Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti sargyt esasynda kilimleri dokap berýär

11:2216.11.2022
0
29759

Gündogaryň halyçylyk sungatynyň ajaýyp kilimleri baryp Gadymy Pars döwletiniň döwründen bäri meşhurlyga eýedir. Bu hili halyçanyň ilkinji nusgasy takmynan 2500 ýyl töweregi mundan ozal dokalypdyr.

Asyrlaryň jümmüşinde ata-babalarymyz tarapyndan giňden peýdalanylan ikitaraplaýyn türkmen kilim halyçalary häzirki günlerde-de öz gymmatyny gaçyrmaýar.

Bu hili taryhy önümleriň muşdaklary üçin «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti sargyt esasynda dürli islege kybap gelýän kilim halyçalaryny elde dokap berýär.

Pagta ýüplüginden dykyz dokalýan ýumşak halyçalar örän çeper görünýär. Olardaky uly göwrümli çyzgylar bolsa ýakymly duýgy döredýär. Halyçalary iki taraplygyna hem ulanmak bolýar, olaryň her haýsy başgaça täsire eýedir.

Müşderileriň bildirýän islegdir talaplaryna görä, halyçalaryň gölleri we nagyşlary döwrebap, şeýle-de nusgawy häsiýetde dokalyp bilner.

Kilim halyçalaryny dokatmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň