Top.Mail.Ru

Myratmergen Kulyýewiň «Joralary»: adaty durmuşdan taryha pelsepewi nazar aýlamak

0
45656

Nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk bizi gurşap alýan dünýäni — tebigaty, adamzady, zatlary, taryhy wakalary suratlandyrýar. Ýöne olar daşky dünýäniň diňe bir daşky keşbini suratlandyrman, eýsem, awtoryň eserine siňdiren pikirlerini we duýgularyny, özboluşly ideýalaryny-da özünde jemleýär.

Ýöne welin siz düşünip bilýän tomaşaçy bolmagy başarýaňyzmy? Nakgaşlyk eserinde awtoryň näme zat barada pikini aýtmak isländigini görüp bilýärsiňizmi?

Suratlara düşünmegi öwrenmek, awtoryň pikir-duýgularyny hem-de nakgaşlyk eseriniň esasy öňe sürýän ideýasyny duýmagy başarmak maksady bilen hem, «Turkmenportal» habarlar web saýty eserlerine pelsepewi çemeleşmeler mahsus bolan, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Myratmergen Kulyýew bilen söhbetdeş boldy.

Myratmergen döredijilik işi bilen meşgullanýan maşgalada doguldy. Onuň atasy binagär, kakasy suratkeş bolansoň, özüniň belleýşi ýaly, ulalan mahaly kim bolmak baradaky arzuw onuň üçin uly bir sowaly öňde goýmandyr.

«Çagalygymyň ähli döwrüni diýen ýaly agam ikimiz kakamyň ussahanasynda geçirdik. Kakamyň bize ak kagyz hem-de galam berip, haýsydyr bir zady düşündirmek hakda oýlanman, oňa surat çekiň diýipdi. Şol wagtlar 4-5 ýaşymyzdadyk, bir zatlar oýlap tapmak niýeti bilen birnäçe sagatlap oturardyk. Dogrusy, şol döwürlerde başga hünärleriň bardygyna-da bilmändiris. Ulalan mahalymyz kim boljagymyzy bilýärdik, sebäbi bu biziň ganymyzda bardy» – diýip, Myratmergen ýatlaýar.

Häzirki wagtda 30 ýaşly suratkeş birnäçe ýyllaryň dowamynda zähmet çekmek bilen tejribesini artdyrdy, onlarça üstünlikli taslamalary döretdi. Netijede, suratkeş köp sanly döwlet baýraklaryny, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry», «Türkmen bedewiniň milli baýramy» ýaly baýraklary gazandy.

Ol öz döredijilik stili dogrusynda şeýle belleýär: «Hakyky suratlary çekmegi halaýaryn, ýöne aýratyn-da olara anyk simwolizm berýärin».

Myratmergen Kulyýewiň ajaýyp eserlerinden «Joralar» suraty Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ýaşaýjylary bolan bäş ýaşuly zenanyň täsin pursatyny görkezýär.

«Bular hakyky gahrymanlar, olar takmynan 93-95 ýaşlarynda. Gynansak-da, häzirki wagtda olaryň käbiri aramyzda ýok, ýöne bu surat arkaly ýetiren hekaýam biziň bilen hemişelik ýaşar» - diýýär.

Bu suratda Kulyýew bäş sany ýaşuly aýaly şekilini suratlandyrypdyr, olaryň hersiniň öz hekaýasy bar —biri bagtly, beýlekisi bolsa tersine. Hakyky durmuşda olaryň hemmesi ýakyn joralardy, agşamlaryna daşarda oturýardylar, süýji bilen çaý içýärdiler we gürrüňe gümra bolýardylar.

Suratkeş nämäni açyp görkezmek isläpdir?

Suratyň baş gahrymany öňdäki hatarda otyr. Ol ömrüni ýekelikde, durmuşa çykman geçiren, öz söýgüli ýigidini fronta iberip, bütin ömrüni ol hakdaky düýşler bilen geçiren. Ykbal ony söýgüli ýigidinden aýra salypdyr. Onuň gapdalynda gyzlyk, üstünde bolsa söýgüli tahýa ýerleşýär. Onuň ýanynda bolsa bukjasy, üstünde bolsa ýigidiň tahýasy.

Ikinji planda (çepden birinji) durmuşa çykan, emma hiç haçan çagasy bolmadyk zenan otyr. Onuň arkasyndaky fon, edil onuň durmuşy ýaly boşluk. Suratkeş onuň ýagdaýyny açyp görkezýär, onuň ýüreginde gynanjyň bardygyny beýan edýär.

Onuň gapdalynda oturan aýalyň bolsa sekiz çaga bolupdyr, ýöne olaryň hiç biri-de uzak ýaşamandyr. Indi bolsa, bu zenan 95 ýaşynyň içinde edil şahalary kesilen üzüm ýaly bolup, ýekeligine galdy. Onda galan zatlary diňe ýatlamalar we köne surat albomy.

Sekiniň gabat tarapky burçunda dört çagasy, on alty agtygy we 10 çowlugy bolan aýal otyr. Ýöne ol dogabitdi kör bolansoň, çagalarynyň hiç birini görüp bilmändir. Suratkeş suraty synlaýanyň onuň kördügini bilmegi üçin suratdaky zenana hasa beripdir.

Suratyň ortasynda hem durmuşy abadançylyga beslenen aýal otyr. Onuň uly maşgalasy bar: çagalary, agtyklary, çowluklary. Onuň arka tarapynda üzüm bişip dur, çekize halta asylgy, hatda guşlaram maşgala bolup otyrlar. Elinde bolsa ol söýgüli agtyklaryna berjek iň süýji miwelerini saklaýar.

Ýöne bu suratyň awtorynyň bize görkezmek isleýän iň esasy simwoly edil üzümiň şahalarynyň ösüşi ýaly, durmuşyň, ykbalyň dürli öwrümleriniň hem ösmegidir.

Myratmergen Kulyýewiň ýygyndysynda has jikme-jik seljerilmegi talap edýän başga-da suratlar bar. Mysal üçin, «Dowamat» eseri. Bu ýerde aradan çykan enäniň ruhy bilen goralýan täze doglan çaga şekillendirilýär.

«Türkmenler çaga onuň enesiniň ýa-da atasynyň ady dakylsa, ady bilen birlikde bu adamyň rysgaly we goraglylygy hem geçýär diýip ynanýarlar» – diýip awtor belläp geçýär.

M.Kulyýewiň käbir işleri:

«Mähir».

Bu suratda ýeke galan goja bilen ýetim galan guzujyk şekillendirilýär.

Magtymguly.

Beýik akyldar öz hyýalynda täsin dünýäni emele getirýär. Şahyryň şekiliniň arka tarapynda sag gapdalda onuň söýen gyzy Meňliniň keşbi janlandyrylypdyr.

Geljekde durmuşa geçirmek isleýän meýilleri baradaky sowala bolsa M.Kulyýew türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleri bolan Oguz hanyň, Gorkut atanyň we beýleki beýik danalaryň taryhy äheňdäki şekillerini döretmek baradaky maksady bilen jogap berdi.

Şunuň bilen birlikde hem, ol 35 ýaşy mynasybetli sergi guramagy, aýratynam, bu serginiň özboluşly tematikada bolmagyny isleýär.

Mundan başga-da, Myratmergen sungaty milli ugurda ösdürmegi we ony halkara giňişligine çykarmagy ýüregine düwýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar