Durmuşyňyzda we iýmitleriňizde käbir üýtgetmeler girizseňiz size sagdyn bolmaga ýardam berer

0
5302

Zyýanly endiklerden gutulmak ýeterlikli däldir-olary peýdalysy bilen çalyşmak gerekdir. Huffington Postyň ýazmagyna görä iýmit boýunça hünärmenler immuniteti berkimek we özüňizi güýçli duýýar ýaly maslahat berýärler. 



NAHARY STOLUŇ BAŞYNDA OTURYP IÝIŇ



Şeýdip iýseňiz siz azyrak iýersiňiz, iýýän zadyňyz bolsa buterbrody ýöräp baran ýeriňizde ýa-da telewizoryň öňünde ýatyp göreniňizden has gowy siňer.



Şeýle-de diýetologlar umumy paçkadan ýa-da bankadan iýmiti alyp iýmegi maslahat bermeýärler, öz paýyňyzy aýratyn iýiň. Şeýlelikde, mysal üçin siz hozy tarelka aýratyn salyp iýseňiz paçkadan iýeniňizden az iýersiňiz.



“SUWUK KALORIÝALARYŇ” ÝERINE SUW IÇIŇ



Käbir adamlar arassa suwy köp möçberde ýönekeý içip bilmeýändigini, bu nejis we ýüreklerini bulaýandygy barada aýdýarlar. Suwa derek olar miwe suwyny, gazlandyrylan suwy, kofe we çaý içýärler.    Hünärmenleriň aýtmagyna görä, suw içmek-bu işläp çykaryp boljak endikdir. Stoluň üstünde arassa suwly çüýşäni guýuň, ýöne gapaksyz. Her bir ýarym sagatdan kiçijik owurt ediň.  



IÝÝÄN ZATLARYŇYZY YKJAM ÇEÝNÄŇ



haçan-da siz iýýän zatlaryňyzy ykjam çeýnesiňiz, onuň tagamy barada pikir edýärsiňiz, oöa seredýärsiňiz, doýmak duýgusu has tiz gelýär, witaminler we gymmatly maddalar has gowy siňýärler. Bu iýmite bolan düşünjeli gatnaşygy işläp çykarmaga ýardam berýär. 



GALYNDYLARY TAŞLAŇ



Eger-de siz bir zady iýmän goýsaňyz, ony şol wagt hapa salynýan sebede taşlaň, sebäbi galan zady siziň ýene agzyňyza salasyňyz geler, açlyk duýgusy bolmadyk ýagdaýynda-da. Bir saparlyk iýer ýaly bişirmegi we iýmitiň möçberini hasaplamagy endik ediň. 



NÄDOGRY AÇLYK DUÝGUSYNY TANAMAGA ÇALYŞYŇ



Agzyňyza bir zady salmakdan öň “men çyndan hem açmy ýa-da meniň ýüregim gysýarmy/keýpim ýokmy/howsala galýanmy?” diýen soragy bermäge endik ediň. Gara çöregiň bölejigini ýa-da gök almany öz öňüne getiriň-eger-de siz ony iýmäge taýýar bolsaňyz, onda siz dogrudan hem açsyňyz. Eger-de beýle dal bolsa, onda keýpiňiziň ýoklugy ýa-da howsalalyk meselesini başgaça çözmäge çalyşyň.  


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar