Arhiw

Awtoulagy gyş möwsümine taýýarlamak

0
6569

Gyş möwsümi - awtoulag hem-de onuň sürüjisi üçin çydamlylyga synag bolup durýar. Çünki awtoulagyň sowuk howada dolandyrylmagy, onuň işleýşine ähmiýetli derejede öz täsirini ýetirýär. Awtoulagyň wagtynda tehniki gözegçilikden geçirilmegi bolsa her hili näsazlyklaryň öňüni almaga we olary aradan aýyrmaga ýardam edýär.

Şu nukdaýnazardan, “Ýakyndar” onlaýn dükanynyň hünärmenleri awtoulagy gyşa taýýarlamak üçin peýdaly maslahatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildiler:

Tekerleriň şinalaryny çalyşmaly

Türkmenistan gurak klimatly, yssy howaly ýurt bolup durýandygyna garamazdan, gyşda garly we aýazly günleriň bolmagy hem seýrek däl, şonuň üçin gyş möwsüminde tekerleriň şinalaryny çalyşmak her bir awtoulag sürüjisi üçin hökmany howpsuzlyk çäresi bolup durýar. Şinalar ulanylýan möwsümi üçin niýetlenen bolmalydyr, ýogsam bu diňe bir ýol-ulag hadysalaryna däl, eýsem ulagyň hereket elementleriniň çalt könelmegine hem getirip biler. Mysal üçin, garda tigiriň duran ýerinde typyp durmagy hereket geçiriji gutynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär.

Şeýle-de, ulagy ulanmak boýunça gözükdiriji resminamasynda görkezilen ölçeglerden uly ölçeglere eýe bolan şinalary ulanmak maslahat berilmeýär, çünki bu ýagdaý awtoulagyň dolandyrylşyna öz täsirini ýetirmek bilen, gyş möwsüminde howply ýagdaýlara getirip bilýär.

Akkumulýatory ýygy-ýygydan barlamaly

Güýçli aýazlarda iň köp satylýan önümleriň biri hem akkumulýator bolup durýar. Alyjylaryň aglaba bölegi awtoulag şaýlary satylýan dükanlaryna hut şu  harydy almak üçin barýarlar, bu hem adaty bir ýagdaýdyr, çünki sowuk howada akummulýatora gaty uly ýük düşýär. Eger akummulýatory satyn almak üçin nobata durmajak bolsaňyz, onda aýaz başlamazdan ozal ony hökman barlagdan geçirmeli we zerur bolan ýagdaýynda akkumulýatory güýçlendirmeli. Şeýle-de elektrolidiň we zarýadyň derejelerini hem ölçemeli.  

Ýaglary we tehniki suwuklyklary çalyşmaly

Eger hyzmat kitabyňyza görä meýilleşdirilen, motor ýagynyň çalyşylmaly güni eýýäm ýakynlan bolsa, onda sowuk howa gelmezinden owal ony çalyşmaga howlugyň. Häzirki wagtda bazarda bar bolan döwrebap ýaglaryň ähli pasyllar üçin amatly bolup durýandygyny bellemelidiris, ýöne hünärmenler degişli ýurduň temperatura şertlerine has laýyk gelýän şepbeşiklik derejesine eýe bolan ýagy saýlamaklygy maslahat berýärler.

Benzin gutusynyň (bagynyň) doly bolmagy, benzobagyň diwarlarynda kondensatyň emele gelmezliginiň şeýle-de ýangyç ulgamyna uly meseleleri döredip biljek suwuň düşmezliginiň kepilidir. Üstesine-de, sowuk howa gelmezinden owal antifriz hem hökmany ýagdaýda çalyşylmalydyr.

Aýna süpürýän enjamlar

Eger, süpürgiçleriňiz size iki ýyldan hem gowrak hyzmat edip, aýnanyň ýüzüne dykyz ýanaşmaýan bolsa, onda olary çalyşmak hakynda oýlanmagyň wagty geldi diýmekdir. Suw sepiji enjamda suwuň bolmagy bolsa, sizi gyş paslynda ýüze çykaýjak kynçylyklardan ençeme gezek halas eder.

Tormoz ulgamy

Tormoz ulgamynyň işine aýratyn üns bermelidir, çünki sürüjiniň ýoldaky howpsuzlygy hut bu ulgamyň ygtybarly ýagdaýda işlemegine baglydyr.  Şonuň üçin wagtal-wagtal tormoz silindrini barlamak, tormoz sazlaýjysyny sazlamak we zerur bolan ýagdaýynda tormoz kolodkalaryny hem-de disklerini çalyşmak maslahat berilýär.

Öýüňizden çykman awtoulagyňyzy gyşa taýýarlamagy “Ýakyndar” internet dükany bilen aňsatlaşdyryp bilersiňiz. Saýtymyzda awtoulagyň ygtybarly işleýşini üpjün etmek üçin dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlaryny, akkumulýatorlary, awtoulag-himiki serişdelerini, awtoulag esbaplaryny, ýaglary we süzgüçleri, tormoz kalodkalaryny we başga-da köp zatlary tapyp bilersiňiz.

Saýtyň amatly gözleg ulgamy, bahaly haryt katalogy, awtoulagy satmak üçin mahabat ýerleşdirmek mümkinçiligi, awtoulagyň tehniki hyzmatyny we onuň gurat saklanylmagyny aňsatlaşdyrýan toplumlaýyn çözgüt bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar