Soňky habarlar

Arhiw

Halylara ideg etmek: täsirli we ýerlikli usullar

0
29749
Halylara ideg etmek: täsirli we ýerlikli usullar
Surat:tkaney.ru

Halylar öýümiziň bezeginiň aýratyn bir gymmatlygy bolup durýar, emma olara kir ýoksa ýa-da hapa degse halynyňam, umumy öýüňem bezeginde oňaýsyzlyk döreýär. Bu bolsa ilkinji nobatda nazaryňa ilýän zatlaryň biridir.

Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykaýanda diýip oýlasak, şeýle sowallar göz öňümizde peýda bolup biler — lak ýoksa, ýaşyl ergin damsa, sakgyç ýelmeşse ýa-da aýna gyýçaklary dökülse we ş.m. ýagdaýlarda näme etmeli? Hut şonuň üçinem bu ýagdaýlardan gutulmaga ýardam etjek, onda-da muny öý şertlerinde ýerine ýetirip boljak birnäçe täsirli usullar dogrusynda gürrüň edeliň. Mysal üçin halynyň üstüne gap-gajyň ýa-da lampa çyrasynyň aýna gyýçaklary gaçan bolsa, ony rezin ellik geýip şu usullarda aýyrmak bolar:

  • halynyň ýüz örtügini tozan sorujy bilen birnäçe ýola arassalamak;
  • skotç ýa-da lenta ulanmaly (munda skotçyň ýelimli tarapyny daş  ýüzüne edip, ony birnäçe ýola elimize soramaly) we onuň bilen häzir bolup halynyň ýüzüni arassalamaly;
  • örän amatly usullary biri bolsa — bir bölek hamyry elimize alyp, onuň bilen ýerdäki bölekleri çöpläp çykmak. Şonda ýerdäki ownuk bölejikler hamyra ýelmeşip galar.

Halynyň ýüzüne ýaşyl erginiň dökülen ýagdaýynda ony arassalamak hem ýeňil-ýelpaý iş däldir. 

Esasy bilmeli zat, ergin dökülenden köp wagt geçirmeli däldir. Ol siňdigiçe halyny arassalamak kynlaşýar. Munuň çäresi şeýleräk:

  • birtonly reňkdäki halylary daman erginden arassalamak üçin kir ýuwujy serişde ulanmak ýerlikli. Ony erginiň daman ýerine guýup bir sagat ýaly garaşmaly, soňra bolsa ony süpürip köpürjikletmeli we ýuwup hapasyny aýyrmaly. Ahyrynda bolsa çotga bilen süpürip, guradyjy enjamy tutup guratmaly;
  • marly ýa-da bir mata bölegini wodorod perekisi bilen çyglamaly, ony hapanyň üstünde goýup, 5 minut garaşanymyzdan soň, ak mata bilen gowy edip süpürmeli;
  • edil şu usulda ammiak spirtini ulanyp bileris. Ýöne muny halynyň görünmeýän ýerlerinde barlamak ýerlikli bolar. Suwuklygy guýup az salym wagt geçenden soň süpürmelidir.

Surat: ru.freepik.com

Eger-de halynyň ýüzüne dyrnak üçin niýetlenen lakdan az-kem mukdarda dökülen bolsa näme edip bileris? 

Bu meseläniň hem birnäçe çemeleşme bilen çözüp boljak taraplary bar. Halyňyz gymmat bahaly we lagyň dökülen ýeri az däl bolsa iň gowusy himiki arassalaýyş hyzmatlaryna ýüz tutmak zerurdyr.

Lak serişdesiniň hala azajyk mukdarda dökülen ýagdaýynda ony bal çemçesi bilenem aýyrsa bolar. Şeýle-de muny asetonsyz dyrnak lagyny aýyrýan serişde bilen arassalaýarlar.

  • muňa goşundysyz suwuklyk gerek;
  • halyny ak süpürgiç bilen süpürmeli, sebäbi bu ýagdaýda onuň arassalanýandygy görünýär;
  • arassaçylyk işinden ozal aýnany açyň;
  • eger ak süpürgije halynyň reňki ýokýan bolsa, arassaçylyk işini bes etmeli.

Şonuň ýaly-da wodorod perekisi bilen suwuk sabyny ulanmak ýerlikli bolar:

  1. perekisi suw bilen 1:1 derejede deň garyp, halynyň kir degen ýerine çalmaly, soň bolsa halyny daşarda Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde birnäçe sagatlap goýmaly. Ol şöhläniň düşmegi bilen buga öwrülip arassalanmaly;
  2. 1 nahar çemçesi möçberinde suwuk sabyny ýa-da gap-gap serişdesini gyzgyn suw bilen garmaly. Alan suwuklygymyzy bolsa halynyň hapa degen ýerine guýup süpürgiç bilen gowy edip süpürmeli.

Öý çagaly bolsa, onda hemişe diýen ýaly hala sakgyç ýelmeşen ýagdaýyna gabat gelinýän bolsa gerek.

Halynyň ýüz örtügine gaçan ýa-da has ýelmeşen sakgyjy ilki doňdurmaly. Munuň üçin birnäçe däne buz bölegini pakete salyp, agzyny hem berkidip sakgyjyň üstünde goýmaly. Sakgyç gatanyndan soň, ony kütegräk pyçak bilen sürtüp arassalaň. Eger ondan bölejikler galan bolsa, 9% sirke bilen sabyn garylan garynda süpürgiji batyryp süpürmelidir. Sakgyjyň galyndyly ýerini süpürgiç bilen süpürip, halyny guratmak üçin bir salym goýuň.

Surat: euro-chistka.ru

Ütük bilen ýakylan halyny ozalkysy ýaly etmegiň iň gowy usuly onuň üstüni gaýtadan dokadyp ýetirmekdir.

Munda gaýçy bilen ütük degen ýeriniň ýüzüni usullylyk bilen kesmeli. Peýda bolan oý ýere bolsa suw reňkli ýelimi çalmaly we onuň üstüne laýyk geljek ölçegde halynyň beýleki artykmaç ýerinden ýüň kesip oturtmaly. Bu iş usully bolmagy talap edýär, sebäbi haly ýüňüni deň getirmegem ýeňil däldir. Ol laýyk ýelimlenenden soň, deň ölçegde kesilýär. Eger ütügiň degen ýeri has uly bolsa, onda halynyň has görünmejek ýerinden kesip ütük degen ýeri mata ulanmak arkaly ýamamak bolar.

Bu işleriň ählisi babatda Türkmenistanyň haly önümçilik bazarynda 2020-nji ýyldan bäri işjeň çykyş edip gelýän Lebap welaýatynyň «Kümüş Ýüpek» halaç haly kärhanasy halylara ideg etmegiň oňaýly usullary barada maslahat berýär.

Kärhananyň aýdyň we özbaşyna täsin bezege eýe bolan halyçylyk sungatynyň eserleri diňe ýurduň çäginde köpçülikleýin satylman, eýsem Türkiýä, BAE, Ýaponiýa hem-de Koreýa Respublikasyna eksport edilýär. «Kümüş Ýüpek» kärhanasy müşderilere 100% goýun ýüňünden dokalan halylaryň dürli hili dizaýn, forma, reňk aýratynlykdaky görnüşlerini hödürleýär.

Has giňişleýin maglumatlary almak hem-de sargyt etmek Türkmenistanyň ähli ýerleri üçin ýerine ýetirilýär. Müşderiler şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99; Kärhananyň önümleri bilen turkmen–carpets.com saýtyndan ýa-da sosial media ulgamyndaky hasabyndan tanşyp bilersiňiz.

Peýdalanylan çeşmeler: smartkilim.com; vplata.ru; avalon-carpet.ru; fb.ru; retro-dress.ru; kakpochistit.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar