Soňky habarlar

Arhiw

Gawun — türkmen tomsunyň nyşany: bakjalaryň «şasy» barada birnäçe maglumatlar

0
25022

Türkmenistanda tomus paslynyň gelmegine — gawun möwsüminiň gelmegi diýlip düşünilýär diýsek ýalňyş bolmaz. Basym türkmen bazarlarynda dürli hili — togalak, uly, kiçi göwrümli gawunlaryň datly görnüşleri peýda bolar. Türkmen tomsuny gawunsyz göz öňüne getirmek hem mümkin däldir.

Türkmenistanda gawun miwesini söýmeýän adam ýok bolsa gerek. Ol aýdymdyr goşgularyň mazmunynda, nakgaşlyk eserleriniň sýužetinde aýratyn orny eýeleýär. Ony adamlar iýmit hökmünde-de, süýjülik hökmünde hem iýýärler.

Köpler ony süýji tagamy üçin iýmit, köpler bolsa garpyz ýaly miwe diýip atlandyrýarlar. Aslynda bolsa gawun miwe görnüşleriniň hatarynda hasap edilse-de ol hyýar we kädi ýaly önümler bilen kybapdaş bir iýmitdir.

Gawunyň iň köp ösýän ýerleri Kiçi we Orta Aziýa, Hindistan hem-de Afrika sebitleri hasap edilýär. Bu önüm Hindistanda 5 müň ýyl mundan ozal köpçülikleýin emeli görnüşde ösdürilip başlanypdyr. Gawun XII-XIII asyrlarda Ýewropa, birnäçe asyrdan soň bolsa Russiýa getirilipdir. Patyşa Russiýasynda hatda ýyladyşhanalarda hem gawun ösdürip ýetişdirmäge synanyşypdyrlar, ýöne soň bu pikirden dänipdirler (häzirki wagtda gawunlar howanyň sowuk we sowuk howasy bolan sebitlerde ýapyk, içerki şertlerde ösdürilip ýetişdirilýär).

Häzirki wagtda dünýäde gawunyň asyl we gibrid hiliniň bir ýarym müňden gowrak görnüşi bar. Türkmenistanda bolsa gawunyň 400-e golaý görnüşi bardyr.

Gawuny ýöne ýerden dermanlyk miwe hökmünde hasap edenoklar — onuň düzüminde A, C, E, PP, B witaminleri, fol turşusy, ýod, marganes, kaliý, magniý, demir we kalsiý ýaly ýokumly maddalar bar. Gawunda köp süýüm bar, şonuň üçin hem ol rahatlandyryjy serişde ýaly hem hasap edilýär. Şol bir wagtyň özünde bu iýmit pes glisemiki görkezijä eýe (ýagny, gandaky şekeriň derejesini tiz ýokarlandyrmaýar), kaloriýada gaty ýokary däl, 100 gram önüm üçin bary-ýogy 35 kkal, şonuň üçin gawun gysga ekspress berhiziň düzümine hem girýär (bir hepdeden köp bolmaly däl).

Gawunyň düzümindäki kaliý we magniý ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar, demir gemoglobiniň önüp çykarylyşyny sazlaýar, kalsiý süňk dokumasy üçin peýdaly, marganes bolsa bedendäki toksinleri ýok etmäge ýardam edýär.

Gawun göwrelilik döwründe (fol turşusynyň bardygy üçin), böwrekde daşlaryň bolmagynda, bagyr keselinde, ýokary gan basyşynda, rewmatizmde, depressiýada peýdalydyr.

Şeýle-de bolsa, gawunyň özüne ýeterlik zyýanly aýratynlyklary hem bar. Ilki bilen, süýji keseli bilen kesellänler, esasanam 2-nji görnüşde örän ünsli kabul edilmeli, sebäbi gawunda köp mukdarda ýönekeý şekerler — glýukoza, fruktoza we şeker bar. Süýji keselli adamlara hem gawuny ganyndaky şekeriň mukdaryna görä az mukdarda iýmek maslahat berilýär.

Gawuna aşgazan we içege, gastrit, aşgazan ýa-da on iki barmakly içege ýaralary, uly içegäniň çiş keselleri we böwrek ýetmezçiligi ýaly kynçylyk çekýänler üçin-de agyr iýmitdir.

Gawun, esasanam, ambroziýa allergiýasy bolanlar üçin güýçli allergendir, sebäbi ambroziýada gawun belogyna meňzeş belok bardyr.

Bu iýmitiň çaga emdirýän eneler üçinem zyýanly bolmagy mümkin. Şeýle-de ony çaga 3 ýaşaýança bermek maslahat berilmeýär.

Gawuny nähili iýmek maslahat berilmeýär. Ilki bilen, ony suw, süýt ýa-da süýtli içgiler bilen içmeli däldir. Bu içegäniň agyrmagyna sebäp bolýar. Ajöze gawun iýmezlik we alkogolly içgiler bilen kabul etmezlik maslahat berilýär. Apelsinlere ýa-da garpyzlara allergiýaňyz bar bolsa, gawundan hem seresap bolmalydyr.

Gawuny peşewe täsir edýänligi sebäpli esasy, gijesine däl-de, esasy naharlaryň arasynda iýmelidir.

Bişen gawunyň güýçli ýakymly ysynyň, gury galyň sapagynyň bardygyny we agramynyň görnüşinden has uludygy hemmelere mälimdir. Mundan başga-da, bişen gawuny ursaň ýogyn ses çykarýar, bişmedik bolsa top ýaly ses edýänir. Zeper ýeten ýa-da jaýrylan gabykly gawunlary almak hem ýerlikli däldir. Sebäbi jaýryklar arkaly howply bakteriýalar gawunyň içine girip, iýmiti zäherläp bilýär. Iýmezden öňinçä gawuny ýuwmalydyr, sebäbi ol ösende toprakda ýatýar, şeýle-de gawun bazarlarda satylanda hem ýerlerde goýulýar.

Türkmenistanda ösýän «waharman», «gülaby», «garrygyz» ýaly meşhur gawun sortlaryndan başga-da Ýer ýüzünde dünýäniň dürli künjeginde ýetişdirilýän ekzotik gawunlar bardyr. Mysal üçin şahlyja gawun ýa-da kiwano. Ol daşyndan gawuna çalym edip, şahjagaza meňzeýän sapaklary bar. Bu hili gawun žele tagamlydyr. Ýylan şekilli uzyn gawun bolsa 50 sm ululykdaky hyýara çalym edýär. Gaplaňa çalym edýän gawun bolsa diametri 8 sm bolup, daş keşbi boýunça adyndan hem belli bolşy ýaly özünde gara-sary reňkleriň utgaşmasyny jemleýär.
 

Peýdalanylan çeşmeler: kp.ru; sunmint.ru; edaplus.info; foodandhealth.ru; nabahche.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar