Telefon arkaly awia we demir ýol peteklerini satyn almak şeýle-de, PÝGG jerimelerini tölemek diýseň aňsat

0
89603

Giň gerimli sanlylaşdyrmak işi bize diňe bir internete we islendik maglumata aňsat elýeterliligi bermek bilen çäklenmän, eýsem, öýde ýa-da edarada oturan ýeriňden käbir amallary ýerine ýetirmäge hem mümkinçilik berdi.

Hakykatdan hem, öňler, aýdaly, öý telefonyna ýa-da ýol hereketiniň düzgüniniň bozulandygy üçin jerime töleglerini etmek üçin degişli edaralara barmaly, nobata durmaly bolýardy. Gerek harydy gözläp dükanlara aýlanyp çykmak-ha ondanam köp güýji hem wagty talap edýär. Uçara ýa-da otla petek almak üçin bolsa, hökman wokzala ýa-da aerokassa barmaly.

Indi, sanalyp geçilenleriň aglabasyny «Saraý» mobil programmasynyň kömegi bilen uzak aralykdan ýerine ýetirmek bolýar. «Saraý» — internet-marketi, käbir hyzmatlar üçin tölegleri uzak aralykdan amal etmek üçin portaly we «bildirişler tagtasyny» özünde jemleýän köpugurly internet meýdançadyr.

«Saraý» mobil programmasy Android üçin bolşy ýaly, IOS üçin hem elýeterlidir. Profildäki sazlamalar arkaly (bellige alnanyňdan soň), özüňe amatly dili — türkmen ýa-da rus dilini saýlap bolýar.

Programmanyň baş sahypasynda öý we mobil telefonlaryna, IP-TV, Türkmentelekomyň we AŞTU-nyň internetlerine, şeýle hem ýol gözegçilik gullugynyň jerime töleglerine onlaýn töleg etmek üçin bölümler bar. Şol ýerden şeýle hem uçar we otly üçin petekleri internet arkaly satyn alyp bolýar.

Uzak aralykdan petek satyn almak ulgamy gerek senäňi saýlamaga, zerur ugry we adam sanyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Jerime tölegleri bölüminde diňe bir olary tölemek däl, eýsem, töleg taryhyň bilen tanyşmak, ýol gözegçiligi gullugynyň soňky täzelikleri bilen tanyşmak we ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly kanunlardan habardar bolmak mümkindir.

Bulardan başga-da, «Saraý» onlaýn söwda etmäge mümkinçilik berýän internet meýdança bolup durýar. «Elektronika», «Öý üçin», «Egin-eşik», «Market», «Gozgalmaýa emläk» we beýleki bölümler size gerekli harydy saýlamaga ýardam eder. Çünki bildirişleriň ählisinde fotosurat bar. «Saraý-da» satylýan sarp ediş harytlarynyň gerimi örän giňdir: oňa azyk önümleri, himiýa serişdeleri, egin eşikler, öý üçin harytlar, gap-gaç, gurluşyk materiallary girýär. «Saraý» telefondaky gipermarket diýseň hem bolar. Bu ýerde hususy söwdegärlerden başlap, internet dükanlarynyň harytlaryň bildirişleri ýerleşdirilýär.

«Kafe» bölüminde restoran tagamlaryny, konditer önümlerini ýa-da tiz tagamlary sargap bolýar. Kategoriýalaryň her biri kiçi toparlara bölünip, zerur bolan harydy ýa-da hyzmaty gözlemekligi ýeňilleşdirýär.

«Saraý» giňe gerimli internet meýdança bolanlygy sebäpli, onda şeýle hem hyzmatlar ulgamynyň bildirişleri hödürlenilýär. «Hyzmatlar», «Sport we dynç», «Toýlary we dabaralary guramak», «Gözellik we saglyk», «Okuw kurslary» bölümlerde olar bilen tanşyp bolýar.

Mundan başga-da, «Saraý» programmasy iş gözlemek ýa-da işgär almak (iş berijiler üçin) işini hem ýeňilleşdirýär, munuň üçin «Iş» diýen bölüme seredip, boş iş orunlary ýa-da iş anketalary bilen tanşyp bolýar.
«Dermanhana» bölümi, adyndan belli bolşy ýaly, öýsen çykman, gerek bolan derman serişdelerini, şeýle hem görüş üçin harytlary gözlemäge mümkinçilik berýär. «Aw we balykçylyk», «Sport we dynç» bölümlerinde dynç alşa we güýmenjä degişli bildirişler ýerleşdirilýär.

Internet arkaly biletleri onlaýn sargamak we gözlemekden başga-da, ýokarda sanalyp geçilen hyzmatlaryň ählisi «Saraý» programmasynyň saýtynda  www.saray.tm elýeterlidir.

«Saraý» programmasy endik eden zatlarymyzyň köpüsini -  söwda etmek, dürli çeşmelerde zerur maglumatlary gözlemek, hyzmatlary tölemek üçin dürli guramalara barmak ýaly işleriň ýerini tutup biler. Internet hyzmatlary pudagynyň ösmegi bilen bu hereketleriň ählisi, başga-da köp zatlar, öýden çykman, diňe telefon düwmelerine basmak ýa-da kompýuteriň "syçanjygyna" birnäçe gezek basmak arkaly amala aşyrylyp bilner.

 

 

Şeýle-de okaň:

Wideo:

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar