Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“Cherchez la femme” ýa-da zenanlaryň ugurtapyjylygynyň taryhy

0
7204

Şeker ýaly ýerini hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak önümi tapmak kyn. Ol elmydama köp isleg bildirilýän esasy onümleriň biri bolmaklygynda galýar. Şonuň üçin bu süyji önümiň taryhyny bilmek biziň her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek.

Gant ýa-da başga söz bilen aýdanyňda kesilen gant diýlip hem atlandyrylýar, adatça çaýy ýa-da kofeni  süýjeltmek üçin ulanylýar. Gant ýüze çykmazdan öň içgilere şekeri belli bir möçberde ölçäp goşmak kyn bolan. Ilkinji kesilen gant 1840-njy ýyllarda peýda bolýar: uly gantlar kiçi böleklere bölünip, soňra agramyna görä aýratyn satylypdyr.

Şweýsariýanyň yaşaýjysy Ýakob Kristof  Rad 1840-njy ýyllarda şekeriň  önümçiligini özleşdirip başlaýar. Enjamlary, esasanam ilkinji bug hereketlendirijisini gurnap, ol önüm bilen diňe ýerli bazary däl, eýsem Bohemiýanyň we Awstriýanyň bazarlaryny hem üpjün edip başlapdyr. Şeýle-de Wena, Praga, Lwow, Brno we Peşt ýaly iri söwda şäherlerinde şeker satyn alyp bolýan firma dükanlary açylýar. Soňra bolsa aýalynyň maslahaty bilen Ýakob Rad şekerlenen miweleri, süýjüleri we şokoladlary öndürip, satyp başlapdyr.

Şeker şerbedi konus şekilli gaplara guýulupdyr we onuň içinde şerbet kristallaşypdyr. Dükanyň tekjelerindäki ahyrky önüm – bu öý hojalykçy aýal-gyzlaryň böleklere bölmeli bolan konus şekilli uly kelle gantlary ekeni. Kelle gandy böleklere bölüp duran pursatlarynyň birinde ýaralanan Ýakobyň aýaly Juliana Rad gandyň böleginiň göwrüminiň kiçeldilmegini gazanýar.  

Üç aýdan soň Ýakob Rad aýalyna 350 sany ak we gyzyl reňkli gandyň kubjagazlaryndan doldurylan daşy saralgy gutyjygy sowgat edipdir. Birnäçe ýyl soňra bolsa ol şeker tozuny pressläp, ondan gant kublaryny ýasamagyň patentine eýe bolýar. Öndürilýän önümler "Çaý önümi" ady bilen çykarylypdyr.

Fransuz nakyllarynyň birinde «Cherchez la femme!» (Zenany gözläň) diyilýär, Ýakobyň we onuň aýaly Juliana Radyň atlary bolsa zenanlaryň ugurtapyjylygynyň nusgawy mysaly bolup, gandyň döremeginiň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Süýji kubjagazlaryň dünýäde gazanan ýeňşine tarap soňky ädim 1870-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy, inženeri we senagatçysy Eýgen Langen tarapyndan işlenip düzülen gandy köpçülikleýin öndürmegiň netijeli tehnologiýasy boldy.

Häzirki wagtda bu tehnologiýa kämilleşdirildi we bu önümiň çykarylmagy dürli görnüşli iýmit goşundylarynyň goşulmagy bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň çäginde şeker öndürýän kompaniýalaryň biri Miweli Ülke hususy kärhanasy bolup, onuň önümleriniň görnüşleriniň içine Hoşwagt söwda belgisi astynda arassalanan şekeriň 5 görnüşi  girýär. Olaryň arasynda ýertudana, malina, limon we başga-da miwe tagamlarynyň görnüşleri bar.

Şeýle hem bu kompaniýa çigit, çipsi, kofe, mekgejöwen taýajyklaryny we glazurlanan bally patraklary öndürmek bilen meşgullanýar. Miweli Ülke kärhananyň sehlerinde öndürilen bu we beýleki önümleriň hemmesi Gazagystana, Özbegistana, Gyrgyzystana, Birleşen Arap Emirliklerine we Owganystana eksport edilýär. Kärhana üpjün edýän geografiýasyny has-da giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Mary welaýatynda ýerleşýän önümçilik sehi ýokary hünär derejeli işgärler tarapyndan ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Kärhananyň özi bolsa öňdebaryjy daşary ýurt azyk önümlerini üpjün edijileri bilen üstünlikli bäsleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar