Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip söhbetdeşligi üstünlikli geçirip, iş berijide gowy täsir galdyryp bolar

0
36175

Söhbetdeşlik işe ýerleşmekde möhüm tapgyrlaryň biridir. Elbetde, söhbetdeşlige çagyrylmagyň özi eýýäm size azda-kände ynam bildirilýändigini aňladýar. Söhbetdeşlik geçirilen mahalynda özüňi alyp barmagyň ýa-da bu işe çemeleşmegiň käbir usullarydyr düzgünleri bolýar, olam size iş berijide gowy täsirleri galdyrmaga, özüňizi gürrüňi edilýän käre mynasyp hünärmen hökmünde görkezmäge mümkinçilik berýär. Bu maslahatlara gulak asyp, olara ähmiýet berseňiz, söhbetdeşligi üstünlikli geçirip, «arzuw edýän işiňize» ýerleşmäge mümkinçilik uludyr.

1. Rezýume tabşyrmazdan ozal, işlemek isleýän kompaniýaňyzy gowy edip öwrenmeli. Munuň üçin kompaniýanyň web saýty bilen tanyşmaly bolarsyňyz, internetde onuň işi barada bellenen teswirlere nazar aýlarsyňyz, käbir çeşmelerden peýdalanarsyňyz, mysal üçin, bu ýerde işlän ýa-da işleýän adamlaryň pikirini bilmek ýerlikli bolup biler.

2. Iş sorap ýüz tutýan wezipäňizi — haýsy işleri ýerine ýetirmelidigiňizi, iş tertibini, hökmany talaplaryny öwreniň.

3. Söhbetdeşlik geçirilende iň köp berilýän sowallara jogabyňyzy taýýarlap goýuň: «Az-kem özüňiz barada aýdyň», «Näme üçin biziň bilen işlemek isleýärsiňiz?», «Näme üçin özüňizi bu wezipä laýyk hasap edýärsiňiz?» we «Näme üçin soňky işiňizi taşladyňyz?»...

4. Söhbetdeşlige geýnüwli, ýerbe-ýer egin-eşikli barmaly. Eger ýüz tutýan kompaniýaňyzyň ýa-da guramaňyzyň dress-kody bar bolsa, onda mümkin boldugyça bu geýim koduna ýakyn geýim stilini saýlamaly. Güýçli hoşboý ysly atyrlary aşa köp ulanmaly dälsiňiz, zenanlar bolsa makiýažy artykmaç ulanmaly däldirler.

5. Söhbetdeşlige hiç bir ýagdaýda gijä galyp barmaly däldir.

6. Söhbetdeşlik wagtynda ýygy-ýygydan kompaniýanyň siz bilen söhbetdeşlik geçirýän wekiliniň gözüne seretjek boluň, onuň sözüni bölmäň. Eger size berilýän sorag düşnüksiz ýa-da doly bolmasa ony gaýtadan soramaga, ýa bolmasa-da has anyklaşdyrmagyny haýyş etmäge çekinmäň.

7. Islendik ugur babatda bolsa-da öz başarnygyňyz barada aç-açan ýalan sözlemäň. Tapawutly tarapyň barada azda-kände aýdyp geçseň kemem däldir, emma ýalan sözleseň welin, täze girjek işiňde onuň tiz üsti açylar.

8. Soraglara öz şahsy durmuşyňyza degişli bolan zerur bolmadyk zatlary aýtman hem-de gysga sözler bilen jogap beriň. Artykmaç boljak yşaratlary etmäň, mimikaňyza we intonasiýaňyza-da erk etmäge synanyşyň. Jogap bermekde emosionallyk bilen obýektiwligiň balansyny tapmaga çalşyň.

9. Öz mertebäňizi saklaň. Häzirki wagtda maliýe ýagdaýyň kyndygyny we islendik şertlere taýýardygyňyzy aç-açan mälim edip aýtmaly dälsiňiz (hakykatdanam şeýle bolan ýagdaýynda-da). Şeýle-de bolsa, öz-özüňe aşa ynamly bolmak ýalňyşdyr.

10. Käbir adamlar söhbetdeşlik wagtynda şeýle bir tolgunýarlar welin, hatda potensial iş berijide oňyn täsir galdyranoklar. Eger sizem şeýle bolsaňyz, biraz köşeşmek üçin söhbetdeşlige başlamazdan ozal birnäçe ýönekeý usullary ulanmagy maslahat berýäris:

  • birnäçe gezek uludan dem alyň;
  • eliňizi atanak görnüşde gysyp, özüňize emeli dem berýän ýaly edip, döşüňize birnäçe gezek basyň;
  • «şowlulyk getirýär» diýip yrym-ynanç edýän bir tumaryňyz bar bolsa, ony ýanyňyz bilen alyň.

11. Gowşak taraplaryňyz barada aýtmagyňyzy haýyş ederler diýip taýýar boluň. Jogap beren mahalyňyz özüňizi aşa kiçeldibem görkezmäň, asla kemçiliklerim ýok diýibem ýalan sözlemäň.

12. Ozalky işiňizdäki ýolbaşçyňyzy we kärdeşleriňizi tankyt etmäň. Öň gödek bir sebäbe görä işden kowulan bolsaňyz, bu meseläni şahsyýetiňiz bilen baglanyşdyrman, mümkin boldugyça sada dilde düşündirip boljakdygyny göz öňünde tutuň.

Elbetde, her söhbetdeşlik bir başga bolýar, biriniň geçirjek söhbetdeşliginiň beýleki bir adamyňky bilen deň bolmajagy düşnükli, onuň nähili geçjegin-ä asla öňünden çaklamagam mümkin däl. Ýöne özüňizi mynasyp ýagdaýda görkezmek we şol bir wagtyň özünde potensial iş beriji bilen laýyk sözüň alyşmagy üçin takmyny berjek jogaplaryňyz dogrusynda oýlanyň.

Peýdalanylan çeşmeler: hh.ru; pnu.edu.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar