Soňky habarlar

Arhiw

Halaçly halyçylar Täze ýyla sowgatlyk halylary dokamak hyzmatyny hödürleýärler

10:0902.12.2022
0
22363

2023-nji ýyl — towşan ýyly. Towşan bolsa täzeçilligi, özüne aýratyn ideg edilmegini, sowgat ýaly gowy zatlary halaýan jandar.

Täze ýylyň öňüsyrasynda «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli haly önümlerini sowgatlyk hökmünde dokap bermek hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär.

Hossarlaryňyz we dost-ýarlaryňyz üçin bu ýerde özbaşdak sargyt esasynda dokalan halylar hakyky hem-de peýdaly sowgat bolup biler.

Gündogarda haly önümleri hemişe toý-dabaralaryň bezegi bolupdyr. Halylary ýaş juwanlaryň ýollaryna, toý dabarasynyň esasy ýerlerine düşäpdirler. Myhmanlaryň ýoluna haly düşelmegi hem öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hut şu hili görnüşde hem öý eýeleriniň sarpalanýan myhmana bolan hormatyny mälim edipdirler.

Häzirki wagtda elde dokalýan halylary ýörite dükanlardan, şeýle-de aýratyn dizaýn eskizlerine laýyklykda özboluşly sargytlar esasynda amatly bahalardan satyn alyp bolýar.

Elde dokaýan halylarynda diňe goýun hem-de düýe ýüňleri ýaly tebigy materiallary peýdalanýan halaçly halyçylar olara türkmen milli göllerini ussatlyk bilen siňdirýärler. Bu hili halylar diňe bir ýadygärlik bolman, eýsem, öý-ojagyň ýylylygyny hem döredýär.

Öý eýesine öz şekili bilen bezelen halyny sowgat bermek hem oňa rysgal-döwlet arzuwlamak diýmekdir. Munuň ýaly sowgatlar örän usullylyk bilen ulanylar ýa-da ýadygärlik sowgady hökmünde uzak ýyllap ýygnalyp goýlar.

Halajyň «Kümüş Ýüpek» kärhanasynyň halyçylarynyň ussatlyk bilen dokaýan el halylaryny şu telefon belgileri arkaly sargyt edip bilersiňiz: (+993 61) 58 56 94; (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň