Top.Mail.Ru

Nädip hakyky «Ессентуки» mineral suwuny dogry saýlamaly

0
41075

«Ессентуки» mineral suwy hemmelere mälimdir. Ol diňe bir teşneligi gandyrmagyň oňat usuly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, aşgazan-içege ulgamy bilen bagly dürli keselleriň berhizini saklamaga, insuliniň işlenip taýýarlanylyşyny kadalaşdyrmaga, immuniteti gowulandyrmaga, bedeniň suw-duz sazlaşygyny dikeltmäge we beýlekilere ýardam berýär. 

«Ессентуки» mineral suwunyň meşhurlygynyň artmagy bilen onuň birnäçe ýasama görnüşleri döredi. Olaryň aglabasy daşyndan göräýmäge hakyky haryda meňzeşdir. Şeýle-de bolsa hakyky «Ессентуки» mineral suwuny dogry saýlamagyň birnäçe usuly bardyr.  

Birinji esasy alamat ― Kawkaz daglarynyň ýokarsynda ganat ýaýyp barýan bürgüdiň şekilindäki haryt-nyşanydyr. Ony «Ессентуки» mineral suwunyň plastiki çüýşeleriniň daşynda görmek bolýar. 

Ikinji alamat ― «Ессентуки» mineral suwunyň guýlan aýna çüýşelerinde häzirki wagtda dagyň üstünden ganat ýaýyp uçup barýan bürgüdiň we has iri şekilli haryt-nyşanynyň ady ýerleşdirilýär. Şeýlelikde, hakyky «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlaryny indi eliňe almak arkaly hem tanap bolýar. Siziň daglarda gizlenen bürgüdi dessine görüp bilmezligiňiz mümkin. Emma oňa gözüňiz düşenden soň, onuň özboluşly keşbini hiç ýatdan çykarmarsyňyz. Bu üýtgetmeler diňe aýna çüýşelerine girizilendir. «Ессентуки» mineral suwunyň plastiki çüýşelere guýlan görnüşini öňki haryt-nyşany boýunça saýlap bilersiňiz.

Mineral suwuň hakyky görnüşini saýlamak bilen bagly ýene-de birnäçe maslahatlar bar. 

Ilki bilen, mineral suwuň adyna üns beriň, ol etiketkanyň ýüz tarapynda ýerleşdirilmelidir. «Ессентуки» sözi № 4 we № 17 sanlary bilen bilelikde ýazylmalydyr. Eger-de etiketkada «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» ýazgy bar bolsa, eliňizdäki önüm Kawkaz mineral suw sebitiniň Essentüki şypahana-şäherininiň çäginde ýerleşýän çeşmeden guýlan hakyky mineral suwdur. Şeýle hem hakyky «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlarynyň diňe Essentüki çeşmesinden alynýandygyny bellemelidir. Diňe şol ýerden alnan mineral suwdan onuň tanymal tagamyny we peýdaly häsiýetini duýmak bolýar. 

Önüm öndürijiler «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlarynyň önümçiliginiň ähli tapgyrynda onuň hiline berk gözegçilik edýärler. Muňa etiketkede görkezilen «ГОСТ Р 54 316−2020» belgiler şaýatlyk edýär. Olar tebigy mineral suwlaryň ýokary hil derejesine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu bejeriş mineral suwlarynyň — № 4 и № 17 ýaly iki görnüşi bar.

Meşhur Essentüki çeşmesi mundan 70 million ýyl ozal gadymy deňizleriň we wulkanlaryň täsiri bilen döräpdir. Bu aýratynlyk çeşme suwunyň düzümine öz täsirini ýetiripdir. Mineral suwlar eýýäm 200 ýyl bäri şypahana-dynç alyş maksady bilen peýdalanylýar.

Düzüminde mineral suwlaryň sazlaşýandygy sebäpli, «Ессентуки» özboluşly tagama eýedir. Onda minerallaryň 30-sy, şol sanda kalsiý, kaliý, natriý, bardyr.

Ilkinji «Ессентуки» mineral suwuny öndürýän kärhana 1871-nji ýylda açyldy.  Häzirki wagtda ol «Akwa holdingiň» düzümine girýän üç kärhanalaryň biridir. Olaryň ählisinde hem «Ессентуки» mineral suwy öndürilýär. Mineral suwlary öndürmek boýunça her bir kärhananyň kuwwaty ýylda Kawkaz mineral suwlarynyň 200 milliondan gowrak çüýşelere gaplanan görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçiligiň iň täze enjamlar arkaly ýerine ýetirilmegi önümleriň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün edýär. Häzirki wagtda «Akwa holding» — «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlaryny öndürýän ýeke-täk kompaniýadyr. Bu barada mineral suwlaryň etiketkasynda hem habar berilýär.

 

«Akwa holding» ― Russiýanyň mineral suwunyň çeşmesinde we АО «Кавминкурортресурсы» atly iri Kawkaz mineral suwlarynda şahsy skwajinalara eýelik edýän hususy maýa goýujysy bilen bilelikde döredilen kärhanadyr. 

Kompaniýanyň Türkmenistandaky söwda wekilleri «Ессентуки № 4» we «Ессентуки № 17» mineral suwlaryny öýe ýa-da edara eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýärler. 

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312463787; +99312463788

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar