Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhurlar nädip pul gazanýar: «Ýyldyzlar» we olaryň biznesdäki öwüşgini

0
53169
Meşhurlar nädip pul gazanýar: «Ýyldyzlar» we olaryň biznesdäki öwüşgini
Surat: ixbt.com

Meşhur adamlaryň käbiri diňe bir döredijilik ukyby bilen däl-de, eýsem, üstünlige beslenen telekeçilik işi bilenem abraýa ýetýär. Döredijilik ýoluny şahsy biznes üstünlikleri bilen utgaşdyrmagy başaran ýyldyzlaryň birnäçesi dogrusynda durup geçeliň.

Surat:droider.ru

Häzirki zaman kinematografynyň diri rowaýaty şahsyýeti hasap edilýän Jeki Çan söwda işini özüniň ýene bir hünäri diýip saýlapdyr. Oňa bütin Hytaý boýunça 38 sany kinoteatr (Jackie Chan Yaolai International Cinema), şeýle-de eko-ulaglary öndürýän JCAM kompaniýasy degişlidir. Mysal üçin, «Hudaýyň ýaragy 3: Hytaý tumary» atly filmde şeýle ekologik ulaglardan 8 müň dollara durýan motosikl ulanylýar.

Jeki Çanyň girdejisiniň bir bölegini «Jackie Chan Design», «The JC Collection» ýa-da «The JC Jeans» ýaly brend önümleriniň hem getirýändigini aýdyp bolar.

Surat:vogue.ru

«Thirty Seconds To Mars» rok toparynyň solisti hem-de aktýor Jared Leto köpleri özüniň garramaýanlygy bilen geň galdyrýar. Şunuň bilen birlikde, ol strategik pikirlenişi bilenem adamlaryň aglabasynyň ünsüni çekýän bolsa gerek. 2000-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap, aktýor dürli kompaniýalara we startaplara üstünlikli maýa goýum goýýar.

Leto interwýularynyň birinde iň şowly maýa goýumlary hökmünde «Uber» taksi hyzmatyny hem-de «Airbnb» ýaşaýyş jaý kärendesi kompaniýasyny belläp geçdi. Aktýor mälim bolşuna görä, maýa goýum çygrynda käbir çykdajylara goýan ýagdaýlara uçrasa-da, bu ugurdaky töwekgelçilikli işini dowam edýär.

2010-njy ýylda Jared Leto artistlere konsert saparlary wagtynda VIP hyzmatlary ýetirämeg ýöriteleşen «Adventures In Wonderland» kompaniýasyny esaslandyrdy. Onuň müşderileriniň hatarynda Merilin Mensony we Blink 182 toparyny bellemek bolar. 2011-nji ýylda bolsa wideo tomaşa etmek üçin niýetlenen «VyRT» platformasyny döretdi.

Surat:glamour.com

Riannany, gürrüňsiz, milliarder hasap etmek bolýar. 2021-iň awgustynda aýdymçy iň baý aýdymçy zenan diýlip, «Forbes» žurnalynyň sanawynda öňdeligi eýeledi. Şol wagt onuň hasabynda 1,7 milliard ABŞ dollary bar eken. Ol girdejisiniň agramly bölegini kosmetik önümleri öndürýän «Fenty Beauty» kompaniýasyndan gazanýar. Umumy biznesde kompaniýanyň paýyna 1,4 milliard dollar düşýär. Tas 300 milliona golaýy bolsa aýdymçy zenana içki geýimleri öndürýän «Savage x Fenty» kompaniýasy getirdi.

2023-nji ýylyň başyna Rianna biznesiniň gerimini has giňeltmegi ýüregine düwüp, «Fenty Kids» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza tabşyrdy. Görnüşi ýaly, ýakyn geljekde çagalar üçin täze brend ýüze çykar.

Surat:edition.cnn.com

Amerikanyň «Forbes» žurnalynyň belleýşi ýaly, dünýäde baýlygy boýunça Riannadan öňde diňe telealypbaryjy Opra Winfri durýar. Onuň baýlygynyň möçberi 2,7 milliard ABŞ dollary diýlip kesgitlenýär.

Telealypbaryjy taryhda ilkinji bolup, garaýagyz milliarder aýal boldy. Winfri kinostudiýanyň, «O, The Oprah Magazine» žurnalynyň, Oprah.com internet resursynyň, radioaragatnaşygyň hem-de «OWN: The Oprah Winfrey Network» kabelli teleýaýlymyň eýesidir.

Opra Winfriniň emläginiň umumy bahasy 210 million dollardyr. Oňa Montesitodaky 17 gektar göwrümli ýer, şeýle-de Santa-Barabara, Maui, Kolorado hem-de Neşwill ýaly ýerlerdäki jaýlar degişli.

Surat:suburbanmen.com

Jessika Alba «The Honest Company» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri. Kompaniýa hojalyk himiýa serişdeleri, çaga kosmetikalary, gigiýena serişdeleri ýaly toksik täsiri bolmadyk, ekologik harytlary öndürýär. Brendiniň şowly bolmagy aktrisanyň suratynyň 2015-nji ýylda «Forbes» žurnalynyň daş ýüzüne neşir edilmegine getirdi.

2019-njy ýylda «The Honest Company» Ýewropa bazaryna çykdy. Bu babatda kompaniýa Ispaniýa, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa we Fransiýa ýalyn ýurtlarda «Honest Beauty» býuti-liniýalaryny tanyşdyrdy.

Biznesiniň çygryny we meşhurlygyny ýokarlandyrmakda Jessika Albanyň hut özi gatnaşýar, ol gepleşikleri geçirmekde, brendiň täze önümlerini işläp taýýarlamakda işjeň çykyş edýär.

Surat:architecturaldigest.com

Riz Wizerspun 2000-nji ýylda «Type A Films» kinokompaniýasyny döretdi. Birnäçe ýerine düşen filmleriň surata düşürilmeginiň netijesinde kompaniýanyň işi has giň gerime eýe boldy. Bu günki günde Wizerspun «Iň täsirli kompaniýalar» diýen ugur boýunça «Time» žurnalynyň sanawyna giren «Hello Sunshine» mediakompaniýasyna eýelik edýär.

Surat:google.com

Hip-hop aýdymçysy Timati hem öz gezeginde Russiýanyň şow-biznes gurşawynda iň baý wekilleriň biridir. 2006-njy ýylda Timur Ýunusow «Black Star inc.» prodýuserlik merkezini ýola goýdy. 2020-nji ýylda aýdymçy bu leýbli taşlasa-da, muňa garamazdan, maliýe üpjünçilik ýagdaýyny durnukly saklamagy başardy.

Timur Ýunusow «Black Star Burger» (burger tory), «Suşi boks», «Black Star Car Wash» (awtoýuwalga tory)  we başga-da köpsanly hyzmatlar merkeziniň eýesi ýa-da paýdary bolup çykyş edýär.

Dogrusy, bu sanaw döredijilik bilen biznesi utgaşdyrýan meşhurlaryň durmuşyndan mysal getirmekde örän gysgadyr. Olary sanynyň ummasyzdygyny aýtmaly. Meşhurlaryň bu sazlaşykly işleriniň esasynda moda we dizaýn gurşawy, çakyr önümçiligi, býuti-senagat, restoran biznesi we beýlekiler durýar.

Peýdalanylan çeşmeler: ru.wikipedia.org; style.rbc.ru; moneymakerfactory.ru; vc.ru; dzen.ru; marieclaire.ua; peoples.ru; glamurchik.tochka.net; woman.forumdaily.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar