Soňky habarlar

Arhiw

Suw — çukurdan membrana çenli ýa-da suwy durlamagyň gysgaça taryhy

0
53467
Suw — çukurdan membrana çenli ýa-da suwy durlamagyň gysgaça taryhy
Surat: ru.freepik.com

Suw — durmuşymyzyň gözbaşy, ol damjasy altyn dänesine deňelýän gymmatlyk. Suw ynsan tebigatynyň özeninde durýan zat. Ýogsa-da, bu günki günde suwuň arassalygy nähilikä?

Häzirki zaman ösen tehnologiýaly suw arassalaýyş ulgamlary bu ugurda iň esasy müşgillikleriň öňüni almagy başardy. Olar tebigy çeşme suwlarynda bolup bilýän, adamyň saglygyna uly howplary getirip biljek bakteriýalardyr hapalary arassalaýar. Emma bu adamzat jemgyýetiniň taryhynyň ähli döwürlerinde beýle bolmandyr.

Gadymy döwürde suwy nähili arassalapdyrlar?

Biziň ata-babalarymyz suwuň dury we arassadygyny onuň reňkine hem-de ysyna ähmiýet berip anyklapdyrlar. Olar eger suwa seredeniňde dury görnüp, ondan içip göreňde ajymtyk kakmaýan bolsa, onda bu suwy içmek bolar diýip hasap edipdirler. Diňe XVI asyrda mikroskopyň oýlanyp tapylmagy bilen adamlar köp sanly keselleriň we epidemiýalaryň suwuň hapalygy zerarly döreýändigine göz ýetiripdirler.

Suwy durlamagyň iň täsirli we gadymy usullarynyň biri-de suw howdanynyň gapdalyndan gazylan çukurlar bolupdyr. Çukuryň içine suw durlanyp geçip ýygnanypdyr.

Suwuň gaýnadylyp ýa-da günüň aşagynda gyzdyrylyp içilmelidigi barada 6 müň ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan gadymy grek we hindi çeşmelerinde bellenilip geçilýär. Şeýle-de şol döwürlerde adamlar suwy çägeden we uly göwrümli daşlardan akdyryp hem arassalapdyrlar.

Biziň eramyzdan öňki 2000-nji ýylda hindiler suwy süzüp arassalamak üçin kömür ulanyp, ony mis gaplarda saklapdyrlar.

Suw arassalamak zerurlygy has-da gadymy müsürlileriň paýyna düşüpdir. Sebäbi olara elýeterli bolan Niliň suwy bulanyk bolupdyr. Bu ýagdaýdan müsür halky baş alyp çykmak üçin gaplary suwdan dolduryp, olary bir gapdan başga bir gaba guýup, uzyn ýüpden ýa-da matadan akdyrmak arkaly kapillýar täsiri esasynda durlapdyrlar.

Mundan başga-da, müsürliler taryhda ilkinji bolup, koagulýantlary, şeýle-de kaliý, natriý we hrom kwaseslerini peýdalanypdyrlar.

Bu ugurda toplanan baý tejribä we bilimlere garamazdan, orta asyrlarda ýaşan adamlar suwy ýakynlarynda ýerleşen howdanlardan almagy, şol bir wagtyň özünde hem olar bu howdanlara galyndy zatlaryny we lagym suwlaryny hem dökmegini dowam etdiripdirler.

Suwy arassalaýan ilkinji stansiýalar haçan peýda bolupdyr?

Şotlandiýa, Peýsli şäheri. 1804-nji ýylda agardyjy sehiň eýesi Jon Gibb ylmy-synagly çägeli süzgüji işläp taýýarlapdyr, onuň arassalan suwunyň artykmajyny bolsa ildeşlerine satypdyr. Şeýlelik bilen, Peýsli suwy süzüp arassalamak işiniň ilkinji gezek geçirilen şäheri hökmünde taryha girdi.

ABŞ, Jersi Siti. Bu ýerde 1908-nji ýylda Bunton howdanynyň suwy natriý hloridiniň garyndysy bilen dezinfeksiýa edilip başlanypdyr.

Biziň günlerimizde

Häzirki döwürde suwy arassalamagyň iň täsirli usuly membranalaryň kömegi bilen arassalamak hasaplanylýar. Bu prosesde suw belli bir basyşyň astynda ýarym geçirijilikli membranadan geçmek arkaly has konsentrirlenen erginden pes konsentrirlenen ergine geçýär.

Aslynda, membrana görnüşli proses 1748-nji ýyldan bäri belli bolup, öňdäki 200 ýylyň dowamynda membranalary öndürmegiň çylşyrymlylygy we gymmatlygy sebäpli ol diňe 1959-njy ýyla çenli, ýagny Los Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň hem-de Kanadanyň Milli barlag birleşmesiniň alymlary tarapyndan tersleýin osmos membranalaryny öndürmegiň iň täsirli usuldygy baradaky pikir öňe sürülýänçä gysga çäkde, tejribehanalarda amaly taýdan öwrenilip gelipdir. Häzirki wagtda dünýä bazaryndaky membrana süzgüçleriniň ählisi diýen ýaly şu usul esasynda öndürilýär.

1977-nji ýylda Florida ştatyndaky Keýp Koral ABŞ-da membranaly süzgüç prosesini giňden ulanan ilkinji dolandyryş merkezi boldy. Bu ýerde başlangyç iş güýji bir günde 11,35 million litr bolan suw arassalama işleri geçirildi. 1985-nji ýyla çenli Keýp Koralyň ilatynyň tiz artmagy netijesinde şäher günde 56,8 million litr arassalanan suwy öndürmäge mümkinçiligi bolan pes basyşly membrana süzgüçleri esasynda işleýän zawoda eýe boldy.

2019-njy ýyla çenli dünýäde 16,000 töweregi suw süýjediji zawod hereket edip, olarda adamlaryň sarp etmegi üçin günde 95 million kub metr arassalanan suw öndürilýär.

Turba arkaly akyp gelýän suwy arassalamak näme üçin zerur?

Krandan akyp gelýän suwy içýänlere garaşýan ýakymsyz täsirleriň arasynda, ilkinji nobatda, suwy agyrlaşdyrýan mineral hapalar bolýar. Şeýle duzlaryň köp mukdaryny özünde jemleýän suw bedene gowy täsir etmeýär we böwreklerde zyýanly zatlaryň döremegine sebäp bolýar.

Surat: ru.freepik.com

Kran suwunyň peýdaly bolmazlygyna getirýän ikinji faktor, dezinfeksiýa suwuna goşulan hlor birleşmeleridir. Hlor suwdaky organiki birleşmeler bilen täsirleşende zäherli maddalar işlenip çykýar. Olary adaty şertde arassalamak ýa-da gaýnatmak peýdasyzdyr.

Öýlere akyp gelýän suwuň düzümi hapalanyp oňa pos gyryndylary düşýär, sebäbi olaryň esasy turbalaryny çekmekde henizem demir turbalar giňden ulanylýar. Poslar bolsa içegäniň işjeňliginiň bozulmagyna we ýaramaz allergik täsirlere sebäp bolup biler.

Senagat kärhanalarynyň zyňyndylary sebäpli tebigy suw çeşmelerine agyr metallar — simap, gurşun, kadmiý, şeýle hem mis düşýär. Agyr metallar bilen bir hatarda tebigy çeşmelere gar we ýagyş suwlary arkaly ekin meýdanlaryndaky ösümlik zyýankeşlerine garşy göreşmekde ulanylýan pestisidler hem düşüp biler.

Suwuň maldarçylyk, guşçulyk we balyk önümçiligi hojalyklaryndaky keselleriň öňüni almak üçin ulanylýan antibiotikler we gormonlar ýaly derman serişdeleri bilen hapalanyp biljekdigini hem az adam bilýän bolsa gerek.

Şeýlelik bilen, senagat taýdan arassalanan kran suwuny tebigy çeşmeleriň arassalanmadyk suwundan has ygtybarly bolsa-da, zyýansyz diýip kepillendirip bolmaz.

Näme etmeli?

Kimse öýüne arassalanan suw sargyt edip, bu meseläniň çykalgasyny tapýar. Bu usulyň ýetmezçiligi bolsa, suwuň iň garaşylmadyk ýagdaýda gutarmagydyr, şeýle-de uly maşgalalarda suwy yzygiderli we ýygy-ýygydan sargyt edip durmaly bolýar. Mundan başga-da, şeýle suw gaplary üçin nasoslar we sowadyjylar köplenç ýerliksiz hem bolup bilýär, olarda galýan çyglylyk zerarly zyýanly bolan galyndylar ösüp bilýär, ýene bir tarapdan, bu gaplardan göni suw guýup almagam oňaýsyzdyr.

Ine, şeýle ýagdaýda hem suw süzgüçleriniň iň ýerlikli çözgüt bolup biljekdigini bellemeli. Olar küýze gap görnüşli, plastmassa kolbaly blok görnüşli (protoçnyý süzgüçler) hem-de has täsirlisi bolan ters osmos membranaly süzgüçlerden ybaratdyr.

Surat: ru.freepik.com

«AquaCom» näme?

«AquaCom» plastmassa kolbaly blok görnüşli süzgüçleri hem-de ters osmos membranaly süzgüçleri müşderilere hödürleýär. Bularyň soňkusy öý şertlerinde has ýokary derejeli arassa, özünde zyýanly galyndylary bolmadyk suwy süzüp almaga ýardam edýär. Munda suw dürli hili hapalary, poslary, bakteriýalary, wiruslary, hlor birleşmelerini we beýleki zyýanly zatlary özünde saklap galýan ýörite membrana gatlaryndan geçirilýär.

«AquaCom» süzgüçleri suwy islendik arassalyk derejesine laýyklykda durlamaga mümkinçilik bermek bilen, diňe bir öýde däl-de, eýsem, basseýniň suwuny arassalamakda, iýmit kärhanalarynda, myhmanhanalarda, kafelarda ýa-da restoranlarda peýdalanylyp bilner.

«AquaCom»-y saýlap almagyň tapawutly tarapy nämede?

«AquaCom» Türkmenistanda tölegsiz eltip bermek we süzgüçleri gurnamak işlerini ýerine ýetirýär. Süzgüjiň kepillik möhleti (24 aýa çenli) heniz dolmanka we dolanyndan soň hem, kärhana bejeriş-abatlaýyş işlerini we süzgüjiň kartrijini çalyşmagy tölegsiz ýerine ýetirip berýär (diňe kartrijiň tölegi tölenýär), şeýle hem islendik suw süzgüçlerini bejerme we hyzmat ediş işlerini amala aşyrýar.

«AquaCom»-a ýüz tutýan adamlaryň ählisine hünärmeniň tölegsiz baryp, öýde, ofisde, iýmit kärhanasynda, restoranda ýa-da basseýnde, mahlasy ähli zerur bolan ýerlerde suw süzgüçlerini şerte görä nähili ulanmalydygy barada giňişleýin maslahat bermegi kepillendirilýär.

Bulardan başga-da, «AquaCom» barada «Turkmenportal» web saýtyndan okap habarly bolan müşderilere PP-kartrij, ýadygärlik sowgatlary hem-de goşmaça üç aýlyk kepillik ýaly görnüşlerde ajaýyp ýeňillikli bonus ýetirilýär. «AquaCom»-y dost-ýarlaryna maslahat berýän müşderilere başga-da dürli hili yzygiderli bonuslaryň berilýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanda «AquaCom» bilen (863) 48-11-10 telefon ýa-da aquacom.tm@gmail.com elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Peýdalanylan çeşmeler: aquaphor.ru; yvk.com.ua; bwater.ru; wiki5.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar