Soňky habarlar

Arhiw

Kümüş Täjibaýewa — çeper elli halyçy

0
23584

«Çarhy pelek» türkmen halyçylyk kärhanasynyň esasy maddy gymmatlygy hökmünde bu sungatyň simwolikasy bolan, gadyr-gymmaty heňňamlaryň gujagynda nesilden-nesle geçip, ornuny hiç zat bilen tutup bolmajak derejede sarpalanan gadymy çarh we ik hakydaňa dolýar. Asyrlar aşyp, döwürleriň ruhuny özüne siňdiren bu zatlaryň gymmatynyň hikmeti nämede jemlenýärkä? Bular türkmen medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary.

— Igiň we çarhyň kömegi bilen gadym döwürlerde ene-mamalarymyz goýun ýüňüni egripdirler. Çarh türkmen zenanynyň gündelik zähmetini alamatlandyrýan gural bolupdyr – diýip, bu sungatyň döredijilik syrlaryny ene-mamalaryndan öwrenen, halyçylyk kärhanasynyň ýolbaşçysy Kümüş Täjibaýewa belleýär. — Bu we beýleki halyçylyk esbaplary, olarda galan ýyly elleriň mähri maňa miras galypdyr.

Halyçylar işiniň başlangyjynda goýun ýüňüni egirmek üçin agaçdan taýýarlanan çarhy ulanypdyrlar, çarh guralynyň kömegi bilen süýümi süýüp, tow berip, ýüplük edipdirler. Ikde hem edil şol görnüşde tow berlip, ýüň egrilipdir.

— Çarhyň tigirini köplenç halatda wagtyň, ykbalyň, pelegiň çarhyna hem deňeýärler, bu meňzetme bilen adamlar çarhyň ynsan durmuşyna dürli wakalary bagyşlaýandygyna düşünýärler. Ene-mamalarymyzyň asylly däpleriniň mirasy hökmünde «Çarhy pelek» biziň maşgala gymmatlygymyz, durmuş çarhymyz, başlangyçlarymyzyň üstünlikli boljagyna ynamymyz, döredijilik sepgitlerimiz.

— Çarhy pelek diýmek, durmuşyň aýlanyş-dolanyşyny aňladýar, edil tebigatda hem şoňa görä diýlen ýaly, bu meniň durmuşymda hem edil şol hili. Özüniň kynçylyklary bilen aýlanan çarh ösüşleri we tesişleri bagyş etdi, bu kär bilen aýakdaş çagalarym — bäş gyzym we bir oglum ulaldy, bu kesbiň oňyn netijesi maşgala işewürligimize öwrüldi.

Uly gyzym Laçyn özüniň tikinçilik öýüni açdy, ol oba hojalyk institutynyň «tikinçilik» fakultetini üstünlikli tamamlady. Gyzym Dünýä bolsa, Sankt-Peterburgyň tehnologiýa we dizaýn döwlet uniwersitetiniň sungat fakultetini okap gutardy, Gurbangül bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halyçylyk hünärinde okap bilim alýar.

Aýlaw görnüşdäki çarh Kümüşe hemişe bir zady ündäp durdy, onuň aýlawy edil durmuşda ähli zadyň gezekli gezegine, yzygiderli, dolanyp-dönüp durandygyny, hemme ýagdaýyň ahyrda ýene-de başdan başlap ösüp gidýändigini alamatlandyryp dur. Bir başlangyjyň ahyry, täze işiň başlanýandygyny aňladýar. Ol işiňi darykmazdan dowam etmegi, başlan işiňi ahyryna çenli ýetirmegi pelsepe kimin ündeýär. Şeýdibem, halyçylyk sungatyna gadam goýmak, başyň bilen bu işe girişmek durmuş hakykatyna öwrüldi.

«Çarhy pelek» — ykbalyň çarhy bolup, täze haly dükanyny döretmäge, haly kärhanasyny açmaga açar bolup hyzmat etdi. K.Täjibaýewa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalygyna goşuldy. Onuň bu ugurda işlän ýyllarynyň dowamynda gadymy, XVII — XIX asyrlaryň halylarynyň we haly önümleriniň köp sanlysy dikeldilip, hakyky gölleri bilen gaýtadan dokaldy.

Kärhanada ýokary hilli, seýrek duş gelýän nusgawy halylar, ajaýyp awtorlyk önümler we döwrebap moda kybap gelýän nepis halylar bar. Şeýle hem bu ýerde nusgawy, etniki, gönüburçluk we inedördül, aýlaw şekilli hem-de tegelek halyçalary görmek bolýar. Özboluşly, ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýan, tekiz kilimlerem guzynyň ýüňünden dokalýar. Çeper nagyşlar bilen bezelen çuwallardyr horjunlar, şeýle-de torbalar hem kärhananyň haly önümleriniň hiline güwä geçýär.

Kärhananyň haryt görnüşlerinde gadymy nusgalar hem, Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň: Ahal, Mary, Balkan, Lebap, Daşoguz halyçylyk däpleri esasynda dokalan özboluşly, biri-birinden tapawutlanýan halylar hem bar. Ýurduň bäş sebitinden bolan ussat halyçylar köplenç milletiň taryhy we milli aýratynlygy baradaky gymmatly maglumatlary özboluşly many berýän nagyşlarda ulanýarlar.

— Häzirki wagtda biz haly dokamak işinde ýüň, ýüpek, pagta, durnuklylygy bilen tapawutlanýan tebigy reňk berijiler ýaly önümiň hiline hem-de uzak möhlete hyzmat etmegine täsirini ýetirýän tebigy materiallary peýdalanýarys.

Bütinleý ýüpekden dokalýan gaýtalanmajak öwüşginli halylar ajaýyplygyň, baýlygyň nyşany hasaplanylýar. Olar çitimleriniň ýokary derejedäki dykyzlygy, nagyşlarynyň täsin baglanyşygy hem-de reňkdarlygy bilen tapawutlanýarlar.

Milli halylaryň dizaýn bezeglerinde Gündogaryň nusgawy gölleri, taryhy rowaýat äheňleri, häzirki zaman geometrik çyzgylar, mowzuklaýyn, portret we peýzaž halylarynda sýužet esasly çemeleşmeler uly ähmiýete eýedir. Olaryň esasyndaky kärhananyň haryt görnüşleri islendik interýere we stile kybap geljek halylary saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu halylar öý-ojagy bezäp, interýere täzeçil öwüşgin çaýýar, hakykylyk, kaşaňlyk berýär.

Nusgawy göller bilen dokalan halylar asyrlar aşyp biziň günlerimize durkuny ýitirmän gelen, türkmen halkynyň kalbynyň aýnasy hasap edilýän milli göllere düşünýän adamlar üçin göwne ýakyndyr. Bu babatda nepis gollanma eserinde — türkmen çeper elli halyçylarynyň XVIII-XIX asyrlardaky halyçylyk nusgalary — medeni-taryhy hem-de çeper gymmatlygymyz görkezilýär.

Netijeli we üstünlikli iş alyp barýan işewür zenan öz çeper halylary bilen ruhlandyrmaga, ünsi çekmäge, söýgi döretmäge ukyply, emma munuň üçin onuň ýaly özüňde halyçylyga bolan çyn söýgi bolmaly.

Kümüş Täjibäýewa — halkara we ýerli sergileriň işjeň gatnaşyjysy bolup, türkmen haly sungatynyň ösüşine goşýan goşandy üçin yzygiderli öňdäki orunlary eýeleýär, 2013-nji ýylda bolsa «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen belent derejeli baýragyň, köp sanly döwlet baýraklarynyň we diplomlaryň, gyzlary bilen dokan halysy üçin bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar