Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt döwletinde berlen diplomy Türkmenistanda ykrar etdirmek üçin zerur resminamalaryň sanawy

0
78312

Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alynan «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä» laýyklykda ministrlik tarapyndan daşary ýurt döwletlerinde okuwyň diňe gündizki görnüşinde okalyp alnan hünär bilimi hakyndaky resminamalar ykrar edilýär.

1. Arza (bellenen nusga boýunça) – 2 sany (el ýazuwynda);

2. Döwlet tarapyndan okuwa ugradylan raýatlar üçin anketa (Bilim ministrliginde berilýär);

3. Bellenen nusga boýunça özi barada maglumat - 2 sany;

4. 4 sany 3х4 fotosurat;

5. Bilim edarasynyň resmi blankynda ýazylan Arhiw kepilnamasynyň asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy (türkmen diline terjimesi bilen – 2 sany);

  • Arhiw kepilnamada aşakdaky maglumatlar görkezilen bolmaly:
  • Arhiw kepilnama Ýokary okuw mekdebiniň resmi blankynda ýazylan; 
  • Okuwa kabul edilendigi, her okuw ýylyndan soňky okuw ýylyna geçirilendigi we okuwy tamamlandygy barada belgisi we senesi görkezilen ýokary okuw mekdebi boýunça çykarylan buýruklar.
  • Buýruklaryň ýanynda okan döwründe okuwyň haýsy görnüşde (gündizki, gaýybana, agşamky) amala aşyrylandygy;
  • Okan hünäri boýunça okuwyň (gündizki, gaýybana, agşamky) görnüşiniň kadalyk ölçeg möhleti (4 ý., 5 ý., 6 ý.);
  • Diplomyň (şahadatnamanyň) seriýasy, san belgisi, berlen senesi.
  • Kepilnama okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň (rektoryň ýa-da prorektoryň) goly bilen tassyklanan, GDA agza ýurtlar üçin döwlet tugraly möhür basylan bolmaly.

6. GDA agzasy bolan ýurtlarda berlen Diplomyň 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda dplomyň asyl nusgasy görkezilmeli. GDA agzasy bolmadyk ýurtlarda berlen diplom Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň konsulluk gullugy tarapyndan kanunlaşdyrylan bolmaly. Kanunlaşdyrylan diplomyň 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda diplomyň asyl nusgasy görkezilmeli;

7. Diplomyň goşundysynyň (ýa-da Diploma Supplement ýa-da Transkript) – 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Resminama tabşyrylanda diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy görkezilmeli;

8. GDA agza ýurtlaryň bilim edaralarynyň akkreditasiýasynyň okuw mekdebi tarapyndan möhür bilen tassyklanan – 2 sany kopiýasy we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi.

9. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler, öňki okuw ýerinden aýratyn arhiw kepilnama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi;

10. Okuw mekdebini okuw döwründe üýtgedenler ilki okan ýerinden akademiki kepilanama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi. Akademiki kepilnamanyň asyl nusgasy ýok bolan halatynda, kopiýasy bilim edarasy tarapyndan möhür bilen tassyklanan bolmaly;

11. Hünärini okuw döwründe üýtgedenler, akademiki aratapawutlaryny özleşdirendigini tassyklaýan kepilnama getirmeli (asyl nusgasy we 1 sany kopiýasy) we 2 sany Türkmen diline resmi terjimesi; 12. Raýat pasportynyň ähli sahypalarynyň kopiýalary – 2 sany;

13. Daşary ýurt pasportynyň ähli sahypalarynyň kopiýalary – 2 sany. Okuw döwründe daşary ýurt pasportyny çalşanlar, resminamalaryny tabşyrmazdan ozal pasportyny çalşandygyny Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärine mälim etmeli;

14. Türkmenistana we okan ýurdyna giriş we çykyş seneleri barada (nusga boýunça) düşündiriş haty;

15. Bir sany Papka (20 faýl sahypaly) we bir sany aýratyn faýl;

16. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar resminamalaryny tabşyrmazdan ozal okandygyny tassyklaýan haty almak üçin Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärine ýüz tutmaly. Okan ýerinden tassyklaýyjy haty geleninden soňra resminamalary iş topary tarapyndan kabul edilýär.

17. Okuwy 2000-nji ýyldan öň tamamlan raýatlar iş kitapçasynyň 2 sany kopiýasyny getirmeli (iş kitapçasy elinde ýok bolsa işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly);

18. Ikinji ýokary bilim hakynda resminama, magistr derejesi hakynda resminama, orta hünär biliminiň ýa-da akademiki kepilnamanyň binýadynda alnan ýokary bilim hakyndaky resminamalar ykrar edilen ýagdaýynda ozalky bilimi hakynda resminamalarynyň 2 sany terjime edilen kopiýalary we bar bolan halatynda Ykrar şahadatnamasynyň kopiýasy - 2 sany.

  • Resminamalaryň terjimeleriniň ählisi möhürlenen we asyl nusagada bolmaly.
  • Resminamalar Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda terjime etdirilip bilner. Resminamalaryňyzyň terjimeleriniň dogrylygyny özbaşdak barlamagyňyzy haýyş edýäris. Bilim ministrligi nädogry edilen terjimelerden ýüze çykýan näsazlyklar üçin jogapkärçilik çekmeýär.
  • Resminamalar tabşyrylanda diplomyň (şahadatnamanyň) we diplomyň goşundysynyň, kepilnamalaryň asyl nusgalary hem-de resminamanyň eýesiniň we tabşyrmaga ynanylan şahsyň pasportlarynyň asyl nusgalary görkezilmeli.
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş topary zerur bolan ýagdaýynda raýatdan onuň daşary ýurtda okandygy barada anyklaýjy goşmaça maglumatlary sorap biler.
  • 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndan öň okuwa girip okuwyň gaýybana görnüşinde tamamlanlar Bilim ministrliginiň resminamalary kabul edýän işgärinden goşmaça maslahat almaly. Resminamalary kabul edýän bölümiň iş wagty: Hepdäniň Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe we Anna günleri 09:00 – 12:30 we 14:00 – 17:00 aralygy. Dynç günleri we baýramçylyk günleri raýatlar kabul edilmeýär.

Ykrar Şahadatnamasy

Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyranlara Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Ykrar Şahadatnamasy döwlet synaglarynyň geçirilen aýy tamamlananyndan soň bir aý möhletde taýýar bolýar.

1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan öň okuwa girenlere döwlet synaglaryny tabşyrmazdan Ykrar Şahadatnamasy berilýär. Döwlet synaglaryny tabşyrmazdan ykrar edilýän resminamalaryň eýeleriniň Ykrar Şahadatnamasy Bilim ministrligine resmi ýüz tutulan senesinden üç aýdan geçmeýän möhletde taýýar bolýar.

Hökümetara ylalaşyk esasynda Döwlet tarapyndan daşary ýurt döwletlerine okuwa ugradylan raýatlara hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigini tassyklaýan Güwähat berilýär. Güwähat esasynda Türkmenistanyň döwlet edaralaryna işe ýerleşeninden soňra işleýändigini tassyklaýan kepilnama getiren halatynda hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanyň çäginde ykrar edilendigi baradaky Ykrar şahadatnamasy berilýär.

Ykrar Şahadatnamasy resminamanyň eýesine gowşurulýar. Ykrar Şahadatnamasy eýesine şahsy pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) we töleg kwitansiýasy esasynda berilýär.

Raýatyň özi tarapyndan berlen Döwlet notarial edarasynyň tassyklan ynanç haty ýa-da harby gullukda bolan raýatlaryň harby bölüminiň tugraly möhri we serkerdesiniň goly bilen tassyklanan Ynanç haty esasynda resminamanyň eýesiniň ýakyn hossaryna ýa-da ynanýan adamyna gowşurylýar. Ykrar Şahadatnamasyny ynanylan adama şahsy pasportynyň asyl nusgasy we onun göçürme nusgasy, bellenen tertipde tassyklanan ynanç haty, töleg kwitansiýasy esasynda berilýär.

Ykrar Şahadatnamasy üçin töleg pulunyň möçberi 98 manat 96 teňňe. Töleg “Türkmenistan” bankynda we Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky şahamçalarynda, şeýle hem, hasap belgisi görkezilende beýleki banklarda kabul edilýär.

Ykrar Şahadatnamasy üçin tölegiň geçirilmeli hasaby:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

HASAP: 231 049 341 101 531 00 000 000

MFO: 390 101 101

S.K.: 101 161 002 566

Ykrar Şahadatnamasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden alynýar.

Ykrar Şahadatnamasyny gowşurýan bölümiň iş wagty:

Hepdäniň Duşenbe, Sişenbe, Çarşenbe, Penşenbe we Anna günleri 09:00 – 12:30 we 14:00 – 17:00 aralygy. Şenbe güni: 09:00 – 12:30 aralygy. Dynç günleri we baýramçylyk günleri raýatlar kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • 44-84-21;
  • 44-85-34;
  • 44-86-36;
  • 44-85-79;
  • 44-84-96.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar