alyp beýik alym , filosof, meşhur lukman Abu Aly ibn Sinanyň ömri we döredijiligi bilen gyzyklandyk hem-de elýeterli bolan birnäçe edebiýat çeşmelerini öwrenip, stomatologiýanyň häzirki zaman meselelerine degişli ýerleri hakynda Türkmenportalyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Abu Aly Hüseýin ibn Abdullah ibn Aly ibn Hasan ibn Sina 980-nji ýylda  demirgazyk Türkmenistanda (Buhara golaý Afşana obasynda, gurply we bilimli) paç ýygnaýan maşgalada dogulýar. Ibn Sinanyň bäş ýaşy dolanda, maşgalasy gündogaryň medeni merkezi hasaplanan Buhara şäherine göçüp barýar. Ibn Sinany ýaşlykdan  musulman mekdebine okamaga berýärler. Ol ýerde çagalara dini kitaplary okamagyň, namaz okamagyň we olary berjaý etmegiň tertip düzgünleri öwredilýär. Bu mekdepde  kiçijik Ibn Sina on ýaşyna çenli okaýar we öz mugallymlaryny, özüniň ukyby we mümkinçilikleri bilen haýran galdyrýar. Ibn Sinanyň on ýaşy dolanyndan soňra,  kakasy bu mekdepden çykaryp, ýörite mugallymlardan aýratyn sapaklar alyp başlamagyny ýola goýýar. Netijede bu haýyrly hereket bilimiň dürli ugurlary boýunça meşgullanmaga mümkinçilik döredip, ylmyny kämileşdirmäge ýardam berýär. Ibn Sinanyň ilkinji mugallymlarynyň biri hem meşhur alym filosof Natilidir. Alym, filosof Natili, Ibn Sina filosofiýa, geometriýa, astronomiýa, fizika, logika we beýleki ylymlaryň çuň manysyny özleşdirmäge ýardam berýär. Ibn Sina gysga wagtyň içinde ylmyň dürli ugurlary boýunça kämillleşip, özbaşdak meşgullanyp başlaýar. Ol on sekiz ýaşyna ýeteninde  lukmançylygyň ylmy işlerini özleşdirip, özünden öňki, lukmançylykda  meşhurlyk gazanan alymlar Gippokratyň, Galeniň işlerini we lukmançylykdaky esasy ýollaryny  özleşdirýär we amaly lukmançylygy giňden öwrenip başlaýar. Ibn Sina Buharada okap ylymyň çuň manylaryny öwrenip Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň dürli ugurlary boýunça iň ýokary derejeleri ele alýar. Samanylylar (Samanid) döwleti syndyrlandan soňra Ibn Sina, Buhara şäherinden mejbury ýagdaýda çykyp gidýär we Horezm welaýatyna göçüp barýar. Alym şol döwürde, özüniň şahsy pikirleri üçin soltan Mahmudyň gazabyna duçar bolýar we oňaýsyz ýagdaýda galanlygy sebäpli, Horezmi taşlap köp welaýatlarda we şäherlere (Gürgende, Reýde) göçüp-gonup ýaşamaga   mejbur bolýar. Ahyrynda Hamadan şäherine (Eýran Yslam respubikasyna) baryp ýetýär. Döwrüniň kynçylykly günleri, irginsiz zähmetleri Ibn Sinanyň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýär we 1037-nji ýylyň iýun aýynda 58 ýaşynda dünýäden ötýär we Hamadan şäherinde jaýlanýar.

Onuň guburynyň üstüne galdyrylan gümmez biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr hem-de köp adamlaryň zyýarat edýän ýerine öwrülipdir. Alym ylmyň her bir ugru boýunça öwrenip olardan baş alyp çykypdyr. Lukmançylyk ylmyndan bolsa, ol öz ýoluny goýup gidipdir. Ol çeken zähmetiniň netijesinde lukmançylyk, tebigat, astronomiýa, geometriýa, syýahatçylyk, filosofiýa, şygryýetçilik, edep-ekram, gözellik ýaly ugurlardan kämillige ýetipdir. Abu Aly Ibn Sinanyň ylymda goýan esasy uly ýoly lukmançylykda bolup, 1020-nji ýylda ýazyp başlan we netijeli tamamlan eseri “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“ atly golýazmasydyr. Onuň bu ylmy işi, şol döwrüň  ýewropa ýurtlarynyň ylmy dili bolan latyn diline terjime edilýär we ol diňe bir Gündogarda meşhurlyga eýe bolman, eýsem Günbatarda-da alty ýüz ýyldan hem köpräk döwürde lukmançylyk mekdepleriniň iň esasy okuw kitaby bolup giňden peýdalanylypdyr. Alymyň eserinde lukman filosoflar Gippokratyň, Galeniň, Aristoteliň öz döwürlerinde, dürli wagtlarda ýazyp beýan eden ylmy işleri bilen, pikirleriniň gabat gelýändigi bilen, bu ylmy işleriň üstüni ýetirip ýazylanlygy üçinem meşhurlygyny ýitirmän asyrlardan-asyrlara aşyp, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Alymyň şeýle bir ajaýyp beýan eden şözlerini belläp geçmek ýerlikli hasap edýäris: “Ilki – söz, soň-ösümlik, olaryň başarmadyk halatynda-tyg”.

Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly ylmy işi özünden ozal lukmançylyk ugrunda, dünýä belli irki asyr alymlaryň ýazyp beýan eden ylmy işleriniň ýetmezçilikleriniň öwezini dolduryp, ýazylyp taýýarlanylan bahasyna ýetip bolmajak ylmy işleriň biridir. Ibn Sinanyň bu golýazmasy lukmançylygyň ensiklopediýasydyr. “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly golýazma 5 tomdan ybarat bolan kitapdyr. Ibn Sinanyň bu ylmy işi 2004-nji ýylda Türkmen Halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yhlasly zähmetiniň we pähim-paýhasynyň, netijesinde türkmen diline terjime edildi we ilkinji gezek halk köpçüligine ýetirildi. Türkmen diline terjime edilen bu eseriň birinji tomunyň  9-njy  sahypasynda alym barada beýan edilen: “Türkmen halky geçmişde tebipçilikde baý tejribe toplapdyr, Halk lukmançylygynyň, tebipçiliginiň synaglardan geçip, biziň günlermize gelip ýeten baý tejribelerini toplap, olary düýpli öwrenmek we häzirkizaman lukmançylygynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, durmuşda peýdalanmagy ýola goýmak döwletimiziň öňünde möhüm wezipe bolup durýar” - diýlen şeýle sözlerden ugur alyp ol ylmy işi  tutuşlygyna öwrenmekligi maksat edindik. 

Onuň birinji kitabynda - lukmançylyk ylmynyň nazary düşünjeleri,  kanuny, esasy, ylmy meseleleri, adam bedeni we hemme beden agzalarynyň anatomiýasynyň gurluşy beýan edilen. Keselleriň sebäpleri, kliniki alamatlary, keseliň  kesgitlenişinde gan damarlaryň pulsynyň (damar urgusynyň) ähmiýeti we ýaşyna hem-de jynsyna görä olaryň aýratynlyklary,  adamyň  ruhy ýagdaýlary ýylyň pasyllaryna, tebigatyň şertlerine görä üýtgeýşi öwrenilen. Şeýle-de bu kitapda esasy orny adamynyň  ömrüniň ýaşaýş döwrüniň dowamynda saglygy goramaklykda iýmitiň, geýim-gejimiň, arassaçylygyň, ukynyň, we ş.m. ýagdaýlaryň ýaşaýyşyň tertiplerine degişli soraglaryň jogaplary beýan edilipdir.

Ikinji - kitabynda, ýönekeý bejeriji serişdeler we olaryň peýdalanyşy barada beýan edilipdir. Bu kitapda 780-den köpräk dermanlyk serişdeler barada ýazylyp, şolaryň 150-den gowragy amaly stomatologiýada giňden peýdalanylýandygy beýan edilen.

Üçünji - kitaby iki bölümden ybarat bolup, adam beden agzalarynyň keselleri: kelle çanakda, huş, nerw, göz, gulak, burun, agyz boşlugynyň, dem alyş, içege aşgazan, peşew ýollarynyň, süňk-muskula, gan-damar, bogun we ş.m. keselleriniň kliniki aýratynlyklary,  olaryň bejeriliş we öňüni alyş ýollarynyň  usullary beýan edilen.

Dördünji - kitabynda bolsa bedeniniň umumy keselleri we olaryň bejeriliş usullary ýazylypdyr.

Bäşinji kitabynda - “çylşyrymly derman serişdeleri” we awy zähere garşy serişdeleriň peýdalanyşy barada takyk maglumatlar  berilýär.
Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabyny öwrenmegimiziň maksady stomatologiýa amalynda duşýan soraglaryň jogaplarynyň üstünde durlup  geçilmekdir. Bizde bar bolan maglumatlara görä, lukmançylygyň dürli ugurlary (hirurgiýa, terapiýa, ýokanç keselleri, farmakologiýa, newrologiýa, gigiena we ş.m.)  boýunça  Ibn  Sinanyň zähmeti barada  giň göwrümli edebiýat çeşmeleri beýan edilipdir. Emma bizde bar bolan maglumatlara görä şu günki güne çenli Ibn Sinanyň kitaplaryndan stomatologiýa degişli soraglaryň üstünde durlup geçilen edebiýat çeşmeleri, makalalary Türkmenistanda, esasanam türkmen dilinde seýrekligi mälim boldy. Bu kitaplary okap öwrenmek bilen, lukmançylygyň stomatologiýa ugruna degişli bolan, köp maglumatlaryň barlygyna şaýat bolduk. Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“ atly kitabyndan ýygnanan dürli görnüşdäki maglumatlara ser salnanda stomatologiýa degişli beden agzalarynyň anatomiýasy, fiziologiýasy, dişleriň gaty dokumasynyň, we agyz boşlugyň nemli bardasynyň  keselleriň kliniki alamatlaryň aýratynlyklaryna, bejeriliş usullaryna we öňüni alyş ýollara degişli bolan baý maglumatlaryň barlygy mälim boldy. Ibn Sina adamyň ýaşaýşynyň dürli döwürleri barada ýazýar: ynsanyň ýaşlaryny döwürlere bölýär, “ösüş döwri” - ýaşlyk ýyllaryna degişli bolup (30 ýaşa çenli),  “ösüş döwüriň tamamlanýan döwri”-(35-40) ýaşlarda), orta ýaşly adamlar (60 ýaşa çenli ), “uly ýaşly adamlar“ (ömüriniň ahyryna çenli) maglumatlary belleýär. Adamyň “ösüş döwründe” çagalyk  döwrüni  şeýle  beýan edýär, çaganyň äň galtaşmasyna (ýokarky we aşaky dişleriň galtaşmasy) olaryň häsiýet aýratynlyklaryna baha beripdir; “süýt dişleriň doly hemmesiniň gaçmadyk we hemişelik dişleriň ösüp çykmadyk ýagdaýy”, mundan soňra “ösüş döwrüniň ikinji tapgyrynda” hemişelik dişleriň ösüp çykmagy we olaryň kökleriniň ösüp kemala gelmegi we äň süňkinde hemişelik dişleriň berkemegi “barada belleýär. Ol  şeýle bellemek  bilen, süýt dişleriň, hemişelik dişlere çalyşýan döwrüni beýan edipdir. Ibn Sina çaganyň şu döwründe ösüp çykyp başlan dişleriniň üstüni başam barmak bilen ýeňiljek basyp owkalamagy we ter gök, miwe, süýt önümleri yzygiderli iýdirmekligi maslahat beripdir. Şu ýerde dişleriň çykýan döwründe umumy beden durnuklylygynyň üýtgeýändigini aýratyn belleýär. Kiçi ýaşly çagalarda dişiň ösüp çykýan döwründe aşgazan, içege ýollarynda we umumy bedeniň beýleki agzalarynda işjeňligiň bozulýandygynam (iýen iýmitini gaýtarmak, uky bozulmak, umumy beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar) aýratyn belleýär. Her bir dişleriň anatomik gurluşyny ýazyp, olaryň umumy sanynyň 32 – ä jemdigini we haçanda akyl dişler çykmadyk ýagdaýynda 28-e deňdigini belläpdir. Şeýle-de dişleriň ýerine ýetirýän işlerine we ýerleşişine görä, olary aýratyn toparlara bölüpdir: alyn ýa-da kesiji dişler iýmit dişlemek, gyýak dişleri iýmiti ýolmak, goparmak we çeýneýji ýa-da köp kökli dişleri iýmiti çeýnemäge we dargatmaga niýetlenendigini şeýle-de dişleriň ösüp çykýan döwürlerini hem belläpdir. Dişleriň kökleriniň anatomik gurluşyny ýazmak bilen, ýokarky we aşaky äň süňkleriniň oýtumlarynda emele gelen boşluklarda dişleriň kökleri oturyp, berk saklanyp durýandygyny belläp, dişleriň kökleriniň daşynda dokuma bolup, ol dokumalar äň süňki bilen dişiň köklerini özara berk birikdirip saklaýandygyny ýagny, periodont dokuma barada beýan edipdir. Şeýle-de dişleriň ýerleşişine we ýerine ýetirýän işlerine görä, çeýneýji dişler iýmit iýlende has köp işjeň gatnaşýanlygyny belläpdir. Ibn Sina dişleriň ösüp çykýan döwründe çaga gataňsy iýmitler (miwe, gök önümler) iýdirmekligi maslahat beripdir. Bu maslahatlar häzirki günlerimize çenli hem saklanyp gelendir. Golýazmanyň 2-nji kitabynda 1-nji bölüminde agyz boşlugynyň, diliň, dodagyň, dişýany dokumanyň anatomiki gurluşy doly we düşnükli beýan edilipdir. Ibn Sinanyň ýene-de bir uly aýratynlyklarynyň biri hem nerw ulgamyna degişli düşünjäni çuň we giň manysy bilen beýan edip bilmegidir. Bu bolsa onuň lukmançylyk ylmynda uly yz goýandygyny ýene bir gezek subut edýär. Ol özünden öň beýan edilen ylmy işleriň esasynda jemlenen pikirleri dürli görnüşde düşündiripdir. Ibn Sina alym Galeniň dişiň duýujylygy barada aýdan pikirini bölýär we şeýle beýan edýär “Geçirilen barlaglaryň esasynda diş duýujylyga ukyply” -diýip doly tassyklaýar we diş bilen kelle beýniniň gös-göni arabaglanyşygynyň barlygy sowuk we gyzgynyň täsiri bilen anyklanyp takyklanýar. Stomatologiýa amalynda häzirki günlermizde-de diş keselleri anyklaýyş barlag işleri geçirlende bu usul giňden peýdalanylýar. Şeýle-de Ibn Sina kelle beýniniň, umumy bedeni, beden agzalaryny we dokumalaryň işjeňliginde möhüm ornunyň bardygyny takyklap kelle beýnisi boýunça şeýle düşünjäni öňe sürýär,. Bu bolsa Ibn Sinanyň materýalistiki düşünjeleriniň bolandygyndan habar berýär. Ol nerw ulgamynyň anatomiýasy barada şeýle beýan edýär. Üçem şahaly nerw damar ”Kelle beýniden (gidýär) başlanýar, dişde we gözde gutarýar” diýmek bilen kelle beýniden gaýdýan üçem şahaly nerw damaryň birinji şahasy gözde we ikinji we üçünji şahalary agyz boşlugyna aralaşyp ýokarky we aşaky äňdäki dişleriniň boşlugynda  gutarýandygyny aýdypdyr. Mundan başga-da “Dişler  süňk dokumasynyň toparyna degişli bolsada, kelle beýniden gaýdýan nerw damarlaryň hasabyna duýýar” - diýip belleýär.  Ibn Sina özüniň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“ atly golýazmasynda  adam bedeniniň dürli keselleri barada ýazyp, olardan diş we agyz boşlugynyň beden agzalaryna degişli keselleriň sebäplerini iýilýän iýmitleriň kabul ediliş düzgün tertipleriniň bozulmagy bilen, baglanyşdyrýar.

Ibn Sina stomatologiki keselleriň kliniki alamatlarynda we ýüze çykarlyşynda: “dişleriň yrgyldamagy”, “dişleriň çüýremegi”, “dişleriň reňkiniň üýtgemegi”, “dişýany dokumada çiş peýda bolmagy”, “dişýany dokumada we agzyň nemli bardasynda ba:ş (ýaranyň) bolmagy we onuň aşgazan-içege ýollary bilen arabaglanyşygynyň barlygy”, “dişýany dokumanyň gyzarmagy”, “dişýany dokumanyň ganamagy”, “dişýany dokumanyň ýellenmegi”, “agyz boşlugyndan gelýän ýakymsyz ys bolmagy”, “dodak jaýrylmagy”, ”dodak ýaralary”, “diliň gyzarmagy”, “diliň üstüne örtülen ýokundylar”  umuman diliň üstüne örtülen ýokundylaryň görnüşine görä, umumy beden kesellerine, esasanam aşgazan içege ýollarynyň kesellerini seljermekdäki ornuny anyklapdyr we şeýle söz bilen beýan edipdir: “agyz boşluk adam bedeniniň aýnasy” ýa-da “dil aşgazan-içege ýollarynyň aýnasy” ýaly adalgalary peýdalanypdyr. Ibn Sina agyz boşlugynyň kesellerini iki topara bölüpdir: dişiň gaty dokuma keselleri we agzyň nemli barda keselleri. Ine bu maglumatlara bolsa, ilkinji gezek keselleriň toparlara bölünüşi baradaky pikir diýip, aýtmak bolar. Şeýle hem bu maglumatlary häzirki zaman stomatologiýadaky peýdalanylýan, keselleri toparlara bölünişiginiň esasy diýip aýtmak bolar. Ibn Sina kesellere bejergi geçirmekde ozal, patologik hadysanyň ýerleşýän ýerini anyklapdyr, dişiň dokumasyndamy? ýa-da dişýany dokumadamy? - diýen ýaly soraglara jogap gözlemelidigini belleýär. Haçanda dişiň gaty dokumasy dargan ýagdaýynda bolup çüýrändiginde we dişýany dokumada adaty ýagdaýda bolup “agyry” bolanlygynda dişiň boşlugyndaky kök akabadaky nerw damarlarda patologik hadysa bardygyny belläpdir. Dişiň gaty dokumasy sagdyn bolup sowuk- gyzgynlygy duýanlygynda, dişýany dokumanyň çişip, gyzarandygynda dişiň nerw damarlarynyň adaty ýagdaýdygyny takyklapdyr. Şeýle ýagdaýlary gözöňünde tutup dişiň gaty dokumasyny we nerw kesellerini (häzirki zamanda pulpit) bejermek üçin aýratyn we dişýany dokuma üçin aýratyn bejergileri geçirmekligi maslahat beripdir. Şol bir wagtda umumy bedeniň bitewüligini berk belläpdir. Belli bir ýerde ýa-da beden agzasynda  kesel bolanlygynda şol ýerden gan aldyrmaklygy ündäpdir. Bejergi geçirilende patologiki hadysa bolup geçýän ýeri dişde, bejergi üçin goýlan derman serişde zaýalanan bolsa, ony dörjelemek we gyryp arassalap aýyrmagyklygy  maslahat beripdir. Şol döwürlerde ýörite dişleri ýonmak üçin ýonujy gurallar peýdalanypdyrlar we dişiň (syrça, dentin, pulpa gatlaklaryna) ýagny syrçadan aşaky gatlaklaryna aralaşypdyrlar we zaýalanan dokumalary arassalapdyrlar. Keselli çüýrän dişleri ýonup, gyryp arassalap bolýan usullary şol döwürlerde öňe sürlen hem bolsa, ondan soňky döwürlerde kesellän dişleriň arassalanan ýagdaýlarynda-da agyry binjalyk ýüze çykýandygy üçinem, diş kesellerini bejeriş işlerini geçirmekligi togtadypdyrlar. Ýöne dişi inçejik ýonujy bilen  gyryp arassalanan ýagdaýynda, dişiň içindäki çüýräp dargan, agyry biynjalygyň sebäbi bolan dokumalary aýrylýar we agyrydan hem keselden saplanmaga peýdalanylýan derman serişdeleriniň gerekli ýerine baryp ýeter ýaly ýol açylýar diýip belleýär.

Şeýle-de emele getirilen diş boşlugynyň içine zyýanly we güýçli täsir edýän serişdeleri ulanmakdan saklanmagy belleýär. Şeýle Ibn Sina bejergileri öňe sürüp, maksadalaýyk bolmadyk ýagdaýynda, “atagzy” bilen sogurmagy maslahat beripdir. Ol diş sogrulanda derman serişdelerden taýýarlanan agyrsyzlandyryjy serişdeleri (erginler bilen çaýkamagy) peýdalanmagy öňe sürüpdir. Mundan başga-da alym haçanda diş yrgyldasa şeýle pikiri öňe sürüpdir “... näme sebäpli diş yrgyldaýandygyny seljermegi (dişe şikes ýetenligi sebäplimi?, diş öz alweolýar oýtumyndan çykanmy?, diş çüýremek bilen bölünenmi?, ýa-da çüýrän dişiň täji dargap üstüne et örenmi?, dişe iýmit ýetmezligi sebäplimi?) belleýär we oňa degişli degerli bejeriş maslahatlary hem öňe sürüpdir: Ýagny “Diş yrgyldaýan tarapda iýmit çeýnemekligi çäklendirmek”, “yrgyldaýan dişe eliň ýa-da diliň bilen degmezligi, yrgyldadyp biynjalyk etmezligi“ şeýle dişleriň sebäplerine görä bejeriş daýandyryş işleri geçirmekligi maslahat beripdir. Ibn Sina ýene-de bejergini sebäbine görä geçirilmelidigini nygtap,  bejergi geçirilende “...çüýräp dargan bolsa, çüýrän ýeri dikeltmeli”, “... iýmit ýetmezligi sebäp bolanynda, kadaly iýmitlenmegi ýola goýmaly”- diýip belleýär. Şu bellenilen  maglumatlara ser salanyňda, Ibn Sinanyň eýýäm şol döwürlerde-de keselleri birek-birekden tapawutlandyrypdyr - diýip aýtmak bolýar we diş kesellerini bejermek üçin usullary maslahat bereninde “ýönekeý” we “çylşyrymly” derman serişdelere, olaryň häsýetleri boýunça-da bejeriji we dikelidiji serişdelere bölüpdir. Şol bir wagtda diş kesellerini bejermekde peýdalanylýan derman serişdeleri agyrsyzlandyryjylara, gan saklaýjylara, berdaşlandyryjylara, gurplandyryjylara, sowuklama garşy, kesel döredijilerden saplaýjy serişdeler, dişleri arassalamak we agartmak hem-de dişleri sogurmak üçin niýetlenen serişdelere bölüpdir. Şeýle-de Ibn Sina derman serişdeleriň görnüşlerine görä külke, hamyr, ýumşak we gaty görnüşlere bölüpdir. Mundan başga-da dişleriň ýüzüne çalynýan, sürtülýän, ýapylýan, çeýnelýän serişdelere-de bölüpdir. Abu Aly Ibn Sina stomatologiki keselleriň öňüni almakda-da ýerlikli maslahatlary beripdir: Bular: dogry iýmitlenmek, agyz boşlugy we dişleriň daşyny iýmit iýlenden soňra dürli görnüşli dermanlyk serişdeler we ösümlikler bilen  çaýkamaklyk, “arahys” (müswäk-arap dilinde sürtmek, süpürmek) agajynyň baldagy ýa-da köki bilen, dişiň syrçasyny (daşyna) seresaplyk bilen dişýany dokuma zeper ýetirmän sürtmekligi, aşa gaty zatlary dişlemeklikden daş durmaklyk, aşa süýji zatlary çäkli iýmeklik, aşa sowukdan soň  gyzgyn zatlary ýa-da tersine gyzgyndan soňra sowukdan saklanmaklyk ýaly pikirlerdir.  Şu ýokarda bellenilen maslahatlar häzirki zaman stomatologiýanyň amalynda-da giňden peýdalanylýar. 

Sözümiziň ahyrynda, adamzat ýaşaýşynda diňe bir taryhy ähmiýeti bolman, alymlaryň bize peşgeş goýup giden ylmy işleriniň häzirki günlerde-de ylmy nukdaýnazar bilen giňden öwrenilmäge döredilýän uly mümkinçilikleri üçin  Türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, alym, çuňňur hormatlanýan Gahryman Arkadagymyza şeýle hem bu asylly işleri dowam edýän Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Olaryň jany sag başy dik bolsun, türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde tutýan tutmly işlerini elmydam rowaç almagy arzuw edýäris.  

Kulow Myratmuhammet Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar