Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sagdyn bedende - sagdyn diş

0
5128

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy hem ruhy lukmany Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Bu asylly işler Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzda 2014-nji ýylda şahyryň 290 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi biziň aýdanlarymyzyň esasylarynyň biridir. Şeýle hem şol ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe döredijilik çäreleriniň geçirilmegi şahyryň 290-ýyllyk toýuny daşary döwletlerde-de has-da dabaralandyrdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen rowaç alan şahyryň 290-ýyllygynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ylym we bilim edaralarynda ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň, aspirantlaryň şahyryň edebi mirasy, pelsepewi garaýyşlary bilen baglanyşykly makalalarynyň birnäçe ylmy eserleriniň çap edilmegi türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygyny açyp görkezmekde ädilen döredijilik üstünligidir. Şeýle mukaddes başlangyçlaryň bu günki günde-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan hem giň gerimde dowam etdirilýändigi türkmen halkyny diýseň begendirýär hem buýsandyrýar. 2021-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň  gol çeken kararyna laýyklykda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenjekdigi akyldara goýuljak belent sarpanyň nyşanydyr. Şonuň ýaly hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň at-owazasyny ebedileşdirmek hakyndaky tagallasy bilen Köpetdagyň gözel künjeginde medeni seýilgäh toplumynyň döredilmegi we şol ýerde alyslardan görünýän belent heýkeliniň oturdylmagy bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň esasylarydyr. Şeýle asylly işleriň Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň yhlasy bilen has-da rowaçlanmagy halkymyzyň “Atany söýen Watany söýer” – diýen pähim paýhasyna ygrarlydygyny subut etdi. Milli mirasymyzyň, ruhy gymmatlyklarymyz bolan akyldar şahyrlarymyzyň hormatlanylmagy hakyndaky buýsanç her bir türkmeni biparh goýmaýar. Hut şu maksat bilen stomotolog lukman hökmünde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde diş bilen bagly gabat gelýän setirleri jemlemegi we “Türkmenportalyň” okyjylaryna ýetirmegi makul bildim.

Şahyr “Diş gitmek” atly goşgusynda: “Tagam lezzetin alar, Dahanyňdan diş gitmek” diýýär. 

Adamzat ýaşaýşynda möhüm orun eýeleýän iýmitiň lezzetini duýmakda, ony çeýnemekde dişleriň ýerine ýetirýän işleriniň uly ornunyň bardygyny belleýär. Haçanda, iýmit doly we dogry çeýnelmedik ýagdaýynda onuň ýokumynyň ýokdugy, lezzetiniň peselýändigi we umumy bedene şol sanda iýmit siňdiriş ulgamyna zyýanly, oňaýsyz täsirleriniň bardygy, iýmitdäki ýokumly maddalaryň çäkli derejede peýdasynyň bolýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Doly we dogry çeýnelen iýmitiň düzümindäki ýokumly maddalar iýmit siňdiriş ulgamynda oňat özleşip, beden üçin gerekli derman bolup beden agzalary hereket eden ýagdaýynda, oňa güýç-gaýrat berýär hem-de aň- düşünjäniň giňelmegine, ýaşaýyş üçin gerekli bolan ýokumly madallaryň bedende toplanmagyna uly ýardam edýär. Ylmyň subut eden bu üstünligini XVIII asyrda Magtymguly Pyragy şahyrana setirlerde beýan edipdir. Şahyr şol bir wagtda “Diş gitmek” atly goşgusynda: “Ýaman dil – ýol ýitirer, Ýagşy – rahmet getirer” diýmek bilen ynsanyň süýji dilli, hoşgylaw, hoşzyban bolmagyny nygtapdyr. Adama ýamanlykdan zyýanyň gelmegini gowy, ýagşy, agzybirlikli zatlardan üstünlikli işleriň başlanýandygyny aýratyn belleýär.

Adamzat nesli tebigy gurluşy boýunça çaga bolup dünýä inýär, garrap hem dünýeden ötýär. Şol ýaşalýan ömürde wagt geçdigisaýyn beden tapdan düşüp, ynsanyň süňňi garraýar we dişleriniň ýitiligi kütelýär. Bu ýagdaýy şahyr “Ýetişdi salym” diýen şygyrynda şeýle beýan edýär:

-Daryg-a, din üçin ýokdur bir işim,
Ömrüm edalandy, agardy rişim,
Kuwwatym kemeldi, küteldi dişim,
Ýigitlik öwjünde heniz hyýalym.

Her bir setiri ynsan ýaşaýşyna ruhy iýmit bolýan şahyr Magtymguly Pyragy “Garrylykdyr ýaranlar” atly şygrynda ýene-de adam ömrüni suratlandyrýar. Şeýlelikde adam garranynda dişleriniň dökülýändigi, tagam iýmek mümkinçiliginiň çäklenýändigi goşguda çeper beýan edilýär: 

-Hiç tagam iýmäge dişleri batmaz,
Uzakdan gözlese gözleri ýetmez,
Ogul-gyz sözüne hiç gulak asmaz,
Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar.

Agzyny gözleseň bir dişi bolmaz,
Düşek, ýassyk bilen hiç işi bolmaz,
Ýanynda gadyrdan deň-duşy bolmaz,
Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar.

Umuman “diş” sözi şahyryň döredijiliginde esasy ýüzlenilýän, çeper meňzetme, obraz hökmünde ulanylýar. Mysallaryň ýene birinde “Düýşüne degmez” atly goşgusynda şahyr şeýle diýýär:

-Ýoksullykda niçeleriň döwrany,
Ýatyp, ýagşy gören düýşüne degmez.
Niçeler hasratda tapyp köşk-nany,
Bir lezzetli tagam dişine degmez. 

- ýa-da “Başdan dogrusy” şygrynda “Dil bela - diş gala” – diýen pähime eýerilýän pikir şeýle nygtalýar. 

- Namart ýigit aýbyn açar,
Syzdyryp dişden, dogrusy 

- diýmek bilen adam oglunyň aýbyny ýaşyryp gezmegini ündeýär. Başga bir setirinde bolsa adam ogluna  durmuşda ygybarly, hatyrjem, dostlugyň gadryny, sarpasyny bilýän, abraý adyňy goraýan ynsan bilen ýoldaş bolmagy salgy berýär:

Her bir adamyň ýanynda syrly sözleriňi beýan etmeli däldigini, namart adam bilen ýoldaş bolmazlyga çalyşmagy, ajy sözlerden gepden gybatdan daşda bolmaklygy belläpdir. Bu pikire uýulmadyk ýagdaýynda başa belä getirýän diliň gala bolup duran dişlerden hem syzýandygyny çeper suratlandyrypdyr. Bu pikir şahyr “Daş döker” diýen goşgusynda şeýle dowam edýär:

- Akmak bilen syrdaş bolsaň bir sagat,
Pynhan syryň sakla bilmeý, daş döker.
Dostluk açsaň bir biwepa ýar bilen,
Gaýgy birlen dahanyňdan diş döker. 

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ulanylýan diş sözi hakyndaky söhbetimizi “Daşy syndyrar” diýen şygyryndaky şu bent bilen dowam edeliň.

-Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
 Daga azm ursaň, daşy syndyrar.
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
«Paluda» diýen aş dişi syndyrar.

Bu ýerde üçünji, dördünji setirlerde  ynsanyň dişsizligini bagtsyzlyk bilen deňeýär. Undan, baldan, suwdan edilýän iýmit bolan želäniň (gadymy ady paluda) seresap bolup iýmeseň dişiň emalyny bozýandygyny nygtaýar. Diş sözleri çeper ulanylyp birinjide dişiň ötgürligi onuň gaty zatlary çeýnemek bilen owradýandygy ikinjide bolsa sähel zadyň hem dişiňi syndyrýandygy durmuş mysallary bilen suratlandyrylýar. 

Ynsan ýaşaýşynyň dowamynda ýagşy günlerde ýagşy niýet bilen başlanan her bir işiň aňsat, şowuna, ugruna bolýar. Tersine adam bedeninde diş ýaly iň gaty beden agzasynyň bolsa iň bir ýumşak, näzik, süýji tagamlary aşa köp iýlende dargap, pytrap, ejir çekýändigi bize gündelik durmuşdan  mälimdir. Şeýle ýagdaýda sabyrly bolmagy, maksada okgunly hereketleriň soňunda oňatçylyk, bagtly günleriň jemlenýändigini belleýär. Durmuşyň her hili sökelliklerinde, kesellän halyňda berilýän dogry, ýerlikli  maslahatlara eýerip ýaşamagy, baryňa guwanyp, ýoguň hakynda arzuw etmegi ündeýär. Dişiň üsti bilen beýän edýän düşünjelerini şahyr dogry pikir hasaplaýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri ruhy lukman bolup, biziň häzirki durmuşymyzda sagdyn beden üçin maslahat bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň “Gözel sen” diýen atly beýnimizde bekän goşgusynda hem diş barada söz açylýar: 

- Magtymguly halkdan syryn gizlese,
Dişini uşadyň, ýalan sözlese. 

Bu ýerde “dişini uşadyň” sözüniň manysynda dogry, ýerlikli, arassa, halallyk, wagtynda aýdylan sözleriň belli bir bahasynyň ýokdygy, ýalan sözüň ýol almaýandygy, ýaman sözüň ýer tutmaýandygy, ýalan sözli ynsanyň, adamlaryň arasynda abraýynyň ýoklugy nygtalýar. Beýle adamyň il içinde hormatynyň ýitýändigi, hatda nädogry sözlemegiň bedene zor salýan ýagdaýlara alyp barýandygy bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň “Baş ýagşy” şygrynyň içinden eriş-agraç bolup geçýän “diş” sözi häli-şindi agzalyp, adam bedeniniň dürli agzalaryna ýüzlenýär. Ulanylan setirlerinde adam beden agzalarynyň birnäçesine degip geçmek bilen, adam ýaşaýşynyň dowamynda her bir beden agzalarynyň möhüm ornuny aýdyp, şol bir wagtda iýilýän iýmitleriň lezzetini duýmagyň zerurlygy bellenilýär. Bu babatda dişleriň möhüm ornunyň bolmagy aýratyn nygtalýar. Ýaşaýşyň dowamynda ker, kör, lal bolanyňda-da durmuş dowam edýändigini, emma dişler bolmasa iýmitiň lezzetiniň, ýokumynyň peselmegi bilen beden agzalaryna gerek bolan ýokumlaryň mineral maddalaryň, witaminleriň, beslenmeleriň bedende peýdasyz bolup galýandygyny duýan akyldar şeýle beýan edýär: 

- Gulaksyz, gözsüzlik, dilsizlik ýaman,
Aş iýmäge barçasyndan diş ýagşy.

Iýmit siňdiriş agzalarda agyz boşlukda iýilýän iýmit doly, dogry çeýnelmedik ýagdaýynda onuň düzümindäki ýokumlar peýdasyz bolup galýar. Bölünip çykýan iýmit, aşgazana oňaýsyz, zyýanly täsir edýär. Şonuň üçin akyldaryň şu iki sany sözüniň manysyna düşünen adam öz saglygy hakynda wagtynda alada eder we keselleri  bejeriş, dikeldiş, öňüni alyş işlerini geçirmek bilen bagly sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik durmuşynda berjaý etmegi gazanar. garran halynda-da kösençli, dertli, azaply, ýaşamazlygy üpjün edýän ýagdaýda galmaklygy maksat edinmelidir. Adam bedeniniň sagdyn bolmagynda uly orun tutýan dişleriň ynsany bezeýändigi hem bize mälimdir. Şonuň üçin şahyr ynsan gözelligini, zenanlary taryplanda dür dişlerini agzap geçýär. Şeýle setirli goşgularynda onuň “Güle meňzär” atly şygry uly orna eýedir:

- Dişleri dür, agzy gunça, 
Bili inçe – gyla meňzär. 

- diýmek bilen dişleriň, agzyň adam bedeninde gözellik paýlaýan we sagdynlygyň aýnasy hökmündäki beden agzalaryny aýratyn belläpdir hem-de adam bedeniniň  anatomiki gurluşy baradaky pikirini ajaýyp sözler bilen beýan edipdir. Şonuň ýaly hem şahyr, dişiňe zeper ýetirýän närseleri hem şygyr setirlerinde agzap geçýär. Mysal üçin “Nas atan” şygrynda şeýle setirler bar:

- Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dykar,
Zähmiňden döküler dişiň, nas atan.

Çilim çekilende ýa-da nas atylanda belli bir ýaşa ýeteniňde kelle beýniniň zäherlenip, umumy beden keselleriniň dem alyş, iýmit siňdiriş ýollarynyň, şol sanda hem agyz boşlugynda diş keselleriniň ýüze çykýandygy we agyz boşlugyndaky dişleriň dökülýändigi lukmançylykda subut edilen hakykatdyr. Şeýlelikde dogry iýmitlenmek bozulyp, düýpli beden kesellerine alyp barýar. Şol hakykaty has içgin bilen şahyr Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda çilim çekmegi, nas atmagy ýazgarypdyr. Ýeri gelende belläp geçsek her bir çykyşlarynda, duşuşyklarynda, eserlerinde Magtymguly Pyragynyň paýhasly pikirlerine ýüzlenýän Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki wagtda sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek ugrunda milli maksatnamalary kabul etmegi, bu ugurda Birleşen Milletler guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi hakyndaky tagallalaryň naýbaşysydyr. Ýurtda sporta aýratyn üns berilmegi, döwlet tarapyndan goldanmagy we oňyn netijeleriň gazanylmagy “Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” – diýen hormaty gazanan Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan başlangyçlarynyň miweleridir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakyndaky gürrüňimiziň, pikirimiziň Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerine sepleşip gitmegi hem ýöne ýerden däl. Munuň hem sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanyny okanyňda atasy ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň, kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň eserlerini ürç edip okandygy, öwrenendigi bize mälim bolýar. Şonuň üçin ösüp oturan bol miweli daragtlaryň hem köklerine bagly bolşy kimin pederleriniň ömür beýanyndan nusga alýan Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä ýaýylmagy, wagyz edilmegi we ebedileşdirilmegi ugrundaky tagallalary hem başlangyçlary bu günki gün giň gerime eýe bolýar. Baş halypamyz alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Köpetdagyň gözel künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň döredilmegi ol ýerde alyslardan görünýän belent heýkeliň oturdylmagy nesillere goýlan uly ýadygärlikdir, taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işlerdir. Şeýle asylly işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan hem dowam etdirilmegi bizi diýseň begendirýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda halypa-şägirtlik göreldesine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag başy dik, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.           

Aşgabat şäheriniň raýaty Myratmuhammet Kulow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar