Soňky habarlar

Arhiw

“Tmcell Sazz” hyzmaty – saz muşdaklary üçin egsilmez aýdym-saz çeşmesi

1
37703

Türkmen bagşylarynyň aýdymlaryny we dünýäniň meşhur aýdym-sazlaryny onlaýn görnüşde nireden diňläp bolýar? Sizi “Tmcell Sazz” hyzmaty bilen tanyşdyrýarys.

“Tmcell Sazz” hyzmaty we onuň maksady näme?

“Tmcell Sazz” – “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderilerine dürli aýdymlary diňlemek üçin hödürleýän hyzmaty.

Aslynda “Tmcell Sazz” hyzmatynyň ady “Çäksiz saz” hyzmatydyr. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ýörite “Tmcell Sazz” mobil goşundysyny telefona gurnamak zerur bolup durýar. Goşundynyň adyna öwrenşilendigi sebäpli, bu hyzmat halkyň arasynda “Tmcell Sazz” ady bilen tanalýar.

Adyndan belli bolşy ýaly, hyzmat arkaly “Altyn asyryň” abonentleri üçin çäksiz, dürli žanrdaky aýdymlar hödürlenýär. Häzirki wagtda “Tmcell Sazz” mobil goşundysynyň üsti bilen 300 müňe golaý aýdym diňläp bolýandygy aýdylýar.  

Goşundyny nireden almaly? Nädip peýdalanyp bolýar?

Bu sanly hyzmatdan peýdalanmak üçin zerur bolan talaplar:

  • “Tmcell Sazz” ykjam goşundysy;
  • “Çäksiz saz” hyzmatynyň telefon belgä birikdirilen bolmagy.

“Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Çäksiz saz” hyzmatyny birikdirmek üçin:

  • Telefonyňyzda *0809*11# aýlamaly.
  • Hyzmatyň bahasy 1 aý üçin: 10 manat.

“Tmcell Sazz” goşundysyny hem “Google Play”-dan, hem “AppStore”-dan alyp bolýar.

Goşundynyň amatly taraplary

Islendik wagtda dürli görnüşli aýdym diňläp bolmagy, internet birikdirmesiniň zerur däl bolmagy, sada, düşnükli we ýönekeý interfeýsiniň bolmagy, aýdymlaryň žanrlara we kategoriýalara bölünen bolmagy, tiz gözleg menýusynyň bolmagy we aýdymlaryň sanawynyň yzygiderli artyp durmagy.

Siz onlaýn aýdym diňleýäňizmi, haýsy web-saýt ýa-da goşundy ulanýarsyňyz?

Bize ýazyň, biz hem okyjylarymyza ýetireli.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar