Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-bitly baýt bilen ýylyň 256-njy gününi näme baglanyşdyrýar

0
37038

Programmistler güni – bu ýylyň 256-njy güni bellenilýän baýramçylyk. 8-bit baýtyň üsti bilen jemi 256 sany dürli manyny aňladyp bolýandygy sebäpli bu san baýramçylyk güni üçin saýlanyldy. Şeýle-de ol 2-lik sanynyň iň ýokary bitewilik derejesi bolup, ol bir ýylyň dowamyndaky günleriň sanyndan köp däl (365 ýa-da 366). 

Bu baýram doly ýylda (fewral aýynda 28 däl-de, 29 gün bolýan ýyl) 13-nji sentýabra, doly däl ýylda bolsa 12-nji sentýabra düşýär. 

Köplenç “programirlemek” sözi ýa-da onuň bilen baglanyşykly islendik zat aýdylanda, adamyň kellesine adatça kompýuter gelýär. Emma, dolandyryş pultundan başlap, içinde programma üpjünçiligi bolan çylşyrymly senagat stanogyna çenli islendik elektron enjamy programistleriň elinden geçýär. 

Programistleriň eden işleriniň miwesi bize gün-günden has köp duş gelýär. Radio diňlemek, telewizor görmek, telefonda gürleşmek we ş.m. amallaryň hemmesi programistleriň döreden gurallarynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda elektron enjamlaryndan durmuşymyzyň ähli ugurlarynda peýdalanylyp, esasan hem senagat, lukmançylyk, ylym we bilim pudaklarynda has köp ulanylýar. Bu kär durmuşymyzdaky ähli ugurlar bilen baglanyşygy bolan kärleriň biri diýip aýtsak ýalňyşmarys.  Şonuň üçin programmist hünäriniň gündelik durmuşdaky ähmiýeti uly bolup durýar. Bu hünär barha ýaýbaňlanýar we şol bir wagtyň özünde häzirki jemgyýetiň öňde baryjy kärleriniň biri bolup durýar. 

Geçmişe ser salanymyzda, programirlemegiň taryhynyň Awgusta Ada Lawleýs (gyz familiýasy Baýron) bilen başlaýandygyny görýäris. Bu zenan hasaplaýjy enjamlaryň zerurdygyna göz ýetirip, adamzat taryhynda ilkinji analitika enjamyny döredýär. Mundan başga-da Ada, Çarlz Bebbijiň "Analitik" enjamyñ "Bernoulli" sanlaryny hasaplaýjy funksiýasyny döredip ilkinji algoritmiñ düýbüni hem tutupdyr. 

Ada Lawleýs özüniň ilkinji hem-de ýeketäk ylmy işinde birnäçe möhüm meseleleriň üstünde işläpdir. Onuň öňe süren pikirleriniň ençemesi häzirki zaman programirlemekde hem uly ähmiýete eýe. “ADA” atly programma diliniň döredilmegi bilen Ada Lawleýsiň ady taryha altyn harplar bilen ýazyldy. 

Häzirki wagtda programistler her gün gelejege garap, döwrebap kompýuter toruny özgerdýärler, maglumaty goramagyň ulgamyny döredýärler, kwant hasaplamanyň kynçylyklaryny ýeňip geçýärler we älemiň ewolýusiýasynyň modelirleme işini amala aşyrýarlar. 

Maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän islendik adama maglumat tehnologiýalarynyň hünärmeni diýip bolmaýar. Sebäbi bu ulgam öz içinde onlarça ugurlara bölünýär. 

Mysal üçin, programist programmalary, ýagny emeli dilde görkezmeleri ýazýan hünärmen bolýar. 

Testçi, programist tarapyndan ýazylan programmalarda ýalňyşlyklary we näsazlyklary gözleýän adam. 

Ulgam administratory programmalaryň, enjamlaryň, hasaplaýyş enjamlarynyň işjeňligine gözegçilik edýär. 

Ulgam derňewçisiniň wezipesi programmanyň konsepsiýasyny döretmekden, programmanyň ýerine ýetirýän funksiýalarynyň toplumyny kesgitlemekden, programma degişli resminamalary taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. 

Intefeýs dizaýneri – programmanyň daş keşbini döredýän hünärmen. 

Ýokarda ýazylanlar maglumat tehnologiýasy ulgamyndaky hünärleriň hemmesi bolmasa-da, bu sanaw maglumat tehnologiýasy hünärmenleriniň işleriniň köp dürliligini düşündirýär. 

Türkmenistanda hem programistlere uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda Döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan täze maglumat tehnologiýalary kärhanalary döredilip, öňki hereket edýän kärhanalar öz işlerini giňeldýärler. Türkmenistanda sanly ulgama öz ähmiýetli goşandyny goşýan öňde baryjy kärhanalaryň  hatarynda “Takyk Çeşme” HJ, “Türkmen-Tranzit” HJ, “Aýdyň Gijeler” HJ, “Asman Oky” HJ, “Akylly Tilsimat” HJ, “Agzybirlik Tilsimaty” BK ýaly kärhanalary görkezmek bolar. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin türkmen maglumat tehnologiýalary kärhanalaryna dürli ugurlarda onlarça innowasion tehnologiýalary döretmek zerur. Şol sebäpden hem gelejekde bu ulgamda uly ösüşleriň amala aşyrylmagyna garaşylýar. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar